Näme üçin öýlenmeli? Ilkinji pikir-ruhany ideologiýasy.

Öňki baplarda belläp geçişimiz ýaly, buthanalar uzak wagtlap nikany gutulgysyz ýamanlyk hökmünde kabul etdi we hatda iň köp ynanýanlaryňam "el degilmedik gyz" bolup ölmek islemeýändigini uzak wagtlap kabul edip bilmedi. Şeýlede bolsa, akylly sagdyn düşünje agdykly etdi we ýeke täk bozulmaz nika hakykatdanam ynanýan adama mynasyp bolmaly diýlip yglan edildi. Buthana atalary orta asyr halkyna- her kim ahlaklylygy saklasa, adamzat dogumy togtar, şonuň üçin jynsy gatnaşyklara-ýöne diňe nikadan soň rugsat berdi. Ýokarda aýdylyşy ýaly adamyň iň ejiz ýeri beden lezzetlerinden ýüz öwrüp bilmeýändigi sebäpli, nikalaşmak hem zyna garşy goragdyr. Sebäbi Awgustin Blažennyýnyň aýdyşy ýaly "ýanmakdan öýlenmek gowudyr". Buthana ahlakly mesihileriň köpelmegi üçin peýdaly iş etdi (esasanam Yslam dininiň ýaýrap başlamagy bilen bu iş möhümdi) maşgala jynsy gatnaşyklary bilen diňe lezzet almagy maksat edinýän beýleki jynsy gatnaşyklaryň arasynda anyk çyzyk çekdi. Dogry, orta asyrlarda buthana henizem är-aýalyň arasynda jynsy gatnaşyklary mümkin boldugyça çäklendirmäge synanyşýardy. Jynsy gatnaşyk dini baýramçylyklarda, ýekşenbe, çarşenbe, anna we şenbe günleri, aýbaşy döwründe, göwrelilik we iýmitlenmek döwründe gadagan edildi. Bularyň hemmesi ýerine ýetirilse, ortaça aýda bary-ýogy 5-6 gün galar. Ýöne Ýokary orta asyrlara çenli bu düzgünler XI-XII asyrlardan başlap ýumşady. Mundan soňra çarşenbe, anna we şenbe günleri maşgala borçlaryny gadagan etmegi talap etmedi we baýramçylyk günleri gysgaldyldy.

Ikinji pikir-amalyýetde

Ýöne buthananyň pikiri nähili agyr bolsa-da, adamlar buthana nikany doly tassyklaýança hem nika gurmagy dowam etdirdiler. Ruhanylar hiç kime nika gyýmady, buthana nikasy ýokdy we şondada adamlar öýlenip-durmuşa çykdylar. Raýat usuly bilen - döwlet edaralarynyň razylygy bilen. Bu barada jikme-jik durup geçmegiň manysy ýok, kitap henizem nika we maşgala gatnaşyklaryna bagyşlanýar, ýöne irki orta asyrlarda nikany düzgünleşdirmegiň köp görnüşleri bardy welin, bu hakda birnäçe jilt ýazyp bolar. Biziň üçin diňe hakykat möhümdir - buthana nikany makullamady, ýöne adamlar her niçigem bolsa durmuş gurdular. Näme üçin? Ilki bilen, ahyrsoňy hristian akyldarlaryna ýeten şol bir çaga dogurmak sebäbine görä. Ikinjiden, gaýtalap aýdýaryn, sebäbi bu orta asyrlarda nika meselesiniň iň möhüm tarapy: nika hemişe we hemme ýerde başga bir möhüm wezipäni ýerine ýetirdi-hemmeler üçin - patyşalardan daýhanlara çenli- bu şertnamady. Maşgala bileleşigini jemlemek bilen adamlar baýlyklaryny birleşdirdiler, dostlugy we hyzmatdaşlyk şertnamalaryny güýçlendirdiler ýa-da iň bolmanda kiçi maşgala jemgyýetiniň başga bir başarnykly agzasyny gazandylar.

Okaň lezzet alyň
Dowamy bar...

Hawa, bet! - 5 (100%)
100%
Boljak. - 0 (0%)
0%
Ýok. - 0 (0%)
0%
Şundanam zat bolýarmy!? - 0 (0%)
0%
Haladyňyzmy?

Ses beriň terjimä ruhlandyrmak üçin :) (komplimentjagaz)

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, menembiri1 tarapyndan 16-06-2023, 16:36

  • Anil Kapur Anil Kapur off № 1 16 июня 2023 19:47
    Shu yazyjynyn Ya Merilin Monro atly kitabyny terjime etsene gayrat et
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 2 16 июня 2023 20:56
    Anil Kapur,
    Pulyň bamy wasýok?:))))
    Jogap
  • Anil Kapur Anil Kapur off № 3 16 июня 2023 21:20
    menembiri1,

    nace manat )))
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 16 июня 2023 21:41
    menembiri1,
    Emeli aň kömegi bilen kwork.ru da pul gazanmany öwretsene. ?
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 5 16 июня 2023 21:41
    Anil Kapur,
    Janyň saglygy çuwak!
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 6 16 июня 2023 21:44
    Khanture
    menembiri1,
    Emeli aň kömegi bilen kwork.ru da pul gazanmany öwretsene. ?

    Kwork.ru hakynda eşitmedim, nädip işläp bolýa?
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 7 16 июня 2023 21:44
    Khanture
    menembiri1,
    Emeli aň kömegi bilen kwork.ru da pul gazanmany öwretsene. ?

    Kwork.ru hakynda eşitmedim, nädip işläp bolýa?
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 8 16 июня 2023 21:52
    Tmcars'a ýazyp gördüm udalýonnyý hyzmatdaş bolaly dip, dünýa täzeliklerinden bestseller kitaplaryndan terjime edip berýen didim, bir nomer berdi indi erte habarlaşmaly... Bolarmykanaý
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 9 16 июня 2023 21:54
    menembiri1,
    Herdurli hyzmat hodurleyäň. Klient tapyp işini bitirýäň...
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 10 16 июня 2023 21:54
    menembiri1,
    Bolar. Ugruna bolsun!
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 11 16 июня 2023 21:58
    Khanture
    menembiri1,
    Bolar. Ugruna bolsun!

    Sag bol!
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 12 16 июня 2023 22:02
    Khanture,
    Bolýa sagbol!
    Jogap
  • Гость Гость off № 13 16 июня 2023 23:05
    Ýetirip dur. Terjime gowy. Kitabyny dagy ugratsaňa ekiz ogul dilejek saňa )
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 14 16 июня 2023 23:14
    Гость,
    Sagbol, e mailiňi aýt?
    Jogap
  • Гость Гость off № 15 16 июня 2023 23:16
    menembiri1,
    dowletow.95@list.ru
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 16 16 июня 2023 23:29
    Гость,
    Ugratdym, poka ishodýaşide dur biraz uly sygymy, soňrak barar.!)
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler