Göresim geldi
Göresim geldi
Her güni men seni ýatlaýan janym
Söwer ýarym seni göresim geldi
Her gije men seni küýseýän janym
Söwer ýarym seni göresim geldi
Şamar ýaly gözel saçyň sypalap
Uzyn boýly, inçe biliň gujaklap
Mähir bilen ajaýyp görkiň synlap
Söwer ýarym seni göresim geldi
Küýseýän her güni ol gara gaşdyr
Ýatlasam ol gaşy gözlerim ýaşdyr
Barjak bolsam bügün aramyz daşdyr
Söwer ýarym seni göresim geldi
Şanyňa düzýärin şygrymy janym
Senden ylham alýan damarda ganym
Ýeketäk söýgülim sen mähribanym
Söwer ýarym seni göresim geldi
Jumamyrat Annamyradow
Her güni men seni ýatlaýan janym
Söwer ýarym seni göresim geldi
Her gije men seni küýseýän janym
Söwer ýarym seni göresim geldi
Şamar ýaly gözel saçyň sypalap
Uzyn boýly, inçe biliň gujaklap
Mähir bilen ajaýyp görkiň synlap
Söwer ýarym seni göresim geldi
Küýseýän her güni ol gara gaşdyr
Ýatlasam ol gaşy gözlerim ýaşdyr
Barjak bolsam bügün aramyz daşdyr
Söwer ýarym seni göresim geldi
Şanyňa düzýärin şygrymy janym
Senden ylham alýan damarda ganym
Ýeketäk söýgülim sen mähribanym
Söwer ýarym seni göresim geldi
Jumamyrat Annamyradow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет