40
Merenga (Meringue, Безе) taýynlamak üçin gerekli azyk harytlary


2 ýumurtganyň agy
1 stakan şeker
5 gr wanilin
2 gr limon kislatasy

Taýynlanyşy / bişirilişi

Suw banýasyny ýasamaly. Bir gazanyň içine biraz suw guýmaly. Üstüne gury aýna ýa-da demir gap goýmaly. Üstüne goýan gabymyz suwa we gazanyň düýbüne degmeli däl. Üstündaki gaba ähli önümleri goýmaly. Gazany haýal otda goýmaly. Garyndyny şeker ereýänçe bulamaly.
Şeker eränden soň gabymyzy gazandan aýyrmaly we aşagyny süpürmeli. Mikser bilen haýal tizlikde garmaly. Ýuwaşjadan garyp mikseriň tizligini soňky derejä çenli ädimler bilen gataltmaly. Krem gowuja goýalýança garmaly.
Protfine pergament kagyz (ýagly kagyz) ýazlamy. Kremi konditer haltajynyna goýup islän şekliňizi protfine ýasamaly. Isleseňiz konfeti bilen hem üstüni bezäp bilersiňiz.
Duhowkany 80-100 gradusda gyzdyrmaly we 30-40 minut merengany bişirmeli. Işdäňiz açyk bolsyn.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Kinza tarapyndan 22-07-2023, 10:07

  • LIDER LIDER off № 1 22 июля 2023 22:13
    Iyip bolmazmyka
    Jogap
  • Kinza Kinza off № 2 23 июля 2023 07:26
    LIDER,
    Bolar)
    Jogap
  • Kinza Kinza off № 3 30 ноября 2023 17:15
    LIDER,
    Salam. Sen bir shahsy hatyňa göz aýlap goýberäýdä
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler