Salam eziz saýtdaşlarym ! Eger siz garyp goşguçy Gerçeknazary görmek isleseňiz , şu gün (03.08.2023) agşam sagat 19:00-da Altyn asyr teleýaýlymynyň "Bagtyýarlyk ylhamy" atly döredijilik söhbetdeşliginde görkezmekleri gaty ahmal. Bilşimiz ýaly bu döredijilik söhbetdeşliginde ýaş şahyrlar goşgy okaýar we halypa şahyr Orazguly Annaýew şol okalan goşgylar barada özüniň belliklerini aýdýar we ýaş şahyrlarara juda peýdaly maslahatlaryny berýär. Nesip bolsa bu barada has giňişleýin hekaýa ýazmakçy .  Hormatly galamdaşlarym ! Size-de "Bagtyýarlyk ylhamy"-na gatnaşmagyňyzy maslahat berýän .(iň bolmanda telewizire çykarsyňyz ;) Islendik welaýatlarda okaýan, işleýän ... ýaş şahyrlar gatnaşyp bilýär. Dogrymy aýtdan . Meniň özümä "Bagtyýarlyk ylhamyna" telewizire çykmak üçin dälde (telewizire çykmak öýdäkilere bahana boldy) ýörüte Orazguly halypany  görmek we onuň maslahatlaryny almak maksady bilen gitdim . Orazguly aganyň häsiýetem şeýle açyk , güler ýüzli , degişgen , ýardamsöýer , örän mylakatly adam eken..
Bolýar onda hormatly saýtdaşlarym ! Ýene-de gowy-gowy habarlary ýetirip durmak maksady bilen hoş , sag boluň !

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Gerceknazar tarapyndan 3-08-2023, 06:24

  • Pegas Pegas off № 1 3 августа 2023 06:48
    Garyp goşguçy?
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 2 3 августа 2023 07:22
    sutayda goryanimi name etjegimi bilemok erkek yaly
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 4 3 августа 2023 10:50
    Герчекназар дийип тутарлармеы адыны?
    Jogap
  • menembiri1 menembiri1 off № 5 3 августа 2023 11:23
    Pegas
    Garyp goşguçy?

    Baý goşguça öwrülip geläýme ýene, ol hindi kinolardy ýaly garyp oglan birden ýitýe(hudaý bilsin näme biznes etýemi, türke gitýemi) soň birden çykyp baý oglan bolup gelşi ýaly...degişýenleý, üstünlik!
    Jogap
  • Гость Гость off № 6 3 августа 2023 13:01
    Delje bir zat bolsa görsegem bolýa weli, garyplary görmek gyzyksyzl'aý )
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 7 3 августа 2023 17:26
    Bagyşlaň sagat 20:00 töwereklerinde bolmaly, ýalňyş gidipdir.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 8 3 августа 2023 20:00
    menembiri1
    Pegas
    Garyp goşguçy?

    Baý goşguça öwrülip geläýme ýene, ol hindi kinolardy ýaly garyp oglan birden ýitýe(hudaý bilsin näme biznes etýemi, türke gitýemi) soň birden çykyp baý oglan bolup gelşi ýaly...degişýenleý, üstünlik!

    Çyndanam şolar nädip galýaka, ýa mason ekelere goşulaýýalarmyka? ?️‍♂️??
    ???‍♂️?
    Jogap
  • Rigel Rigel off № 9 3 августа 2023 20:51
    Gorkezmeda?
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 10 3 августа 2023 21:02
    Rigel
    Gorkezmeda?
    Адатча душенбе гунинде болян ялыды шол геплешик.
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 11 3 августа 2023 21:07
    @kwadrat kelle duşenbe güni sagat näçede görkezýär.
    Jogap
  • Gerceknazar Gerceknazar off № 12 3 августа 2023 21:09
    "Türkmen, Özbek,Täjik dostlugy" gepleşiklerini görkezmek üçin biz garybyňkyny bir hepde yza süýşürilen bolaýmasalar.
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 13 4 августа 2023 00:08
    Gerceknazar
    @kwadrat kelle duşenbe güni sagat näçede görkezýär.

    Ватан хабарлар геплешигинден онрак болянны билйан. (21.00 дакы)
    Jogap
  • Ayralyk_Official Ayralyk_Official off № 14 4 августа 2023 00:09
    Salam agşamyňyz haýyrly bolsun meniň sizden bir haýyşym bar kyn görmeseňiz siziň şahsyňyza ýazyp bilmedim şonuň üçin şu ýerde haýyş etmäni makul bildim! Men şu ýyl uçurym bolýan nesip bolsa şonuň üçin maňa goşgy ýazyp beregiňizi haýyş etjekdim sizden. Diýmegiňiz mümkin"Entek ir" hawa ir soň okuw bilen başagaý bolup size aýdyp ýetişmerin öýdüp.Egerde haýyşymy kyn görmän ýerine ýetirseňiz örän şat bolaryn!Minettdar!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler