Bolup bilmedi.
Durmuşa düşünýär kynçylyk çeken,
Şol kynçylyk çeken gülüp bilmedi.
Adamy köp söýseň ýigrenýär eken,
Hiç kimem bolşum deý bolup bilmedi.

Ünsüň nirde bolsa, güýç şol ýerdedir,
Hemme adamlara edipdim hödür,
Şatlykly ýylgyryş, ummasyz gadyr,
Bir hormatyň ýerin dolup bilmedi.

Iş düşmek her kimiň başyna geler,
Biz utulyp galdyk olar utdular,
Haýyşyn bitirdik soň unutdular,
Hiç gidenler yza dönüp bilmedi.

Käte gitmek gerek gadryň ýok ýerden,
Dawut hiç keýp diýip geçmegin serden,
Ýalňyş gürläp kalplar ýykyldy her dem,
Suwsan bu göwünler ganyp bilmedi.
Dawut Hojageldiýew.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Parahat tarapyndan 20-04-2023, 13:41

  • Yusupahmet93 Yusupahmet93 off № 1 20 апреля 2023 16:04
    Oran gowy, manyly goshgy. Öz kalbyny il kalbyna goşmak isleýär şahyr ät galýar. Hemmäni özi ýalydyr diýip hasaplaýan liriki gahryman ahyr soňy tamasynyň çykmadyk närselerinden kejigýar. Goşgy düşnükli we her setiriň msnysynda köňül isleginiň puç bolup çykýan ahmmyryny duýýarys
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler