Meni ýok-edip öldürüň.(3-nji bölüm)

...Şol gün balňyşlyk bilen dogtarlar endamymy skalpi bilen kesenlerinde bedenim birhili aňyrsy 1 sagatdan öňküsiýaly boldy. Men muňa geň galyp, ýene elimi pyçak kesdim. Howwa agyrysy gözüni çykarypbarýar. Ýöne ýene 1 sagatdan bitip aýryldy. Soňabaka men haçan nahar iýenimi, haçan suw içenimi unudup başladym. Hatda 1 hepde, soň 1 aý, soň 1 ýyl soň ömürlik, naharsyz suwsuz ýaşap bilýän. Aslynda men ölmez-ýitmez. Men özümi bölekledip, hatda bomba bilen ýarybamgördüm, walla ölemok. Içi-garagalmyş men garramogam. Men ýaşaýşymy isledigimçe ýaşapbaşladym näme edesimgelse edýän, ýöne ölüpbilemok. Alymlar meni alyp menden soraman meni zorluk-bilen saklap mende barlag geçirip başladylar. Nädip bu "Ölmez-ýitmezligi" alyp köpeldipbolarka. Olar şol "Ýeriň ýüregi" atly-daşy gursagymdan parçalap-parçalap her organymy bölek-büçek un ýaly edip gözlediler. Daş endamyma, beýnime siňipdir, tapmadylar. Soňra beýnimi böleklediler men çaşypdyryn. Birnäçe wagtdan soň özüme geldim. Bir kämerada sakladylar. Gelýäler, görýäler, gürleşýäler, gidýärler. Bu ýagdaý 50 ýyl dowam etd. A meň bolsa şoooool 25 ýaş boluşum. Soň ýene ýüzlerçe ýyllar geçdi. Howwa. Indi men ölmegiň arzuwunda. Sebäbi serediň, erkinlikdede many tapmadyk, tussaglykda hijem tapmaz. Adamlar adamlar menem adam. Ahyry biz bu planetany bogup öldürdük. Aý atomlar, kwantlar, robotlar. Wii howwa soň robotlar geldi, uruş bolupdur, men entegem tussaglykda. Adamzat ýeňildi. Menem erkinlige çykdym. Indi öňki haramlyklar, nejislikler, zaýalyklar ýok. Aý baramda başgaçarak. Nähili düşündireýin. Meselem men şu gyzy halasam, olam maňa razy bolsa biz islänimizi edýäs, ol garryja 80-ýaş ene bolsun tapawudy ýok razy bolsa bolýar. Arak içesimgelýärmi onda içýän, ýene analiz edýärler saglygyma zyýanly bolsa berenoklar. Narkotik gerekmi al saňa, zyýany güýçlenip başlaýarmy berenoklar. Robotlar hemmezady dolandyrýarlar. Ýagny biz adamlar goýun-mal, jandar, a robotlar biziň eýämiz. Biz adamlar hijem kösenip bilemzok, robotlar rugsat berenok. Diňe bal durmuşda ýaşaýas. Aý näme hemmezadyň soňy gelýär. Ýene plança ýüzýyllyklar şeýle bolup ýaşadym. Indi planetalaryň çakyşmagy, günüň öçmegi, galaktikalaryň goşuluşmagy. Ýer-palnetamyzhem şeýle öldi. Bu gezek adamlaňam, robotlaňam günäsi ýok. Tebigat. Indi menem planetalaryň arasynda kosmasda gaýmalapýörün. Ölüpbilemok. Güne gaçypgördüm, soň başga ýerde özüme geldim. Gara-girdaba deşige gaçypgördüm, ýene başga ýerde gaýmalapýörkäm özüme geldim. Men ölesimgelýär. Ýöne bolanok. Men bu fleşkalary ýazgy edip her älemiň, kosmosyň herýerlerine ýaýradýan, ýene milionlarça şularýaly fleşka zyňyşdyrdym. Başga näme etjegimem bilemok. Gaýmalabam ýadadym. Ýöne sizden haýşdym, meni tapsaňyz öldüräýiňdä. Men gaty, ýaman nejis, kosmosýaly müňýyllaplar ýadadym. Ölesimgelýär, bolanok..." diýip oglan gaýypýören ýerinden wideony öçürdi. Fleşkany bolsa aldylarda, ýene "Gizlin resminamalar" bölümine goýdular...

Soňy. Gutardy. Tamam. Yzy ýok. Nokat. Dowamy ýok. Bölümleri ýok. Tükendi. Dowamsyz.

Awtory: IDEALLIDER.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, IDEALLIDER tarapyndan 25-04-2023, 05:02

  • Khanture Khanture off № 1 25 апреля 2023 05:12
    Wagtlar arasyndaky habarmy bu? Ýagny ýaňky oglon, özi barada geljekden, ölmez-ýitmez bolmadyk zamanasyna habar ýollaýar. Alymla bolsa üns berenok... ?
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 2 25 апреля 2023 05:23
    Eser barada mümkin bolsa herkim öz-pikirlerini, garaýyşlaryny, düşünjelerini, kemçiliklerini we artykmaçlyklaryny, bolmanda islendik ýazasyňyz gelenzadyny ýazaýyňda. Agzalary hormatlamak bilen IDEALLIDER.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 25 апреля 2023 06:15
    1. Sýužeti haýsy kinolardan aldyň?
    2. Gyzykly, özüneçekiji. Sada.
    3. Karoçi men lýuboý fantastik eseri halaýan.
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 5 25 апреля 2023 06:18
    Khanture,
    Hiç kinoda däl. Entek bu barada film düşürmediler öýdýän. Daşary ýurtda bolanymyzda bolmanda miliona ýasapbolardy.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 6 25 апреля 2023 06:19
    IDEALLIDER,
    Birhili iki üç sany kinony ýada saldy. Element meňzeş, ýöne sýujeti däl.
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 7 25 апреля 2023 07:05
    Khanture,
    Sizi aldanym bilen ahlagymy aldap bilmerin?
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 8 25 апреля 2023 11:29
    Ikinji okan fantastiki eserim

    Ozune cekiji.
    Garaz gyzykly. Tuweleme. Klawituranyzyn bady yatmasyn.
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 9 26 апреля 2023 21:45
    Paranormalnoýe ýawlenoýe diýen filme meňzejek bolýar, fleşkany gizlin dokumentleriň arasynda goýşy.. molodes işleriňde üstünlik kemi ýok!
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 10 26 апреля 2023 21:45
    *paranormalnoýe ýawleniýe
    Jogap
  • Men_we_Sen Men_we_Sen off № 11 27 апреля 2023 05:56
    Men özümi bölekledip, hatda bomba bilen ýarybamgördüm, walla ölemok.
    Walla ölemok)) (ýylgyrtdy)
    Eser gaty gyzykly, welin iň soňunda oglan ölýärmi ölenok, şu wagt şo ýerine gyzykdym?!
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 12 27 апреля 2023 09:16
    Men_we_Sen,
    Ölmegi ýalbarýan bolsa, diýmek ölmändir.
    Jogap
  • Alpengold Alpengold off № 13 27 апреля 2023 11:41
    Manysyzrak gördüm
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 14 2 мая 2023 12:26
    Alpengold, nämesini düzetmelidigini maslahat berseňiz!?
    Jogap
  • IDEALLIDER IDEALLIDER off № 15 20 июня 2023 14:35
    Khanture,
    Howwa. Edil özi.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler