Ýalňyşlyk
Gowuşmadyk söýgüň çapraz ýolundan,
Göwünli-göwünsiz barýarkam ýöräp,
Otly köýnek geýdirip, tolgundyrdy,
Biriniň garasy garşymda döräp.
Ol nätanyş däldi, tanyş göwredi,
Ýüregimem sarsdy tok uran ýaly.
Erkim gitdi, okduryldym ýanyna,
Ol hem maňa garaşyp duran ýaly.
Iň bolmanda halyn soramak üçin,
Ýürek edip, baryp egnine kakdym.
Ol yzyna bakdy, ysgynym gaçdy,
"Bagyşlaň! Ýalňyşdym, aşyryp hetdim."
Gitdi soň, pyýada öz ugry bilen,
Bu haly özümçe gowluga ýordum.
Men hut şu gün çapraz düşen ýollarda,
Seni däl-de, saňa meňzeşi gördüm.
Uzuk Nowruzowa
Göwünli-göwünsiz barýarkam ýöräp,
Otly köýnek geýdirip, tolgundyrdy,
Biriniň garasy garşymda döräp.
Ol nätanyş däldi, tanyş göwredi,
Ýüregimem sarsdy tok uran ýaly.
Erkim gitdi, okduryldym ýanyna,
Ol hem maňa garaşyp duran ýaly.
Iň bolmanda halyn soramak üçin,
Ýürek edip, baryp egnine kakdym.
Ol yzyna bakdy, ysgynym gaçdy,
"Bagyşlaň! Ýalňyşdym, aşyryp hetdim."
Gitdi soň, pyýada öz ugry bilen,
Bu haly özümçe gowluga ýordum.
Men hut şu gün çapraz düşen ýollarda,
Seni däl-de, saňa meňzeşi gördüm.
Uzuk Nowruzowa
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет