Aladamyz ýokdy. Arzuwlarymyz bardy: «Ulalanymyzdan soňra, uly
işgär bolarys, daşary ýurtlaram görüp geleris. Pulumyz köp bolar — biz oňa üýtgeşik mekdep, mugt diýen ýaly hyzmatlary berjek hassahana gurarys, ýolbaşçylygynda-da özümiz durarys. Ilki bilenem köçeleri oňararys. Ýardam isleýänleriň hemmesine hökmany suratda kömek edip ýetişeris» diýýärdik. Ondan bäri ep-esli ýyl geçdi. Haýran galaýmaly ýagdaýdyr bu — başgalar üçin: dostum bilen eden şol arzuwymyz henizem üýtgänok. Nesip bolsa, bir gün amala aşyrarys. Çünki, şäherimiz henizem bize garaşýar ahyryn.
Howwa, meniň önüp-ösen şäherimde her dürli zatlar, adamlar bardy: gazlar, baýguşlar, güller, Gapuryň dükany, hiç kime zeleli bolmadyk Guwaş däli, hiňňillikler, bazarlar, täze oba raýony, çagalary gowy görýän esgerler, paýlaýan çapadyňy ýylgyryp alýan goňşular, Gurban baýramynda hezil edip gülüşýän daýzalar, ýolkanyň başyndaky sowgatlar dörjelenýän täze ýyllar, teleşkeli toýlar, Gadyr gijeleri, tomuslar, gyşlar, ýazlar, güýzler, jokrama yssy, pejiň ýylysy we sowuklar, aprel gözelligi, güýzüň bilim buşlugy, ýollary, ýodalary, pagtadyr-bugdaýlary, mele- myssyk çörekleri, ötegçi myhmanlary, Metjitleri, mollalary, maşynyň daşyna üýşýän çagalary, tanamaýan çagalaryna hem mähir bilen garaýan eneleri, agras ýaşulylary, gahrymanlary, döredijilik dünýäsi: şahyrlary, aýdymlary, kitaplary, şol kitaplara siňen ömürleri, rahat ukylary, dolan Aýy, dogan wagty ýüzüňe düşýän Gün şöhleleri, ullakan ýüregi... bardy. Howwa, meniň dogduk mekanymda hemme zat we her dürli adam bardy.

O. MYRATBERDIÝEWA “Size ýazylan hatlar”

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Telwas tarapyndan 16-07-2023, 19:25

  • Гость Гость off № 1 16 июля 2023 19:43
    Näme üçin gyzlar beter duýguçyl bolýa )
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 16 июля 2023 19:44
    Gowmy jora ýagdaýlaň?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 3 16 июля 2023 22:45
    Gyzlar duýgularyny ýüze çykarmakda ussat. Oglanlar aňsat-aňsat ýüze çykaranok duýgularyny. Şoň üçin gyzlar has duýguçyl ýaly görünýär. Aslynda ikisem duýguçyl.

    Гость, Alhamdulillah oňat. Özüň gowumy joram?
    Jogap
  • Telwas Telwas off № 4 16 июля 2023 22:49
    Ykballaryň iň öwgä mynasybyny ýöredim. Serimi dumanly pikirler
    gaplamasyn. Ýykmadym, ýumurmadym, öldürmedim, çapmadym. Diňe söýdüm. Adamlarda durmuşa, ýaşaýşa bolan höwes döretdim. Hiç kimiň lukmasyna, baýlygyna gözümi dikmedim. Men diňe ýaşadym. Ömürleriň iň manylysyny ýaşadym. Pursatlary yzyna dolamaryn. Goý, olar, şo- ol duran ýerlerinde galsynlar. Howwa, ýaşadym. Bagrymy ýakdym. Duşmanlarymy golaýyma getirdim. Ýaralandym. Şikaýat etmedim. Etsemem — ökünmedim. Dostlarym goldaw berdi. Olam ýekejedi. Ýaşdym, tejribesizdim. Az urgy almadym. Az ynamymy parçalatmadym. Çekdim gitdim. Meni islemeýän ömürlerden özümi gopardym. Başardym. Muny hakykatdanam başardym. Ähli zada täzeden başladym. Täze durmuşyma serim sag, sagdyn nazar bilen bakdym.. Yşkamy düşdüm? Bilmedim. Ýöne, tankytlanmakdan ýadapdyryn. Aýyn bolmasa, «Sen ynjyk» diýýärler. Hany, meniň ýörän ýolumy ýöresin şu adamlar? Ynjyklyk bilenem oňsalar bolar. Her kim nähili ýaşamalydygyny öwretjek bolýar.
    Jogap
  • Belki Belki off № 5 17 июля 2023 01:28
    Düýn-öññinlikde "Nesiliñ" baş redaktory Artykguly aga bilen Ogulşady öwdük :) Esere söz ýok.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler