Dogulmankam günäm näme!?

Eje, sen howsalaly, men duýýan. Sebäbi seň ýüregiň çalt urýar. Ýüregiň çalt urşuny bilmegimiň sebäbi bolsa seň ýüregiňe gönümel hem başga manydada iň golaýy men ahyry. Sen meň ejem. Men güjüjegemdäl, pişijegemdäl, guşjagazamdäl, men seň bir bölejigiň, sen ganyň hem damarjygyň. Eje, bu dogtarmy, biz dogtara geldikmi!? Ýok bu ýere gelmäli, gideli, seňem, meňem janymyz sag ahyry. Eje men gorkýan. Eje sen dogtara aglap nämeler diýýäň!? Nämçün beýle ýatýaň? Eje ol erbet dogtar, oň pikiri niýeti gara men duýýan. Ýok, sen meni aýyrjak bolýaňmy? Ýok beýtme, beýle bolmaz. Men seniň bölejigiň ahyry jan ejem. Allajan maňa "ýerde perişde bardyr, oň ady ejedir" diýipdi ahyry. Sen meni goramaly ahyry, tersine ýok etmelidälä. Eje meň günäm näme!? Beýtme, men ýaşaýyn. Bolýa, ýalňyşypsyňyz, gahary menden çykarmaň ahyry. Dur eje, beýtme, men saňa söz berýän, men iň gowy, iň owadanja, ajaýyp hem akyllyja çagajyk bolaryn. Seň bilen bileje ýatyp seň bilen bileje begenerin. Dur ejeee beýtmäýdä. Haýşt edýän. Ýanym bilen jennediň ysyny getirerin ynanaý maňa ejemjan janym ejem. Ejem ulalamsoň egniňden galdyraryn, garranyňda söýeg bolaryn. Beýtmäýda haýşt edýän beýtme beýtme. Goý men dogulaýyn, bu dünýäni göreýin. Eje bu dogtar meni öldürer, ondada gorkuňç edip öldürer. Ilki aýajyklarym, soň eljagazlarym, göwräm hem kellejigim bölek-bölek bolup eräp akyp çykar. Bu dogtara beýtme diýäýdä. Saklaýda. Hiçkim bizi aýyrmasyn ejemjan. Biz hiç-haçan görüşmejegimizi gözöňüňe getir janam ejemmmmjan. Nämçün meni ýigrenýäň? Wah käbäm, bu edenleriň bilen ALLANYŇ öňüne nädip barjak!? Menden razy bol!

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, IDEALLIDER tarapyndan 19-04-2023, 09:33

  • Гость Гость off № 1 19 апреля 2023 09:47
    Abort edilende diri çaga bölekläp alynýan eken ýatgydan. Gözöňüňize gelýämi, öz çagaňyz böleklenýä siziň rugsadyňyz bilen. Aýagy, eli, kellesi. Apdega gitmäge ýaltanmaň, gaýrat ediň! Sähel pula berýä şony beter. Beter çydap bilmeseňiz şony ulanyň how.
    Bizde gaty gowy kanun çykarylan-da şu barada. Abort edip tutulan doktor 25 ýyla basylýa. Şonda-da gorkman boýun alýanlar bar'aý şol işi pul üçin. Etrapda bir wraç bardy, pully adam. Şonça mal-mülküne kanagat etmän abord'am edýän eken. Gitdi 25 ýyla
    Jogap
  • setdars setdars off № 2 19 апреля 2023 09:56
    Söýgiñ gadryn näbilsin keýpe giden gözeller...
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 3 19 апреля 2023 13:17
    Гость,

    Abortda bizin bolnitsada 2 gezek tutuldy hazirem ishlap yor. o diyyan dogtoryn gowja tolan daldir
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 4 19 апреля 2023 13:19
    Abordy etmek un ilki bn ene gynalya sebabi matka baryan yoly gyryalare
    Jogap
  • Гость Гость off № 5 19 апреля 2023 13:19
    Seksopotolog..........,
    Tölemek bilen galyp boljak bolsa galmalylaň biri şolam. Ol sypanlaň goltgysy daýawdyr
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 6 19 апреля 2023 13:20
    chagany bolek bolek almak unem azyndan matka baryan deshik 3 palka achylmaly (3 barmak sygmaly) 4 palka 4 barmak sygsa shol ene chaga dogmaga tayyn boldugy
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 7 19 апреля 2023 13:55
    Seksopotolog..........,
    Sen teswirleriňi ylmy-dilde ýazsaň hakyky lukmanlygyň subut bolýar, a köçe dilde ýazsaň wenezzyna, psih-manýaklygyň!
    Jogap
  • Dudu Dudu off № 9 19 апреля 2023 14:47
    Men yaly bedibagyt barlygy name ucin duyna getirdinn Eje !?
    Jogap
  • Dudu Dudu off № 10 19 апреля 2023 14:49
    Indi bolsa islemesemde barlygymy dowam etdirmek ucin yashayan
    Jogap
  • Dudu Dudu off № 11 19 апреля 2023 14:50
    Adamlar kate islemeyan zadynam isleyandir
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 12 19 апреля 2023 15:25
    IDEALLIDER,

    wenezzyna diyip nikasyz doglana aydylyar. Psih diyip kellesinde akyl yoga aydylyar. Manyak diyip kocede adam olduryanlere aydylyar. Dosoglan azajygam bolsa sylashykly bolaly
    Jogap
  • ssaparay ssaparay off № 13 19 апреля 2023 16:22
    Ejesi howadan gapandyr ony, ýa öz-özi beremenny bolandyr. Dogry!
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 14 19 апреля 2023 19:33
    Seksopotolog..........,
    Sylag bar, köpçülikde edebiýatlaşdyrsaň. Köre mälim, çeperleşdirmäge söz tapman paýradypýörenleriň nähili niýetleriniň barlygy.
    Jogap
  • Seksopotolog.......... Seksopotolog.......... off № 15 19 апреля 2023 20:16
    IDEALLIDER,

    dogtorlarda uyat bolmaz. Yanyna baryp gorsen bilersin. menem sholan dilinde gurleyan
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 16 20 апреля 2023 08:57
    Seksopotolog..........,
    Sen "Lukmanlar köpçülikdede, ýekelikdede seňkiýaly islendikzat diýýärler, köplük ýekelik tapawudy ýok" diýjek bolýaňmy!? Hatda ahlaksyzlar hem köpçülikde islendikzat ýazanoklar. Bukulyp gezýärler. Düşnükli sen hiç-hili lukmançylykdan hünäriň, okwu-bilim, düşünjäň ýok. Sen feýk.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler