IDEALLIDER-iň toplan täsinlikleri 1

1. Dogabitdi kör adamlar düýş görenoklar. Olar düýşi ysgap, elläp, eşidip bilýärler.

2. Berilli(himiki metalyň ady)-den ýasalan pružinler ömürlik diýilenýaly. Olar 20 milliard gezek açylyp-ýapylmaga ukyply. Ine şu sebäpli hem berilliý-metaly "ömürlik argynsyz-ýadawsyz" ada eýedir. Meňzeş edilip ýasalan beýleki polat pružinler bolsa bary ýogy 300-400 müň gezek açylyp-ýapylmaga ukyplydyr.

3. Ylym-bilime näbelli sebäplere görä 2006-njy ýyldan bäri, ýer ýüzünde bal-arylarynyň sanawy gaty bahym azaldy. Eger şu ýagdaýda gitse, onda 2035-nji ýylda bal-arylary ýer-ýüzünden ýitip giderler. Muň bilen diňe bal däl, eýsem köp görnüşli güllerem, köp miwelerem, köp maňyzlaram, köp görnüşli bakja ekinlerem ýok bolup ýitip gider. Sebäbi arylar gülleri tozgalandyrýarlar. Bir ary maşgalasy bir günde 3 million ösümligi tozgalandyrýar. Adamlar entek, tozgalandyrmagyň başga görnüşini oýlap-tapanoklar.

4. Sapsan-laçyny(Latyn dilinde "Falco peregrinus") ýer-şaryndaky iň ýyndam-çalt jandardyr. Ol öz awyna hüjüm edende, onuň tizlgi 320 km/sagatda.

5. Hytaýyň däp-dessuryna laýyklykda, myhmançylykda nahar iýeniňizde şapbyldap-şupbuldap iýmeli. Eger şeýle etmeseňiz onda öý-eýeleriniň göwnüne degersiňiz. Ýene desterhana, salfetkalara, saçaga nahar damjalary damdyrmagy hem soklardan çala-çula dökmegide unutmaň. Mundan başgada öý-bikesine gül sowgat bermek bolmaýar.

6. Eger akulalary ýüzdürmän, bir duran ýerinde saklap dursaňyz, onda akula demigip öler.

7. Gurluşukda, sungatda we astranomiýada uly özgerşmeler eden günorta-indeýliler, diňe Hristofor Kolumb geleninden soň tekeri bilip galdylar.

8. Adamyň beýnisi ortaça 100 miliard neýrondan ybarat. Her neýron başga 25-30 müň neýron bilen bagly. Her minutda embrionyň içinde 250 müň neýron döreýär.

9. Facebook-yň döredijisi Mark Sukerberg, 25 ýaşynda miliarder bolýar. Bil Geýts bolsa 31 ýaşynda

10. Moskwadaky gatnaýan 666-nomerli awtobusuň nomeri, dini adamlaryň gohlary boýunça 616-a üýtgedildi. Soňra yzy bilen Moskwadan Ostaşkow aralygynda gatnaýan 666 belgili poýezdiňkihem 604-e üýtgedildi. (Hristian dini ynançlara görä 666 san belgi, bu Şeýtanyň belgisi. Eşitmişlerime görä şu belgi bilen Şeýtan ahyr-zamanany başlajakmyşyn)

Internet sahypalaryndan toplan: IDEALLIDER.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, IDEALLIDER tarapyndan 18-04-2023, 17:16

  • Gerceknazar Gerceknazar off № 1 18 апреля 2023 17:41
    Seniň üçin ýörüte bet edip blog saýt açyp beresim gelýärdä. Wordpress-den açyp beräýsemmikäm. Şular ýaly täsinlikleriň hersiniň arasynda suratyny goýsaň hasam gowy bolýar.
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 2 18 апреля 2023 17:58
    Gerceknazar,
    Sylagyňa sagbol, hormatym uly. Ýöne saýt ýöredip bilemok. Işim köp. Bu kiçiräjik güýmenjäm. Gelejekde agtyklar "Atamam tm inetda yz goýupdyr" diýsinler diýip paýlaşaýýan. Nikimi görkezip senem paýlaşyber??
    Jogap
  • epifiz epifiz off № 3 18 апреля 2023 18:36
    3. Ylym-bilime näbelli sebäplere görä 2006-njy ýyldan bäri, ýer ýüzünde bal-arylarynyň sanawy gaty bahym azaldy. Eger şu ýagdaýda gitse, onda 2035-nji ýylda bal-arylary ýer-ýüzünden ýitip giderler. Muň bilen diňe bal däl, eýsem köp görnüşli güllerem, köp miwelerem, köp maňyzlaram, köp görnüşli bakja ekinlerem ýok bolup ýitip gider. Sebäbi arylar gülleri tozgalandyrýarlar. Bir ary maşgalasy bir günde 3 million ösümligi tozgalandyrýar. Adamlar entek, tozgalandyrmagyň başga görnüşini oýlap-tapanoklar.

    Bal arylary ýok bolsa assa yuwaš ahyr zaman bolar-diyiba kan aydyarlar, daš etsin...
    Gowy mowzuk bolupdyr malades yetirip dur
    Jogap
  • Belki Belki off № 4 18 апреля 2023 19:14
    Hytaýlylara gerek myhman ekenim )
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 5 18 апреля 2023 19:34
    Belki,
    Hytaýly tanyşlarym bar, Hytaýa gideňde myhman zat boljak diýseň. Özüm aýdaryn olara koronowirusy ýaýradan "ýarganat çorbasyndan" taýýarlap goý @Belki aga üçin diýip. ?
    Jogap
  • danger danger off № 6 18 апреля 2023 21:19
    Hytayda isiniz yok.. olañ ozlerine yer yok o yerde
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 7 18 апреля 2023 21:30
    danger,
    Uruşdan soň göllede otur...
    Jogap
  • Гость Гость off № 8 18 апреля 2023 21:40
    3. Ylym-bilime näbelli sebäplere görä 2006-njy ýyldan bäri, ýer ýüzünde bal-arylarynyň sanawy gaty bahym azaldy. Eger şu ýagdaýda gitse, onda 2035-nji ýylda bal-arylary ýer-ýüzünden ýitip giderler. Muň bilen diňe bal däl, eýsem köp görnüşli güllerem, köp miwelerem, köp maňyzlaram, köp görnüşli bakja ekinlerem ýok bolup ýitip gider. Sebäbi arylar gülleri tozgalandyrýarlar. Bir ary maşgalasy bir günde 3 million ösümligi tozgalandyrýar. Adamlar entek, tozgalandyrmagyň başga görnüşini oýlap-tapanoklar.



    - şuň sebäplerini anyklajak bolýan bir peredaça berdi arada, iki-üç günlükde. Görüp bilmedim soňuna çenli. Ýöne esasy sebäbi bal arylaň arasynda ýaýraýan pandemiýa sebäpli eken. Kesellän arylar beýlekilere kesel ýokdurmazlyk üçin keteklerini terk edýän ekenler (başga ýerde ölmek üçin). Şol sebäpli boşap galýan eken ary ketekler, ýagny hemmesi keselleýä we çykyp gidýä keteginden.
    Alymlar iş alyp barban ekenler bulaň gelejegi üçin. Belki soňlugy bilen keselini anyklamak we bejermegiň ýolyny taparlaram. Možet byt şol gepleşikde bejergisi barada aýdandyrlaram (bejergisini tapandyklary barada). Ýöne soňuna çenli görüp bilmedimda (
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 9 18 апреля 2023 21:59
    Гость,
    Dunyo Boylabdan berdimi
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler