Adam arkaýyn ýaşamak üçin, arkaýyn işe gidip-gelmeli, maşgalasy parahat bolmaly. Gije gözüni arkaýyn ýumup bilýän adam, hakyky manysynda arkaýyn bolup bilýär. Göz ýummak bärde, ýatmak manysynda. Onuň göçmek manysam bardyr, o dünýä göçmek. Adam arkaýyn ýatyp bilýän bolsa, onda ol durmuşynda hiç kimiň göwnüne degen däldir, hiç kimi aldan däldir, hiç kime söz beren däldir, hiç kimiň hakyny iýen däldir, hiç kime bergisi ýokdur, hiç kimden algysy ýokdur. Iň esasy zat hem özgäniň zadyny öz hasabyna geçiren däldir. Käte seň agzyňdan çykjak ýeke agyz söz ençeme adamyň derdi bolup bilýär, ýa-da ençeme adamyň derdine täzesini goşup bilýär. Öz arkaýynlygyň üçin başgalaryň arkaýyn durmuşyny bozmaga hiç kimiň haky ýokdur. Rahatlyk, asudalyk, parahatlyk, abadanlyk, bu düşünjeleriň arkasynda arkaýyn ýaşamak ýatandyr. Arkaýakyn ýatyp-turmak, okuwyňa-işiňe gitmek... Şu zatlar bilen üpjün adamyň ýekeje gaýgysy, maşgalasy bolar. Maşgala güýçli bolsa, döwletem güýçli bolýar. Arkaýlyk bilen mesremek sözleriniň manysy çalşyrylmaly däl. Adam arkaýyn bolsa, mesräp bilýär. Mesremän arkaýyn ýaşamak bolsa, kämil adamlaryň elinden gelýän zatdyr.Ýokardakylaryň hemmesiniň arkasynda bolsa halal ýaşamak bardyr. Ýüregiň päk bolup, halal iýmän bolarmyka? Adamçylyk iň ýokary derejä çyksa-da, arkaýyn ýaşap bilmeýän bolsaň, diýmek, bir ýerlerde bir gädijek bardyr. Içiňdäki tereziň durmuşyňdaky ähli edim-goýumlaryň hasabyny ýöredip bilýär. Özüňe göwnüň ýetmek diýmegem, arkaýyn ýaşamakdan başlaýar. Adam haçan özüne göwni ýetýär? Haçanda ol arkaýynlyk bilen, Arkaýyn ýatyp bilýän diýse, şonda özüne göwni ýetdigidir.Garaz, hemme zat üçin ynanç gerek, iman gerek. Seni yzarlaýan biriniň bardygyna akyl ýetirmek, bularyň hiç birini arkaňa asyp gitmejegiňi bilmek, seni arkaýyn edýär.Ara ýene bir zat girýär: öz edýän işiňden arkaýyn bolmak. Bir zada sebäp bolýan, şol işi eden ýalydyr. Biriniň durmuşynyň agyrlaşmagyna sebäp bolýan bolsaň, bilkastlaýyn edýäň hasabyňdadyr we seni oda bir ädim ýakynlaşdyrýar. Birine ýagşylyk edip bilýän wagtyň, oňa ýamanlyk etmek arkaýynlygyňy bozmaýan bolsa, ýüregiňi, adamçylygyňy barlap görmeli. Şonuň üçin arkaýyn ýaşap, arkaýyn göçmek üçin, içimizi arkaýyn tutalyň.
File engine/modules/thanks.php not found.Arkaýynlyk we Rahatlyk
Bilim,
PROLIGA
tarapyndan
6-05-2023, 07:47