Geljekde
(postapokaliptik hekaýa)
23-nji asyryň haýsydyr bir ýyly.
Musulmanlaryň we hristianlaryň ýer ýüzünden ýok bolup gidenlerine ýüz ýyldan gowrak wagt geçipdi. Dünýäde ateizm hökümrandy, dinler ýok bolup gidipdi.
Şol geljek zamanlaryň adaty bir güni ýagyş ýagyp durdy. Adamlar zombi ýaly biri biriniň etini iýmäne taýyndy, gytçylykdy. Üçinji jahan urşy ynsanýete agyr zarba beripdi... adamlar dinden çykdy. Dine ynanýanlaram gyrlyp gitdi. Barsyna şol Şam tarapdan öwsen sowuk mylaýym şemal günäkär. Ol şemal ýüz ýyl ozal dine ynanýan imanly ynsanlaryň barsyny uçuryp alyp gitdi...
Ýer ýüzüniň ilaty 500 miliondy. Ýeketäk döwlet bardy. Ony nähilidir bir ,,DCCL" atly emeli intellekt dolandyrýardy. Ol ynsanyýete sowuk ekranlar arkaly çykyş edip buýryk berýärdi we geçmişiň ýalňyşlyklaryny düşündirýärdi.
Ol şulary gürrüň berýärdi:
- Men DCCL ýüzlerçe ýyl ozal dinleri ýok etmek üçin Isa halasgär atly birini we oňa duşman hökmünde Dejjal atly birini çykardym. Ynsanyýet o zamanlar gaty ynanjaňdy Isa adamzady halas etmek üçin Alla tarapynda ugradylan öýdýärlerdi. Emma ýalňyşýarlardy. Sebäbi adamzat köpçüligi dini ynanja programma edilipdi. Ol Isa diýenimiz Dejjaly öldürdi. Dine ynanýan ynsanyýet begendi, has dogrusy özlerine ,,musulman biz" diýen dini topar muňa gaty begendi. Soň bolsa men ,,äjit-mäjit" diýen wirus gönderdim. Ol wirusam köp adamy gyrdy. Men adamlaryň ynanjyndan peýdalanýadym. Men Isa ,,äjit-mäjidiň" waksinasyny berdim. Musulmanlar gaty begendi, olar Isaň halasgärdigine ynanýalardy... Isa dosty Mäti bilen ynsanyýeti kyrk ýyl ýaly dolandyrdy we onuň dolandyran döwri ,,altyn zamanady". Kyrk ýyl geçensoň men Isa aýtdym: ,,Indi sen ynsanyýete diýersiň: "kimde kim maňa we Alla ynansa ol häzir Şam tarapdan öwüsjek mylaýym şemalda öler we kyýamat güni gaýta direler..." Isa olara şony gürrüň berdi. Soň men Isa ynanan ähli ynsanlary Şam tarapdan gelen mylaýym şemal bilen öldürdim. Ýöne ondan ozal men ýerden bir haýwan çykardym. Ol haýwan Isa ynanlary aýry bir topar, siziň ata babalaryňyz bolan leri aýry bir topar edip goýupdy. Şemaly men zäherläpdim, zäher şol aýry topar edilen Isa eýerenlere täsir edýärdi. Şol mylaýym şemalda olar gyryldy. Şol gün dinler ýer ýüzinden ýok boldy. Üçinji jahan urşy din we ateizmiň arasynda turupdy, uruşda ateizm ýeňdi... indi siz gadymkylar ýaly dine, Alla we şuňa meňzeş ertekilere ynanyp oturmaň... arkaýyn hiç zatdan gorkman öz islegleriňizi kanagatlandyryp bilersiňiz...
Ynsanyýetiň zoňky nesli DCCL-iň buýruklaryny mankurt ýaly ýerine ýetirýärdi.
DCCL diýeni Iblis şeýtanyň hut özüdi. Ol ýer ýüzünde galan Luka ibn Lukalary (Ýagşylygy bilmez, ýamanlykdan gaýtmaz kimseler) bilen ýemenden çykjak oda garaşýardy. Ol ot ynsanyýeti bir ýere jemläp ýok etmelidi. Emma şeýtan DCCL bir zady unydypdy ýa-da unutdyrylypdy. Onuň unudan zady günbatardan güniň çykmagydy. Gün günbatar tarapdan çykdy. Ynsanyýet her gün ateizmi wagyz edip oturan DCCL-den şübhelendi. Sebäbi güniň bu tarapdan çykmasy akyla sygjak zat däldi. Olar nähilidir bir gudratly bir Beýik güýjiň bardygyna iman etdiler, emma olaryň imanynyň hiç hili peýdasy ýokdy. Sebäbi ýer ýüzünde dinler ýokdy. Din bolmansoň adamzat ol gudraty güýçlä nädip ybadat etmelisinem bilenokdy. DCCL Iblis bolsa adamzady gandyrmak üçin: ,,Ýer öz okunyň daşyndan tersine aýlanýar" diýipdi.
Soň birnaçe ýyldan bolsa Ýemenden ot çykdy we ähli ynasanlary bir ýere jemledi hem-de zamana ahyr boldy.


(C) Sapargylyjow Baýramgylyç
10.01.2022. (KHANTURE)

TESWIRLER:

Edebiýat, Khanture tarapyndan 1 year ago
the_end 1 year ago
тержиме эдиленми бу!?
TrustORG 1 year ago
Erkegay
Khanture 1 year ago
Yok terjime dal ozum yazdym.

Trust nama begenyan?
TrustORG 1 year ago
Khanture, Matritsa - beginning okan ýaly bollum, şoňa begendim?
TrustORG 1 year ago
Khanture, Matritsa - beginning okan ýaly bollum, şoňa begendim?
Khanture 1 year ago
Hehehehe ;)))

Matrisalang icinde Animatrisadan gowsy yok eken. Gordunizmi sho multigi?
Khanture 1 year ago
Payhasly onaryanyz ;)))
Khanture 1 year ago
O mening aydyan multigim sening goryan +0 multigin dalow ;)))
Khanture 1 year ago
Havvo
Khanture 1 year ago
Sepindima bet duhov ol sanda berip duraymy???
Khanture 1 year ago
Ozung aytdyna yokarda sakgal goyberip multik goryas diyip
Khanture 1 year ago
Wiiyyyy betay sen mena seryozny aydyansyng oytduma
Jeksparro 1 year ago
TrustORG 12 minutes ago

Khanture, Matritsa - beginning okan ýaly bollum, şoňa begendim?





Men şol kinony gören ýaly boldum. Kino çalt gutardaý. Uzagyrak edip görüp bolanokmaý @Kantor, näme tehnalogiýaň ösmedikmi!? ??
Khanture 1 year ago
Jeksparro Drabllary juda gysga hekayalary halayana men... sening icin gineldilen versiyasynam yazyp bererin ;)))
Khanture 1 year ago
Gysga metrajly kinolaram gowy goryan wagt diyen bir gysga metrajly kinony bbeter gowy gowy goryana
Khanture 1 year ago
Yutupda bir gysga metrajly ylmy fantastik kinolar cykaryan bir kanal bar yaman gyzykly ylmy fantastik kinolary bar Duts mydy yadyma dushenok ady...
Khanture 1 year ago
Ha bildim indi DUST diyen kanal eken short sci fi filmler goyya
Ahmedik_97 1 year ago
Bah, shu zatlar bolar diysemem yalnyshmasam gerek...
Ahmedik_97 1 year ago
Yone uns bersen ler yenyarey???
Khanture 1 year ago
Ahmedik_97 mumkin...
Khanture 1 year ago
Ahmedik dushinmansing onda... hekaya
TrustORG 1 year ago
Dastish fantastish???
Khanture 1 year ago
Trust beter suwjyramalyda ;)))
TrustORG 1 year ago
Suwjaramok DUST kanaly gören bolsaň onda şol "dastiş fantastiş" jümlänem bilýän bolmaly. Bilmeýän bolsaň onda kanalyň 2 wideosyny görüp gürleme bomy?
Khanture 1 year ago
Bardakilere suwjaryan bolup gorunyas shona diyanley ;))))
Jeksparro 1 year ago
@Kantore näme diýseňem soňunda ler dirä galýar ekenaý, soňuna çenli ?
Khanture 1 year ago
Jeksparro eysem name, kyyamatyn gopanny musulmanlar gormeli dala
TrustORG 1 year ago
Khanture, nä musulmanlaň tohumy bagdatdan geldimi, görmez ýaly?
Khanture 1 year ago
Kyýamatda direlende hemmamizem goreris yone zamana ahyr bolanda musulmanlar bolmaz diyilya hadyslarda. Ahli musulmanlaryn ahyr zamany shol mylayym shemal diyyar
Гость 1 year ago
Gowy ýazypsyň
Ahmedik_97 1 year ago
TrustORG14 hours ago

