MUGALLYM

Mugallymyñ ady hanym Tompsondy. Ol 5-nji synp okuwçylarynyñ öñünde dik duran ilkinji gününde olara ýalan sözläpdi. Mugallymlaryñ aglabasy ýaly olara garap ählisini deñ derejede eý görýändigini aýtdy. Bu mümkin däldi, çünki ol ýerde, iñ öñde partasyna göýä gömülen ýaly bolup oturan kiçijek okuwçy bardy.
Ady Teddy Stoddard. Geçen ýyl hanym Tompson Teddyda syn geçirip, onuñ beýleki çagalar bilen oýnap bilmeýändigini, eginbaşlarynyñ mydama kirli, özüniñ hem suwa düşmeli ýagdaýdadygyny görüpdi we Teddynyñ tukat bolmagy mümkindi.
Hanym Tompsona işleýän mekdebinde her bir okuwçy hakyndaky geçmişdäki ýazgylara ser salmak wezipesi hem berlipdi we Teddynyñ maglumatlaryny iñ soñuna goýupdy. Onuñ bukjasyna ser salanynda geñ galdy. Çünki:

Birinji synp mugallymy:

- Teddy zehinli çaga, üstesine-de ýeriñ ýarygyna gülüp biler. Öý işlerini wagtynda ýerine ýetirýär, hoşgylaw...Dostlary onuñ ýanynda bolmakdan hoşal...- diýip, ýazypdyr.

Ikinji synp mugallymy:
- Añrybaş okuwçy. Dostlary tarapyndan eý görülýän. Emma öýde ejesiniñ gutulgysyz keseli ony gynandyrýar. Onuñ öýdäki durmuşy agyr...- diýip, belläpdir.

Üçünji synp mugallymy:
- Ejesiniñ ölümi oña ýokuş degdi. Kakasy ogluna ýeterlik derejede üns berip bilenok. Eger düzedilmese, öýdäki oñaýsyz durmuş oña täsirini ýetirer - diýip, ýazypdyr.

Dördünji synp mugallymyna seretsek:
- Teddy dymma, okuwa hiç hili gyzyklanmasy ýok, dosty ýok we käte synpda uklaýar- diýipdir.

Häzir hanym Tompson meseläni çözüpdi we özünden utanýardy. Okuwçylar oña daşlary owadan kagyzlar bilen saralan, bezemen dañyly täze ýyl sowgatlaryny getirenlerinde özüni has-da oñaýsyz duýdy. Teddynyñ ýadygärlik sowgady goñur gödeñsi kagyza emelsiz saralypdy. Muny beýleki okuwçylaryñ öñünde açmak oña juda yza berdi.
Käbirleri kagyzdan çykan ýasama daşlardan edilip, birnäçe daşy gaçan bilezigi we üçden bir bölegi doly atyr çüýşesini göreninden soñ gülmäge başladylar, emma mugallym bilezigiñ neneñsi sypaýydygyny aýdyp, atyrdan birnäçe damjany bilegine damdyryp, olaryñ bu gülkileriniñ soñuna çykdy.
Şol gün sapakdan soñ Teddy mugallymyñ ýanyna gelip:
- Hanym Tompson bu gün diñe ejem ýaly ýakymly ysyñyz bardy - diýdi.
Çagalar gideninden soñ mugallym bir sagada golaý wagt aglady. Şol günden soñam okuwçylara okamak, ýazmak, matematika öwretmegi goýbolsun edip, olara terbiýe bermäge başlady. Tedda aýratyn üns berdi. Onuñ bilen iş salyşýarka zehininiñ täzeden janlanýandygyny duýdy. Ony batyrgaýlandyrdygyça çaga kämilleşýärdi. Ýylyñ ahyryna çenli Teddy synpyñ iñ göreldeli okuwçylaryndan biri bolupdy.
Mugallymyñ "Hemmäñizi deñ derejede eý görýärin" ýalanynyñ tersine, Teddy onuñ iñ oñat görýän okuwçysy bolupdy.
Bir ýyl soñ gapysynyñ aşagynda bir bellik tapdy. Teddydendi. Ömründe gabatlaşan iñ oñat mugallymynyñ oldugyny aýdýardy. Ondan täze bellik alýança alty ýyl geçdi. Belliginde lisseýi gutarandygyny, synpyndaky iñ oñat üçünji okuwçydygyny we hanym Tompsonyñ henizem ömründe gabatlaşan iñ oñat mugallymydygyny aýdýardy.
Dört ýyl soñ ýene bir hat aldy Teddyden. Oña çenli wagtyñ onuñ üçin kyndygyny çünki uniwersitetde okaýandygyny we örän oñat netije bilen uçurym bolmak üçin kän yhlas etmelidiginiñ zerurdygyny ýazypdy. Hanym Tompson henizem onuñ ömründe gabatlaşan iñ oñat mugallymydy.
Soñ ýene bir dört ýyl geçdi we ýene bir hat geldi. Örän oñat netije bilen uniwersitetden uçurym bolandygyny we has-da öñe gitmek isleýändigini ýazypdy. Hanym Tompson henizem onuñ ömründe tanan iñ oñat we iñ söýgüli mugallymydy. Bu gezek hatyñ aşagyndaky gol biraz uzyndy. Theodore F. Stoddard Medisina ylymlarynyñ doktory.
Bu hekaýa bu ýerde gutaranok. Ýazda ýene bir hat aldy hanym Tompson. Teddy ömründe duşup biljek iñ oñat gyz bilen tanyşandygyny we tomusda durmuş gurjakdyklaryny ýazypdy. Kakasynyñ birnäçe ýyl mundan öñ ýogalandygyny hanym Tompsonyñ toýda öýlänýän ýigdiñ maşgalasy üçin goýlan ýerde oturyp-oturmajagyny sorapdy. Elbetde, oturyp bilerdi.
Näme bolandyr öýdýärsiñiz?
Hanym Tompson toýa gidip barýarka, gadyr edip saklan birnäçe daşy gaçan şol bilezigini dakyndy. Teddynyñ oña beren we özüne ejesiniñ ysy ýaly ys berendigini aýdýan atyryny sepinmegi-de gözden salmady. Bir-birlerini söýgi bilen bagra basanlarynda Teddy onuñ gulagyna:
- Maña ynananyñyz üçin köp minnetdar, hanym Tompson, özümi gymmatly duýmagymy gazananyñyz we şeýle özgerdeniñiz üçin-de... - diýip pyşyrdady.
Hanym Tompson gözünde ýaşlar bilen oña jogap berdi.
- Ýalñyşýarsyñ Teddy... Men däl, sen maña öwretdiñ. Seniñ bilen gabatlaşýançam men mugallymlygy bilmeýän ekenim.

(Awtory maña nämälim)
Terjime: Men.)

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Belki tarapyndan 22-04-2023, 06:19

  • Belki Belki off № 1 22 апреля 2023 06:21
    Terjimäni maslahat beren @Kesirkelle agza minnetdar. Ýene şeýle hekaýalary terjime etmäge taýýar.
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 2 22 апреля 2023 06:24
    Eýýäm sowapdyra mynyñ buz ýaly
    Jogap
  • Belki Belki off № 3 22 апреля 2023 06:27
    Ptlameý, goý-daýt, tamdyrdan şuwat çykdy )
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 4 22 апреля 2023 06:28
    Sowap yetişipdir
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 5 22 апреля 2023 06:29
    Haysy dilden gogle translate bilen terjime etdiñiz
    Jogap
  • Belki Belki off № 6 22 апреля 2023 06:29
    Ptlamey, duýma synalañda mesele bar ))
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 7 22 апреля 2023 06:30
    Yok gyzgynlyk yok
    Jogap
  • Belki Belki off № 8 22 апреля 2023 06:31
    Ptlamey, google transletdigini biläýdiñmi ) Beýlekilere bir aýdaýma ))
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 9 22 апреля 2023 06:32
    Iñlisdenmi ya turkden terjime etdiñmi?
    Jogap
  • Belki Belki off № 10 22 апреля 2023 06:33
    Ptlamey, aýtjakgä
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 11 22 апреля 2023 06:33
    Belkijan ýaryşalymy ertir terjime etmeşkde
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 12 22 апреля 2023 06:34
    Dimek hamyr mayasam kaçistwa pesirak eken
    Jogap
  • Belki Belki off № 13 22 апреля 2023 06:35
    Ptlamey, kim-deýt sen?
    Ýöne teklibiñi haladym. Haýsy eseri terjime edeli?
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 14 22 апреля 2023 06:37
    Belki,
    Belki siz zenana meñleýäńiz şonyñ uchin hindi kinodan terjime edeli dastan om shanti om
    Maña parazit tv diyaler
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 15 22 апреля 2023 06:39
    Ylmy bäsleşikler praktika (tejribe) üçin gowy bolya
    Jogap
  • Belki Belki off № 16 22 апреля 2023 06:39
    Ptlamey, hm, sizmi agam, türkçeden terjime edip bilýän men. Bir eser tapyñ gysgajyk ikimizem terjime edip şol bir wagtda saýtda goýalyñ
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 17 22 апреля 2023 06:41
    Belki,
    Shu gun agshama chenli saytda goymaşak edeli halk baha bersin...
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 18 22 апреля 2023 06:46
    Ptlamey
    Belkijan ýaryşalymy ertir terjime etmeşkde

    Ýaryşa bizem goşulsak bolýarmy?
    Jogap
  • Ptlamey Ptlamey off № 19 22 апреля 2023 06:48
    Gerceknazar,
    Yokarda mowzuk dur nazaf aga salawmalikim
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 21 22 апреля 2023 07:11
    Ptlamey,
    Waleýkimessalam . Okadym sag boluň agşam gelip terjime etjek bolaryn.
    Jogap
  • kesirkelle kesirkelle off № 22 22 апреля 2023 07:24
    Ýalñyşmasam şu hakykatdan bolan waka bolmaly. Zähmetiñe berekella, bir kiçijik bellik:

    "üçden bir bölegi doly"-dälde, "üçden iki bölegi boş" dp alynsa, çüýşejikde bir çümmik atyr bardygyny has gowy göz öñüñe getirip boljak ýaly.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler