Belkäm bu ýazjak zatlarymy öñ köp ýerden eşidensiñiz ýa-da okansyñyzam.
Meniñ siziñ bilen paýlaşmak isleýän zadym köne döwür bilen täze döwüriñ arasyndaky tapawut. Esasanam adamyñ durmuşyna tehnologiýa gireninden soñ, adamlaryñ nähili üýtgändigi. Men edil mundan 40-50 ýyl öñki durmuşy görmedim emma ýaşuly adamlaryñ agzyndan köplenç: ‘’ Hany ol köne döwür’’ diýilen sözü hemmämiz köp eşidendiris.
Edil beýle könelere gitmegem gerek däl, şuwagtky döwür bilen mundan 10-15 ýyl öñki döwüriñ arasynda hem uly tapawut bar. Meniñ çaga wagtym, ýaş wagtym edil şuwagtky ýaly tehnologiýa ösen däldi. Hat-da telewiroz hem reñkli däldi.
Emma ol wagtlar maşgala bolup saçaga oturamyzda günlük bolan zatlar hakynda gürleşilerdi. Emma indi bolsa, bir maşgalada saçaga oturylan wagty biriniñ elinde telefon, biriniñ gözü telewizorda. Hat-da çagasy ejesine bir zat soramakçy bolsa, ejesi gözünü telewizordan hem aýyryp bilenok. Bu bolsa maşgala içindäki aragatnaşykda mesele döretýär. Men çaga wagtym daşarda oýnalardy, gumda oýnalardy, top bolsun, 5 daş bolsun ýene bir başga bir topar oýunlar oýnalardy. Indi bolsa ýañy okuwa giden çaganyñ elinde hem telefon bar. Indiki çagalar özüni kampýuterden,telefondan aýyryp bilenok. Hemişe her adamyñ soraýan soragydyr: ‘’ Munça wagtlap telefonyň başynda näme edýärsiñ?’’. Gaty gowy sorag. Hat-da käwagt bu soragy özümden hem soraýan. Men näme edýärin munça sagatlap telefonda. Adamlary edil beýle özüne baglaýan zat näme…
Elbetde tehnologiýa bu döwürde gerekli zat. Sebäbi adamlaryñ işini añsatlaşdyrýar, ýöne şol bir wagtyñ özünde adamlary adamlardan daşlaşdyrýan zat. Öñküsi ýaly kän bir üýşüp oturup gürrüñ edip, çaý içýän adam ýok. Herkim gürleşjek zadyny internet arkaly gürleşýär goýýar. Ara daş bolsa bolýar emma ara daş bolmasada şeýdýän adamlar bar.
Ýaşlaryñ eline telefon we kampýuter bermeseñiz durmuşy gyzykly we şadyýan bolar emma bu iki enjamy eline berseñiz onda hem gaharly, hem ýadow bolar şol bir wagtyñ özünde hereketleri hem üýtgäp başlar.
Elmyda internet arkaly oýunlar, başga adamlar bilen gürrüñler. Bu sebäpli bolsa ýaşlarda ýaltalyk ýüze çykyp başlaýar. Bu sebäpli tehnologiýa degişli hemmezady öwrenýär emma daşaryk çykanda garşysyna has üýtgeşik bir dünýä çykýär. Hat-da käbir adamlar bar, ençeme gün öýünden daşaryk çykman kampýuter,telefon başynda wagtyny ýitirýär.
Meniñ bu aýdan zatlarym tehnologiýany garalamk däl. Bu döwürde tehnologiýadan uzak durup ýaşamak kän bir mümkin däl. Hat-da tehnologiýadan daşda bolan adamlar kösenýärler diýsemem bolar. Sebäbi bu durmuş bizi mejbur edýär. Gowy taraplary hem bar, meselem maşgalasyndan daşda ýaşaýan adamlar öñler bir hat ugradanda bir näçe hepde soñ barýan eken . Emma indi islän wagtymyz gürleşip bilýäris, sms arkaly habarlaşyp bilýäris, hat-da ‘’imo ’’ ýaly programmalary ulanyp birek-biregi görüp hem bilýäris. Ỳöne esasy zat tehnologiýa biziñ durmuşymyzy nähili derejede üýtgetdi.
Bizi birek-birekden nähili derejede daşlaşdyrdy. Bilemok belkäm meniñ bu meselä garaýşym üýtgeşikdir. Emma men birhili çagalyk döwrümi küýsämok diýsem ýalan bolar. Şu wagt her zat elimiziñ aşagynda.
Tomus aýynda ýaplara ýüzmäne giderdik. Miweler ýetişende agaçlara münüp ýygnardyk. Käwagt ýykylardyk aýagymyz elimiz ýara bolardy. Ỳöne gyzyklydy. Çynymy aýtsam beýle zatlar indi galmady diýilen ýaly. Indiki çagalar, ýaşlar öýdenem çykanok. Kän beýleki çagalar bilen dostlygy ýok diýilen ýaly. Öñler garyndaş- dogan bolup hepdede bir gezek üýşülerdi. Tapçanda oturulup nahar iýilerdi. Indi bolsa dogan-dogandan bizar, garyndaş-garyndaşdan bizar. Adam adamy göresi gelenok.
Belkäm bu zatlaryñ hemmesine tehnologiýa günäkär däldir emma köpüsine tehnologiýa sebäpl boldumyka diýip pikir edýärin. Soñunda şuny belläp geçmek isleýärin, tehnologiýany taşlap bolmaz emma ony çaklyrak ulanylsa has gowy bolarmyka diýip pikir edýärin. Durmuş üýtgeýär emma öñki adamkärçilik, öñki gatnaşyklar, öñki süýji durmuş üýtgemese has gowy bolarmyka diýip pikir edýärin.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, PROLIGA tarapyndan 20-04-2023, 17:51

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler