Sagdyn erkek adam eýakulýasiýa wagty aýalyň wlagalişesine 500 milliona golaý spermatazoidy taşlaýar we bu hadysa haýran galdyryjy syýahatyň başlanýanmagyna sebäp bolýar. Gymmatly "ýüki" - atanyň genetiki kodyny saklaýan spermatazoid (organizmiň iň kiçi öýjügi) üçin ol syýahat örän haýal ( minutda 3 millimetr tizlik bilen) bolup, onuň üstüne her ädimde päsgelçilikler gabat gelýär. Olar ýatgynyň bogazy arkaly wlagalişadan ýatga düşýärler, ondan hem içinde aýal ýumurtgalyklary (adam organizmindäki iň uly öýjük) garaşyp duran ýatgy turbajyklaryna barýarlar. Spermatazoidlaryň ýoly gaty uzak we surnukdyrýanlygy sebäpli olaryň diňe birnäçesi soňuna çenli baryp ýetýärler. Tohumlandyrma çenli ýol 10 sagada çenli wagty alyp bilýär. Ýumurtgalyga ilkinjiler bolup iň güýçli spermatazoidlar ýetýärler, ýumurtgalygyň içine birinji girip bilen spermatazoid bolsa ýeňiji bolýar. Spermatazoid ýumurtgalyga gireninden soň, onuň kellesi guýrugyndan gopup aýrylýar we ýumurtgalygyň ýadrosyna tarap süýşüp başlaýar. Şu pursatda iki ýadro bir ýadro birikýärler we geljekde adama öwrüljek ilkinji öýjük emele gelýär, ýagny ýumurtgalyk tohumlandyrylýar.

Genetiki kod hromosoma diýip atlandyrylýan düwünlerde saklanýar. Her hromosoma DNK-nyň (biziň genetiki kodymyzy saklaýan, görnüşi boýunça ikileýin spiraly ýada salýan molekula) zynjyrlaryndan durýar. Her bir mikroskopik hromosoma 2 metrden köp DNK saklaýar. Himiki kodlar genleri biziň ýek-täkligimiziň sebäbi bolýan DNK-nyň egrem-bugram zynjyryny emele getirýärler. Biziň genetiki gurluşymyzdade ene-atanyň ikisiniň hem goşandy bar, emma çaganyň jynsy dolulygyna ata bagly bolýar. Çaganyň jynsyny hromosomalaryň 23-nji jübüdi kesgitleýär. Eneden düşýän hromosomanyň jynsy hemişe şol bir görnüşde, ýagny X, atadan düşýäniňki bolsa ýa X (gyzjagaz üçin) ýa-da Y (oglanjyk üçin) bolýar. Çaganyň miras alan genleri onuň daş syratyny we häsiýetini belli bir derejede öňünden kesgitleýärler.

Tohumlandyrylan ýumurtgalyk ýatgy turbajyklary arkaly ýatga tarap ýola düşýär. Tohumlandyrmadan ortaça 1 gün geçenden soň ilkinji gezek ýumurtgalygyň bölünmesi bolup geçýär. Hromosomalar ähli genetik koduň meňzeş nusgalaryny döredýärler. Hromosomalaryň iki toplumy bir-birinden daşlaşan wagty ýadro ikä bölünýär we öýjügiň bölünmesi bolup geçýär. 5 gün. Daşky halkasy plasenta, içindäki toplanan massa bolsa embrion bolmaly öýjük emele gelýär. Bu stadiýada içerki öýjükler stwolowoý öýjükler diýip atlandyrylýar. Olar 200 gowrak dürli öýjükleriň görnüşine öwrülip we bedeniň islendik bölegi bolup bilýärler. 7 günden soň blastosista (embrionyň 5-6 günden soňky döwri) ýatgy turbasy arkaly geljekki 9 aýda onuň düşelgesine öwrüljek ýatga barýar.

Göwreliligi üç etapa ýa-da trimestra bölýärler. Birinji trimestrda (birinji üç aýda) ýumurtgalyk dolulygyna kemal gelen çaganyň nusgasyna öwrülýär. Ilkinji 9 hepdäniň içinde adam bedeniň ähli alamatlary, gapyrgalar, nerwler, organlar, myşsalar öz keşplerine girýärler.

2 hepde. Embrion formasyny alyp başlaýar. 3-nji hepdäniň dowamynda ululugy temençäniň deşiginiň ululygyndaky embrional şar turba görnüşine geçýär. Turbajygyň ýokarsyndan kelle ösýär, aşagyndan bolsa ten emele gelýär. Kelle entek kelle görnüşinde bolmaýar, ýöne 15-nji gün nerw kletkalary esasy oňurga ýiligini emele getirip başlaýarlar. Häzirlikçe bolsa beýni ne deri ne-de süňk bilen goralan bolýar.

Aýal göwreli bolan badyna onuň içki sistemalarynda güýçli üýtgeşmeler geçip başlaýar. Göwresindäki "ýaşaýjynyň" kislorod zerurlygyny üpjün etmek üçin onuň gany 50% çenli köpelip bilýär.

3 hepde. Ýürek indiki emele gelýän organdyr. Şol wagta çenli hereketsiz ýagdaýdaky myşsa öýjükleriň lagtasy bolan ýürege 22 günden soň jan girýär. Öýjükleriň biri birden ýygrylyp başlap, öz goňşylaryny herekete girizýär we utgaşykly reaksiýa döredýär. Az wagtdan eýýam ýüregiň ähli öýjükleri herekete girýärler. Başda ýüregiň myşsa öýjükleri ýygrylma programmirlenen bolýar. Nerw sistemasy has kämilleşenden soň bolsa, beýni ýüregiň ýygrylmasyny kontrol edip başlar we çaganyň bütin ömrüniň dowamynda onuň ýürek urmasyny kadaly ýagdagda saklar.

30-njy günde embrionyň daşky görnüşine seredip onuň adam, doňuz ýa-da maýmyn boljakdygyny bilmek hatda ekspert üçin hem kyn bolar. Genleriň diňe 1.5% bizi adam edýär. Biziň DNK-myzyň 98.5% şimpanzeniň, 75% itiň, 33% nerkesiň DNK-lary bilen birmeňzeşdir.

8 hepdeden soň embrion kiçijik adama meňzeýär. Plasenta çaganyň göwrede bolýan wagty onuň ýaşaýşyny üpjün edýän sistema bolup, ol ýatgynyň diwarlaryndan geçýän örän inçe gan damarlarynyň torundan durýar. Bagyň kökleriniň ýokumly maddalary toprakdan sorup alyşy ýaly, plasenta hem ähli gerekli zady (iýmiti, suwy, kislorody) enäniň gan sistemasyndan alýar we olary çaganyň ganyna geçirýär. Şeýlede plasenta enäniň ganyndaky embriona zeper ýetirip biljek zyýanly maddalar üçin filtr bolup çykyş edýär. Emma plasenta ähli zady edip bilmeýär, şonuň üçin ene iýip-içýän, kabul edýän zatlary bilen seresaply bolmaly. Sebäbi olar göni çaganyň ganyna düşýär.
Birinji trimestr ene üçin ýakamsyz döwür bolýar. Plasenta diňe embriony iýmetlendirmek bilen çäklenmeýär, ol gormonlary işläp çykarmak arkaly göwreliligi hem kontrol edýär. Gormonlaryň köpelmegi sebäpli ir bilen käbir aýallaryň ýüregi bulanyp bilýär. Gormonlaryň biri (prodestoron) göwrelilik wagty organizmiň ýumurtgalyklary işläp çykarmagyna ýol bermeýär. Başgalary bolsa göwräniň içindäki adaty bolmadyk düwünçekden enäniň immuno sistemasynyň ýüz öwürmezligine gözegçilik edýärler.
Ýene bir hepde (9 hepde) geçenden soň embrionyň nerw sistemasy bedeniň öýjüklerini birleşdirmek bilen aktiw kämilleşip başlaýar. Nerw sistema çaganyň göwrede bolýan 9 aýynyň her minudynda ortaça 2.5 million neýron işläp çykarýar. Şol wagta çenli gymyldaman ýatan çaga bedeni 9 hepdeden soň terpenip ugraýar. Bu stadiýada nerwler diňe aýagyň myşsalaryndan oňurga ýiligine çenli bolýar. Beýni bilen baglanşyk heniz ösüş döwründe bolup, beýni häzirlikçe çaganyň hereketlerini kontrol etmeýär. Muňa özbaşdak reflektor konwulsiýa diýilýär.
Beýni entek ýüregi kontrol etmesede, ol awtomatiki usulda urup durýar. 3-nji hepdede emele gelen ýürek wagt geçdigiçe tizligini artdyryp ugraýar. Ilki 20-25 urgy bilen başlan ýüregiň minutdaky urgy sany 157-ä ýetýär (uly adamyň ýüregi minutda ortaça 70-80 sapar urýar). Şol ýokary derejesine barandan soň badyny peseldip ugraýar, sebäbi beýni indi ýürek bilen bir hatarda ähli bedeni kontrollyk edip başlaýar.
Çaga 1 ýaşaýança ýöremegi öwrenip bilmesede, eýýam 11 hepdeden soň ol özüniň ilkinji ädimlerini ätýär. 11-12 hepdelik embrionda ýöremek refleksi (refleks - programmirlenen biologiki impulslar) oýanýar we aýaklaryny gymyldadyp başlaýar. Onuň aýakjyklary ýatgynyň diwarlaryna degen wagty nerw sistemasy aýaklarda awtomatiki myşsa reaksiýasyny döredýär.
6-11-nji hepdelerde göwrelilik wagtyndaky iň wajyp we uly üýtgeşmeler bolup geçýär. Çaga metamorfozany başdan geçirýär. Şol 5 hepdäniň içinde ol 5 esse ulalýar. Öýjükleriň 200-den köp görnüşi döreýär. Myşsalar, nerwler, bagyr, iki böwrek, tüwi dänesiniň ululygyndaky aşgazan emele gelýär. Embrionyn boýy bolsa ýaňy 7 sm ýetýär.

12 hepdeden soň göwreliligiň ikinji trimestri gelýär. Çaganyň boýy ýumrukdan kiçi bolsada ol indi az-kem duýgur bolýar, şonuň üçin çaga düşmek ähtimallygy azalýar. Çaganyň düşmegi köplenç birinji trimestrda, täze öýjükleriň emele gelýän döwründe gabat gelýär. Köp halatlarda ene näme bolandygyny hem bilmeýär we çaga düşmegini ýakymsyz döwür hökmünde kabul edip biler.

Erkek we aýal embrionlaryň ikisinde-de ilki bilen meňzeş jyns organlary bolýar, ýagny iki jynsdada soň erkek ýa-da aýal jyns organyna öwrüljek güberçeklik bolýar. 12 hepdeden soň hünärmen ultrases skanirleme arkaly çaganyň jynsyny kesgitläp biler, ýöne erkek we aýal jyns organlarynyň arasyndaky tapawut birnäçe hepdeden soň has aýdyň görner. Emma olaryň ikisinde-de jyns organlary eýýamdan işläp, erkek ýumurtgajyklary testesteron, aýal jyns mäzleri bolsa ýumurtgalyklary çykaryp başlaýar.
16 hepde. 4 aýdan soň embrionyň boýy 14 sm çenli ýetýär. Beýniň kontrollyk etmeginde onuň hereketleri artyp ugraýar. Myşsalar has çeýe bolýar, elleriň we aýaklaryň barmaklary bir-birinden aýrylýar, süňkler berkeýär. Indi gözler bir-birine golaý ýerleşýär we embrion adama has-da meňzäp ugraýar. Merkezi nerw sistemasy beýniden eýýam bedeniň agramly bölegine çenli giňeýär, beýni kontrollygy doly ele alýar.
Takmynan 18 hepdeden soň iýmit siňdiriş sistemasy işläp ugraýar. Çaga iýip-içmek zerur bolmasada, ol ýüzüp ýören amniatiki suwuklygy ýuwudyp başlaýar. Takmynan şol wagtlarda (18 hepdede) ene ilkinji gezek çaganyň hereketini duýup biler. Ondan öň hem aktiw hereketleri edendigine garamazdan ene olary diňe häzir duýup bilýär (öň göwreli bolup gören aýallar göwreliligiň 15-nji hepdesinde hem çaganyň hereketlerini duýup biler). Embrion 19 hepdeden soň dogulma çenli ýolunyň ýarysyny geçýär, onuň boýy 18 sm çenli ösýär, barmak yzlary emele gelýär.
6 aýdan soň, ikinji trimestriň ahyrynda çagada ähli organlary kemala gelýär we bolmalysy ýaly işläp başlaýar. Boýy atasynyň aýasyndan uly bolmasada, onuň göwräniň daşynda ýaşap bilmegi ahmal. Elbetde beýle çaga üçin örän köp alada etmeli bolar, ýöne onuň dogulmagy we ölmän galmagy üçin 24 hepde iň irki möhlet hasap edilýär. Ikinji trimestriň ahyrynda çaga ýag toplamak we öz bedenini işletmegi öwrenmek bilen bolýar.

Ene çaganyň edýän ähli hereketlerini oňat duýup başlaýar. Bu döwür ene üçin göwreliligiň dowamynda özüni iň oňat duýjak döwri bolýar. Ol öňkülere görä has dogumly we işeňňir bolup biler. Irdenki ýürek bulanmalar yzda galar, göwresindäki çaga bolsa heniz rahatsyzlyk döredip biljek derejede uly bolmaz.

24 hepdeden soň çaga özüniň ösüşiniň iň gyzykly hem-de täsin döwrüne gadam basýar. Şol döwürde onuň duýgulary oýanýar we ol ilkinji gezek daşky dünýäniň täsirini duýýar. Duýuş organlarynyň köpüsi (gulaklar, burun, diliň tagam duýujy dügürjikleri we duýuş organlaryna jogap berýän nerwler) eýýam doly kämilleşýär. Onuň beýnisi şol duýgur öýjüklerden gelýän signallardan dolup ugraýar. Beýni ol akymlary özleşdirip başlamaly bolýar.
Çaganyň agzy we burny enäniň kabul edýän iýmitiniň tagamyny we ysyny saklaýan amniatiki suwuklykdan dolýar. Ýiti tagamlar plasentadan çaganyň gan aýlanşyna aňsat geçýärler we amniatiki suwuklygyň düzümine goşulýar. Şol sebäpli çaga eýýam iýmitiň tagamyny duýup başlaýar. Kämilleşen tagam we ys alyş duýgylary çaga doglandan soň ene süýdüni tanamakyga kömek edýär. Ene süýdi hem edil amniatiki suwuklyk ýaly enäniň kabul eden iýmitiniň tagamyny we ysyny özünde jemleýär. Eger doglan çaga ol tagamlar bilen öň tanyş bolsa, onda dadan tagamyny halaýar we berilmegini isleýär.
Çagada eşidiş duýgularynyň beýlekilere görä has gowy kämilleşmegi mümkindir. 13-nji hepdeden soň çaganyň ilkinji eşidýän sesleri ene bedeniniň hümürdisi we jugurdamasy bolýar. Çaga amniatiki suwuklygy itekleýän wagty hem sesleri öwrenýär. Ol şeýle-de enäniň we özüniň ýürek urşyny hem eşidýär.
Çaga daşyndan gelýän sesleri (gürrüňleri, galmagaly, sazy) hem eşidýär. Enäniň sesi organizmiň suwuklyklary arkaly barýandygy üçin çaga başgaça eşdilýär. Bu oňa ene bilen başga adamlaryňkydan tapawutlanýan üýtgeşik gatnaşygy ýola goýmaga kömek edýär. Başga sesler, meselem, atanyň sesi ilki howadan, soň suwuklygyň içinden geçýär we şol aralykda çaga ýetmän bilýär.

Çagalar 26-njy hepdeden başlap wagtynyň 90%-i ukuda geçirýärler. Ukyda wagty olary hiç zat oýarmaýar. Galan 10%-ni bolsa bolup biljek haýsam bolsa bir zada garaşmaklyk bilen geçirýärler. Olar garaşylmadyk seslere tisginmeklik, ýagny depmeklik bilen jogap berip bilýärler.

Üçünji trimestrda çaga günde ýarym litre çenli amniatiki suwuklygy ýuwudýar. Ony ýuwutmaklyk arkaly çaga ýatgydaky suwuklygyň deňagramlylygyny saklaýar we özüniň iýmit siňdiriş sistemasyny ösdürýär.
26 hepdelik çaganyň boýy 25 sm ýetýär. Ol çalt ösüp, dogulýança agramyny 3 esse, boýuny 2 esse artdyrar. Beýni we nerw sistemasy ösmegini dowam eder we onuň ýady peýda bolar. Wajyp organlardan soňky bolup öýken emele geler.

Enäniň ýürek urşy we gan basyşy onuň emosional ýagdaýyna bagly bolup, onuň rahat ýagdaýynda ýürek rahat bolýar, basyş hem aşak düşýär. Eger ol dartgynly we gaharly bolsa, onda ýürek çalt urýar, basyş ýokarlanýar. Embrionyň öz gan aýlanyş sistemasynyň bardygyna garamazdan, enäniň ýürek urgusynyň güýçlenmegi we basyşynyň ýokarlanmagy çaga (plasentanyň üsti bilen) täsir edýär. Ene gaharlanmagyny bes eden wagty onuň ýürek urşy kadaly ýagdaýa gelýär, emma çaganyň ýüregi plasenta arkaly geçen stresiň netijesinde örän güýçli urup başlaýar. Enäniň stresi çaganyň agramynyň az bolmagyna we wagtynda öň dogulmagyna eltip bilýär. Dowamly stres çaga geçip, onda ýürek keselleriniň döremegine getirip, şeýle-de onuň akyl taýdan ösüşine hem ýaramaz täsir edip bilýär.

Çaga 28-nji hepdä çenli agramyny çalt artdyrmak we deriň aşagynda ýag zapasyny toplamak bilen ýolunyň üçden iki bölegini geçýär. Duýgylar kämilleşýär, kelle beýniniň çanagy eýýam beýnini gorap bilýär. Ýene-de 4 hepdeden nerw sistemasy ýaňy doglan çaganyňky ýaly bolar.
33 hepde. Göwreliligiň soňky stadiýasy aýallar üçin ýeňil bolmaýar. Soňky 2 aý köp aýallar üçin agyr geçýär. Çaganyň agramy we oňurga düşýän basyş arkada we aýaklarda agyry döredip bilýär. Käwagt enäniň dem almasy kynlaşýar, sebäbi kislorod öýkene adatdakydan 20% köp gerek bolýar.
38 hepde. Çaganyň haçan doguljakdygyny hemişe takyk kesgitlemek mümkin däl. Olaryň diňe 5%-i lukmanlaryň bellän gününde dogulýarlar. Galanlary şol günden 2 hepde öň ýa-da soň aralykdaky wagtda dogulyp bilýärler.
Dogurmaklygyň başlangyç stadiýasynda ýatgynyň aşaky böleginde ýerleşýän çaganyň kellesi ýatgynyň agzyna gysylýar. Dogulmaklyk çaga üçin hem agyryly bolýar. Onuň göbegine düşýän basyş kislorodyň ýoluny baglap bilýär. Çaga kömek etmek üçin enäniň bedeni adrenalin bölüp çykarmaklygyny artdyrýar.
Ýatgynyň agzy doly açylandan soň dogurmaklygyň ikinji stadiýasy başlanýar. Çaga ýuwaşlyk bilen ýatgynyň agzyndan wlagalişa itilip ugraýar.
Çaga doglandan soň onuň öýkenleri suwuklyklardan boşaýar, howa haltajyklaryna howa düşüp başlaýar. Çaga doglandan, ýagny onuň organizminiň ýaşaýyş üçin zerur sistemalary özbaşdak işläp başlandan soň göbegi kesilýär. Plasenta indi gerek bolmaýar we ol dogurmaklygyň üçünji stadiýasynda ýatgydan aýrylyp çaganyň yzy bilen çykýar.

Her ýyl Ýer ýüzünde 130 milliona golaý aýal-gyz göwreliligi we çaga dogurmaklygy başdan geçirýär. Bu hadysanyň öwrenilmegi çaga dogurmaklyk bilen bagly töwekgelçilikleriň ep-esli azalmagyna getirdi.

9 aýlap göwrede ösüp-ulalan çaga ahyry enesi bilen duşuşýar. Ol ýumurtga öýjüginden embriona, soň bolsa täze doglan çaganyň trillionlarça öýjügine öwrüldi. Indi onuň ýüzi, elleri, aýaklary, gözleri, beýnisi, bedenini dolandyrar ýaly nerw sistemasy, iýmit siňdirer ýaly aşgazany we içegeleri, gany aýlar ýaly ýüregi bar. Ol dem almagy, eşitmegi, iýmegi, ýatda saklamagy, aç, ýadaw ýa-da agyry duýan wagty ony ene-atasyna bildirmegi öwrendi. Hemmesini hem göwräniň içinde.

“In the womb”
National Geographic

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, backsp tarapyndan 28-06-2023, 01:01

  • Dudu Dudu off № 1 28 июня 2023 16:18
    garnyndan sypalaýyn icinde oglum bar
    Jogap
  • Senem Senem off № 2 8 августа 2023 12:36
    gowy maglumat
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler