G.......


Bu ýazjak setirlem
Gündogardaky,
Gün doganda aglan
Jananym hakda...
Uzyn, gara, bilden geçýän saçlary,
Enaýyja örüp sallaýşy hakda,
Orta boý, syratly, näzli bakyşly,
Meniň üçin dörän perizat hakda...
Täleý, kysmat, ýazgyt oňa duşurman,
Telefonda gürleşdirýär meň bilen,
Duşurman ol meni zenan möjege,
Nälet siňmiş internetde ýazdyrýar...
Möjek gözli, gündogaryň gözeli,
Gün doganda mensiz daňyn atyrýar,
Menem onsuz günbatanda aglaýan,
Bir-biregiň suratyna seredip,
Ýary-gije uky basmarlanynda,
Aglamakdan gara gana dolan göz,
Ahyr gözün süzüp uklaýar uka...
Soň Uzyn saç gündogaryň janasy,
Günde meniň düýşlerimde görünýär,
Şol jana düýşümde ýylgyryp maňa:
''Hemme zat gül ýaly'' diýip aldaýar,
O şeý diýip göz ýaşlaryn gizleýär,
A men güýşümde-de aglap oýanýan...

16.05.2023.




@Jeksparro

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Jekwarabey tarapyndan 16-05-2023, 02:08

  • Belki Belki off № 1 16 мая 2023 04:56
    Tanadym .
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 2 16 мая 2023 15:49
    uklaýar uka...

    "Uklaýar " diýen sözi üýtgetseň gowy boljak.

    A men güýşümde-de aglap oýanýan...

    Ýalňyşmasam "düýşümde-de bolmaly. Olar ýaly harp ýalňyşlyklaryny özümizem göýberýärisle. Iň halan setirim iň soňky setir boldy.
    Jogap
  • Xyivenia_babayeva. Xyivenia_babayeva. off № 4 16 мая 2023 22:47
    Gaty gowy. Her setirem gowy bolupdyr. Lezzet bilen okadym.
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 5 17 мая 2023 00:10
    Gerceknazar
    uklaýar uka...

    "Uklaýar " diýen sözi üýtgetseň gowy boljak.

    A men güýşümde-de aglap oýanýan...

    Ýalňyşmasam "düýşümde-de bolmaly. Olar ýaly harp ýalňyşlyklaryny özümizem göýberýärisle. Iň halan setirim iň soňky setir boldy.



    Sag boluň...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler