Sensiz
Maňa ajap barlyk ýetdi,
Gerekmidir arşa dadym?!
Emma sensiz darlyk etdi,
Köçeleri Aşgabadyň.
Ýalňyzlyk gujagyn açdy,
Diňlenmedi perýatlarym.
Şat günleriň başyn çapdy,
"Gussa" atly jellatlarym.
Köňülleň höwäsi barmy?
Görýäni ýamaklyk bolsa.
Pasyllaň günäsi barmy?
Duýýanym sowuklyk bolsa.
Ötegçi boldum kalbyňda,
Mukymyň bolup bilmedim.
Diňleýji boldum aýdymda,
Mukamyň bolup bilmedim.
Muzeýe öwrüler aňym,
Ýatlamalar galar çensiz.
...Giňelderin köçäň daryn,
Bolar Yşkam, Bagtam -
Sensiz...
Ylham GURBANALYÝEW
Gerekmidir arşa dadym?!
Emma sensiz darlyk etdi,
Köçeleri Aşgabadyň.
Ýalňyzlyk gujagyn açdy,
Diňlenmedi perýatlarym.
Şat günleriň başyn çapdy,
"Gussa" atly jellatlarym.
Köňülleň höwäsi barmy?
Görýäni ýamaklyk bolsa.
Pasyllaň günäsi barmy?
Duýýanym sowuklyk bolsa.
Ötegçi boldum kalbyňda,
Mukymyň bolup bilmedim.
Diňleýji boldum aýdymda,
Mukamyň bolup bilmedim.
Muzeýe öwrüler aňym,
Ýatlamalar galar çensiz.
...Giňelderin köçäň daryn,
Bolar Yşkam, Bagtam -
Sensiz...
Ylham GURBANALYÝEW
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
1 комментарий