Aşakda okajak zatlaryňyz Kerimi Kuranyň Arşdan gelip çykyşy barada şübhe döretmegi mümkin, ýöne ol şübheleriň barsy biderek. Kuran Allahyň pikirleri, men muňa özüm ynanýan we şaýatlyk edýän. Köp kitap okasaň, uzagyndan adamzadyň döredip biljek pikirleri bilen, Arşdan gelen pikirleri saýgaryp başlaýaň.
Eger Kurany okasaňyz, ol ýerde hiç hili yzygiderligiň ýokdygyna göz ýetirersiňiz. Ol kitap bir bada bulam-bujar ýaly bolup görüner, ýöne bu zatlar diňe bir bada şeýle. Hakykatda bolsa bar zat has çylşyrymlyrak. Pikirlerim düşnükli bolar ýaly azajyk daşyrakdan alaýyn. Psihologiýa ylmynyň içinde ýene bir aýratyn ylym bar, ol ylymyň ady Nerwno Lingwistiçeskoýe Programirowaniýa, gysgaça aýdaňda LNP. Şol ylymyň gurallarynyň biri şeýle: Mysal üçin men bir adama bir waka gürrüň berýän, ýöne wakaň orta arasyna ýetip, ikinji waka başlaýan, soň ikinji wakany ortalap, üçinji waka başlaýan. Üçinji wakany jemläp bolup, ikinji wakany dowam edýän, ony jemleýän we birinji wakany tamamlaýan. Meni diňläp otyran adamyň göwnüne, men temadan tema bökýän ýaly bolup görünýär, hamala iň birinji wakany doly aýdyp bermek üçin ikinji waka zerur ýaly, ikinji wakany aýdyp bermek üçin üçinji waka zerur? Şeýle usul bilen gürrüň berilen wakalaryň başdaky ikisy diňleýjiň ýadynda galýar, üçinji waka welin diňleýjiň ýadynda hiç bir halatda galanok. Üçinji waka diňleýjiň "podsaznaniýa" diýen ýerinde ornaşýar. Bu tehnalogiýa NLP degişli bolup durýar. Mysal üçin men gysgaça waka gürrüň berip başlaýyn, aýdaly 2007-nji ýyla çenli biziň ýurdumyzda narkomanlar kändi, olar edil ýabany itler ýaly sürüleri bölünşip, özlerine "doza" gözleýärdiler, gapyda bir zat goýsaň olar hökman ogurlaýardylar. Soň men ikinji waka geçýän we öz kakamyň hem narkoman bolandygy barada gürrüň berýän, ýöne ol wakany jemlemän, meň kamama kimiň narkoman bolmaga kömek edendigi barada gürrüň berýän, ol hem Bäherdenli işanlardan biri, soň men 3-nji wakaň çäginde işanlaryň ähli ýaramaz taraplaryny aýdýan, olaryň şol döwür eden narkotik söwdälerini aýdýan, garaz ýamanlaýan. Soň üçinji wakany jemläp, ýene öz kakama gaýdyp gelýän we ikinji wakany ýapýan we iň soňunda birinji wakany jemleýän, hamala biziň ýurdumyzy şol beladan dyndyrana baky şöhrat. Eger men şeýle wakany bir adama gürrüň bersem, ol adam 2 wakany ýadynda saklar, emma üçinji waka ol adamyň aňynda "ustanowka" bolup ornaşar. Ol adamda Bäherdenli işanlar barada negatiw pikir dörär, ol adam ol pikiriň çeşmesinem bilmez. Üçinji waka bolup islendik ideýa hyzmat edip biler, mysal üçin aýdaly beçewazlygyň gowy taraplary barada gürrüň berseň hem bolýar. Buňa NLP tehnalogiýa diýilýär, mysal elbetde azajyk gödegräk boldy, ýöne başgaça düşündirmäne mende hiç hili waka ýok, bagyşlaň.
Şeýle tehnologiýa bilen "Paprawka-22" eseri ýazylan, eger ýalňyşmasam? Powestwowaniýa edil pikiriň akymy ýaly bolýar, wakalar 3 sany dälde ondan kän, we birek biregi çalşýalar, edil adamyň pikiri ondan oňa böküşi ýaly. Indem Kerimi Kuran bu zatlara nähili dahylly? Kerimi Kuranyň powestwowanyýasy hem edil Pikiriň akymy ýaly. (Allahyň Pikirniň akymy). Ol ýerde hem wakalar gürrüň berilip başlanýar we doly jemlenenok. Powestwowaniýe spiral boýunça gidýär. Mysal üçin Kuran, Musa Pygamber barada gürrüň berende, ilki başda Musa barada sähel agzalyp geçilýär, umumy temada, soň her gezek Musa barada agzalanda has jikmejikleşdirilýär. Kerimi Kurany edebiýat eseri hökmünde synlaňda, şeýle stilde ýazylmagynyň näme bähbidi bar? Birinjidenä Kerimi Kuran gös göni biziň "Podasaznaniýa" diýýän ýerimize ýüzlenýär, başgaça söz bilen aýdaňda biziň kalbymyza. Ýokarda agzalan NLP tehnalogiýaň kanunlaryna laýyklykda. Ikinjiden Kerimi Kuran hiç haçan ýüregiňe düşenok, ony gaýta gaýta okamaly bolýar, sebäbi näçe okasaňda ýadyňda hiç zat galanok, ol hem NLP tehnalogiýa. Mysal üçin başga mukaddes kitaplary alyp göreli, mysal üçin Töwraty. Ol ýerde bar zat adaty usulda ýazylan. Wakalar hronologiýa boýunça aýdylýar, mysal üçin Ybraýym Pygamberiň wakasyny bir gezek okanyňdan soň, oňa ikilenç gaýdyp gelmek hajaty ýok. Sebäbi sen wakany eýýäm bilýäň, şol sebäpden Töwraty kim okasa, ony 2-3 gezekden köp okamaz. Kerimi Kuranyň şeýle stilde ýazylmagynyň üçinji bähbidi, ol eseri üýtgetmegiň juda kyn bolmagy. Kuranyň şygyr görnüşde ýazylandygy şonsyzam ondaky sözleri çalşmagy kynlaşdyrýar.
Paprawka 22 eseriň awtory Kuranyň gudratyndan habarlyp bolan bolmaly, we Kuranyň stilinde öz eserini döreden bolmaly? Eger Paprawka-22 eseri bir näçe gezek okasaňyz we sizden biri ol eser näme hakda diýip sorasa, siz anyk jogap berip bilmersiňiz. Eser 2-nji jahan urşy barada, uçarmanlar barada diýip gutararsyňyz. Eger men pikirimi dogry düşündirip bilen bolsam käbir adamlarda Kerimi Kuran, örän ökde psiholoklar we filosowlar tarapyndan döredilendir diýen pikir döremegi mümkin, sebäbi Kuran NLP tehnalogiýaň çäginde düşündirseň bolýar. Ýöne ýalňyşmaň, sebäbi NLP tehnologiýany psiholoklar Kerimi Kurandan göçürdiler.
Kerimi Kuran edebiýat eseri hökmünde
Bilim,
Vekil_City
tarapyndan
30-05-2023, 07:54