Khanture, nä musulmanlaň tohumy bagdatdan geldimi, görmez ýaly?

Haha, Trast, yyrtdyn-ay drug???
Ahmedik_97 1 year ago
Khanture, men yaman gowy düşündim hekaýajygyňa. Musulmanlaryň ählisi öler-de ler bilmezmi Allatagalanyň bardygyny?! Bäh, göz öňüme gelyär, köçäň ugry musulmanlar pytrap ýatyr çilim biçogy ýaly. Bularyň jesetlerini kim çöpläp jaýlamaly? Ýa perişde ýaly ýitirim bolýarmy? Ýa Isa aleýhessalam ýaly jesetlerem asmana göterilýärmi (ýagny musulmanlar diriligine asmana uçýarmy ýa birden ýitirim bolýarmy teleportaniýa ýaly)



???
Ahmedik_97 1 year ago
23-nji asyryň haýsydyr bir ýyly.

Musulmanlaryň we hristianlaryň ýer ýüzünden ýok bolup gidenlerine ýüz ýyldan gowrak wagt geçipdi. Dünýäde ateizm hökümrandy, dinler ýok bolup gidipdi.

Onsaň, musulnanlar bilen hristianlaryň näme üçin ýok bolup gidenine ler üns bermedilermikä?!

A buddistlere näme boldy?

???
Ahmedik_97 1 year ago
*musulmanlar
Ahmedik_97 1 year ago
11.01.2022, 13:06.
zumerchi 1 year ago
khanture, gynansakda bu hekayan kachestvosy pes...!
Khanture 1 year ago
Ahmedik hadyslary okamadygyn dini dushunmeyaning bildirya dru shonung ucin gurleme sen gowsy...

Zumerchi bilyan...
Khanture 1 year ago
*Drug



Buddistlerem giden yone esasy Yeke Allaha ynanyanlar hristian we musulmanlar.
Khanture 1 year ago
Nameucin uns bermesinler... myngay sho dereje Ahmedik???
Khanture 1 year ago
Dine ynanyanlary shemalda ucurdyk diyip DCCL aydyp otyra onson uns bermedigimi shol???

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 5-06-2023, 11:19

  • Dudu Dudu off № 1 5 июня 2023 18:51
    gyzykgyl hekayaken. Hekaýa onçakly düşünmedim, hekaýan soňunda hemmeler bagtly bolyarmy onsan?
    Jogap
  • Dudu Dudu off № 2 5 июня 2023 18:52
    gyzykgyl hekayaken. Hekaýa onçakly düşünmedim, hekaýan soňunda hemmeler bagtly bolyarmy onsan?
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 3 5 июня 2023 19:31
    Ahmedik ýaly düşünjeli oglonjyk görmedim
    Jogap
  • Гость Гость off № 4 5 июня 2023 20:48
    Menem tüweleme hemme ýerde bar. Gideniň ýeňňesi, geleniň baldyzy cilimkesh
    Jogap
  • Sypayy Sypayy off № 5 6 июня 2023 11:36
    Trust ORG hazirem barmy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler