agladym...
Ýagtysyn ýitirip nurly gündiziň,
Gije göge düzen wagty ýyldyzyn.
Meň kalbymda çakdy birden ýyldyrym,
Çagalyk dünýäme pikrim bagladym,
Agladym,
Köýnek biçip-tikip gurjaklarymyza,
Sowgat berişerdik joralarmyza,
Geň galýan şol oýnan oýunlarmyza,
Şoo günlen ýakymyn şeýle zarladym,
Agladym,
Aramyzda edip birini gelin,
Tans oýnan bolardyk tutup biz elin,
Indi şolaň bary boldy çyn gelin,
Öňki joralarmyň baryn ýatladym,
Agladym..
Işden ýadamazdyk kiçi bolsak-da,
Bäsleşip ýygardyk pagta ýygsak-da,
Juda agzybirdik biz köp bolsak-da,
Şol günleri ýatlap kalbym dagladym,
Agladym...
Bagtly ýatlamalar möhürlap serde,
Gamsyz çagalygym galdy bir ýerde,
,,Gaýdaýyn" diýsemde ýok ol hiç ýerde,
Müň gözlap tapmajak günlem zarladym,
Agladym...
Suraý Öraýewa
Gije göge düzen wagty ýyldyzyn.
Meň kalbymda çakdy birden ýyldyrym,
Çagalyk dünýäme pikrim bagladym,
Agladym,
Köýnek biçip-tikip gurjaklarymyza,
Sowgat berişerdik joralarmyza,
Geň galýan şol oýnan oýunlarmyza,
Şoo günlen ýakymyn şeýle zarladym,
Agladym,
Aramyzda edip birini gelin,
Tans oýnan bolardyk tutup biz elin,
Indi şolaň bary boldy çyn gelin,
Öňki joralarmyň baryn ýatladym,
Agladym..
Işden ýadamazdyk kiçi bolsak-da,
Bäsleşip ýygardyk pagta ýygsak-da,
Juda agzybirdik biz köp bolsak-da,
Şol günleri ýatlap kalbym dagladym,
Agladym...
Bagtly ýatlamalar möhürlap serde,
Gamsyz çagalygym galdy bir ýerde,
,,Gaýdaýyn" diýsemde ýok ol hiç ýerde,
Müň gözlap tapmajak günlem zarladym,
Agladym...
Suraý Öraýewa
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
Комментариев нет