Bir gün ýetimler köşgüniñ gapysynyñ agzyna kiçijik gyzjagaz taşlanýar. Ýetimhanadakylar onuñ adyna Jenni dakýarlar. Jenni bir gün mekdepde John atly oglan bilen tanyşýar, we aşyk bolýarlar. Jenni we John durmuş gurýarlar we näbelli sebäpden aýrylyşýarlar. Aýrylyşanlaryndan kän wagt geçmänkä göwrelidigini bilýär. Çagany dogurýar we şol gün agşam biri balnissadan bäbegi ogurlaýar. Jenni keselleýär, dogtar bolsa oña bütinleý erkege öwrülse keselden gutuljagyny aýtýar. Jenni dogtaryñ aýdyşy ýaly edip operasiýa arkaly bütinleý erkege öwrülýär. Jenni erkege öwrülensoñ özüne John adyny dakýar. Ol bir gün kafe gidýär we ol ýerde bir ýaşuly adama duşýar. Ýaşuly adam Johna gamgyn görünýändigini aýtýar. John durmuşyndan kanagatlanmaýandygyby aýtýar. Ýaşuly Johna bir sagat berýär we şonuñ bilen islendik wagta gidip biljekdigini aýtýar. John ýaşulyñ sagadyny alyp yza dolanýar we Jerri atly gyz bilen tanyşýar. Soñra durmuş gurýarlar we näbelli sebäpden aýrylyşýarlar. Soñra John özüniñ bir gyzynyñ bolandygyny bilýär we ballnissadan gyzyny ogurlaýar. Gyzynam alyp has yza dolanýar we ony ýetimler köşgüniñ gapysynyñ agzyna taşlaýar...
File engine/modules/thanks.php not found.Wagt paradoksy
Bilim,
FairXVIII
tarapyndan
25-05-2023, 13:28