Men öýkeledim,
Sen ilkinji gezek, "Söýýän" diýeňde.
Men öýkeledim,
Üstüme ýagyş deý mähir guýaňda.

Men öýkeledim,
Halym günde soranyňda,
Ýaman gözden goranyňda,
Mylakatly garanyňda,
Döwük kalby saranyňda,
Bagt nyşanlap ýöräniňde,
Öýkeledim.

Ynha-da baryja näz eden bolşum,
Bildirýärdim söýýänimi öýkeläp.
Senem bilip göwne alman öýkämi,
Diýerdiň, degişip:"Geljekki öýdäki,
Bagta ýetmeli biz öýkeleşmäli!"
Ana, şeýdip oýna ýazyp ählisin,
Gereksiz öýkeleň barysyn çekdiň,
Ýöne, näme, ahyrsoňy, eý ýigit!
Maňlaýa ýazylan bagt bolup çykdyň.

Uzuk NOWRUZOWA

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Uzuk Nowruzowa tarapyndan 12-07-2023, 18:08

  • Remezan Remezan off № 1 12 июля 2023 19:54
    Senem bilip göwne alman öýkämi,
    Diýerdiň, deckin:Geljekki öýdäki,

    Öýdäki- şu söz bn ylalaşmadym galan ýerini haladym...

    Öýdäki- biwepalyk edýän kişiniñ aýdýan sözi.

    Işdäkim, meýdandakym, gezelençdäkkm, öýdäkim, şäherdäkim, obadakym, çöldäkim garaz däkisi kändä
    Jogap
  • Uzuk Nowruzowa Uzuk Nowruzowa off № 2 12 июля 2023 20:38
    Remezan,
    Her kimiň öz garaýşy bar bu söze bolup biler. Men-ä onuň ýaly garamok
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 4 13 июля 2023 07:23
    Öýdäki gaty bir erbet sözem dälmikä diýýän
    Jogap
  • Uzuk Nowruzowa Uzuk Nowruzowa off № 5 13 июля 2023 09:45
    garaburc,
    Ýok oýkelämok-la. Herkimin öz garaýşy bolup biler?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler