Azajyk pikir edip, ömrimdäki iň bagtly geçen günler ýadyma düşdi... ol günler hem çagalyk döwrimde bolupdy. Elbetde hemme kişiňem çagalyk döwri ajaýyp döwir.
Diýmek şu mowzuk esasynda biziň çagalyk döwrimiz bilen häzirki çagalaryň çagalyk döwrini deňeşdirmekçi. Meniň pikirimçe biziň günlerimiz has hem şat geçipdi. Çünki bizi ene-atalarymyz öýe salyp bilmezdiler. Elmydama haçan görseň daşarda çagalar bilen oýnap ýörend iris. Garnymyz ajyganda öýe gelerdik))
Bize mekdep döwrimizde hem kän düşündrýädiler, çagalyk çalt geçer diýilip....
Top tapsak birimiz tutuş obanyň oglanlary bolup oýnardyk. Gündizine top oýnap agşamsyna bolsa üýşip telewizor görerdik. Ýaşymyz ulaldygyça gerekmejimiz artýardy. Bukullym we beýleki gyzykly oýunlarymyz kändi. Bize az owlak oýnawaç hem bolsa bolardy. Bolan zatlar bilen günimizi görerdik.
Garaz şeýlelik bilen gyzykly geçen günlerimiz kän boldy. Men käbirlerini agzap geçdim, sizem isleseňiz teswirde öziňiziň çagalykda gowy gören zatlaryňyz, gowy gören oýunlaryňyz barada belläp bilersiňiz. Men umumylykda aýtdym))
Indiki çagalara öýdenem çykaryp bolanok. Elektron enjamlaryna tüweleme bizden ökde. Köplenç çagalaryň daşarda oýnaýandyklaryny görýän, ýöne şondada ellerinde telefon)) Telefonlardaky oýunlarynda boýnyma alaýyn men olardan utulýan. Bizem öz döwrümizde enem-atamyzyň ýanynda özimizçe tehnikadan başy çykýan adamlar ýalydyk, gelejekde biziňem çagalarymyz şeýle bolarmyka diýýädim.
Garaz her bir adamyň öz çagalyk döwri özine eziz. Şonyň üçin, biziň döwrimizň bir tapawudy tehnika az boldy we ol döwür şu wagky ýagdaýy ýokdy, şonyň üçin hemme oýunlarymyz daşardady, ekranyň aňyrsynda däldi. Onsoňam şu wagtky çagalar menden owadan geýinýärlerow))
Oýlanma. Çagalyk döwrimiz.
Bilim,
PROLIGA
tarapyndan
16-04-2023, 21:24