Ne boldy
Sadagan, bolaýyn, aý Gülnahal jan,
Şirwana-Şamaha barsaň ne boldy?
Senden özge ýokdur hiç meniň arkam,
Bu garyp halymdan sorsaň ne boldy?
Kyrk gün boldy, gitdi Şirwan-Şamaha,
Meni goýdy eda bolmaz bir daga.
Garga-zaglar gonmaz burun çarbaga,
Bagbanyma habar berseň, ne boldy?
Senden özge hemdemim ýok, kişim ýok,
Ülpetým-mähremim, deňim-duşum ýok,
Ýardan gaýry hiç bir köňül hoşum ýok,
Maňa-bir maslahat berseň, ne boldy?
Men täk oturaýyn munda sargaryp;
Sen tapmasaň bolmaz, ýarym agtaryp,
Meniň üçin ýüz müň ýola ýalbaryp,
Aýagyna başyň goýsaň ne boldy?
Şasenem diýr, ölür wagtym ýetişdi,
Bu gün ýar hyýaly ýadyma düşdi,
Ýar bilen ýörän ýol gözümden uçdy,
Garybym getirip berseň, ne boldy?
Şirwana-Şamaha barsaň ne boldy?
Senden özge ýokdur hiç meniň arkam,
Bu garyp halymdan sorsaň ne boldy?
Kyrk gün boldy, gitdi Şirwan-Şamaha,
Meni goýdy eda bolmaz bir daga.
Garga-zaglar gonmaz burun çarbaga,
Bagbanyma habar berseň, ne boldy?
Senden özge hemdemim ýok, kişim ýok,
Ülpetým-mähremim, deňim-duşum ýok,
Ýardan gaýry hiç bir köňül hoşum ýok,
Maňa-bir maslahat berseň, ne boldy?
Men täk oturaýyn munda sargaryp;
Sen tapmasaň bolmaz, ýarym agtaryp,
Meniň üçin ýüz müň ýola ýalbaryp,
Aýagyna başyň goýsaň ne boldy?
Şasenem diýr, ölür wagtym ýetişdi,
Bu gün ýar hyýaly ýadyma düşdi,
Ýar bilen ýörän ýol gözümden uçdy,
Garybym getirip berseň, ne boldy?
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет