Soňky döwür ýaşlarymyz has oňat bilim almak daşary ýurdyň biliminden peýdalanmak üçin ýokary okuw jaýyny okamana dünýänin ähli künjeginde okuwa gidip başladylar. Ýöne ýaşlarymyzyň arasynda yzyna dolanmaýanlar hem bolýar. Ýada uzak wagt soň dolanyp barýarlar we iş durmuşyna gadamyny basýarlar. Ýaşlar näme sebäpden döwletlerine dolanmak islemeýärler ? Bu barada hiç pikir edip gördüňüzmi?Geliň şu mesele barada aýdyp geçeliň.
Daşary ýurtda okuwuny tamamlan Türkmen ýaşlarymyzň käbirleri watanyna dolanman başga döwletlerde işlemäne özlerine has makul bilýäler. Aýtmaklaryna görä sebäbi bolsa Türkmenistanda dolananynda oňat işe ýerleşip bilmejeklerini ýada bolmasa aýlyk haklarynyň özlerini makul edip bilmejeklerini aýtýarlar. Şeýle hem diňe maddy ýagdaýdan dälde käbir halatlarda öz durmuşlarynda daşary ýurtda has erkin duýýandyklaryny aýtýarlar.
Ondan başgada diňe bir okuwyny tamamlan ýaşlarymyz dälde eýsem häli şindi hem bilim almaga dowam edýän ýaşlarymyz hem gelejekde daşary ýurtda galmagy hyýal etýändikklerini aýdýarlar.
Bu hakykatdan hem bizi diýseň gynandyrýar . Näme üçin şeýle güýçli bilimli sowatly ýaşlarymyz öz watanyna gulluk etmän başga döwletde aýrylyk hasratyny çekip ýaşasynlar!? Olaryň iň uly meselesi egerde dolanyp baran halatlarynda pes aýlykda işe girmekleri arkaýyn bolmaýandyklary şeýle hem işe girmek hem diýseň (güýçli arkasy yada tanyş bilişi bolmasa) kyn bolýandygyny aýtýarlar.
Ine meselem daşary ýurtda saglyk we şuňa meňzeş birnäçe ugurlaryny dynyp gelen ýaşlarymyz Türkmen halky üçin örän zerurmyka diýip pikir etýän emma saglygy dynyp aňsat aňsat az hakly aýlyga kaýyl bolup watanyna dolanjak ýaşlar azmyka diýýän.
Daşary ýurtda pulsyz aňsat aňsat galmarsyň diýen pikir bar ýaşlarda sebäbi olar hem okap hemde işläp durmuşlaryny dowam etdirensoňlar aňsat aňsat beýle ýerden gaýtmak islemezler.
Meseleleri aýtdyk geçdik ýöne asyl soragymyz bu barada näme edilse ýada bolmasa döwlet bu ýaşlara nähili garasa has gowy bolar diýip pikir etýäňiz? Men öz düşünjelerimi aýtsam:
1-nji daşary ýurdy dynyp gelen ýaşlarymyzyň diplomlaryny kabul edenlerinde çenden aşa mesele çykarmasalar
2- hakykatdan hem beýle zehinli ýaşlary aýratyn tutup olaryň göwnünden turup biljek işler berip olaryň aýlyk möçberini hem şoňa görä goýsalar meň pikirimçe ýuwaş ýuwaşdan düzelermyka diýýän.
Siziň pikirleriňiz nähilli?
“Men daşary ýurtdan dolanasym gelenok!”
Bilim,
PROLIGA
tarapyndan
8-07-2023, 13:28