1) Dört okaram hap-da, hap,
Birin aç-da birin ýap.
2) Bir agaçda on iki şaha.
Her şahada otuz ýaprak.
Her ýaprakda bir gül bar.
3) Saýawanly täsin öý,
Ynsanýetiň bagtydyr.
Ýarym gün-ä garaňky,
Ýarym günem ýagtydyr.
4) Biri gara,
Biri akdyr.
Bir- birege
Duşman ýokdur.
5) Dört sany gulagy,
Hem ullakan kellesi.
Ýöne hiç zat eşitmez,
Gije ýatan pillesi.
6) Bir enäniň bäş gyzy bar,
Tahýalary kümüş zerli,
Hemmesiniň ýaşy meňzeş,
Boýy welin dürli-dürli.
7) Bir gol içinde otuz iki jöwen.
8) Bir enäniň on ogly,
Hemmesiniň ady bir.
9) Ýedi deşikli gyl ýumak.
10) Aýagy iki,
Ikidir gözi.
Çakganja biçip,
Kesýändir özi.

File engine/modules/thanks.php not found.

Sorag-jogap, Mary tarapyndan 16-07-2023, 14:11

Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler