Unutmaryn uzaklarda bolsaňda
Çünki sen meň ýüregimde ýaşaýaň
Bu gün özgäň gujagyna dolsaňda
Ýene saňa bagt diläp ýaşaýan

​Geregim sen ýüregim sen janym sen
Janda ruhum ,damarymda ganym sen
​Seni nädip beýle söýip bildim men
Indi diňe bir sen diýip ýaşaýan

Gerçeknazar aýdar sensiň mydarym
Aýt sensiz bu derde nädip çydaryn
Boldy besdir galmady meň kararym
Menem adam,düşün menem ýadaýan

Awtory:Gerceknazar Amannazarow

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Sabirovva_S tarapyndan 12-08-2023, 08:52

  • mrokas mrokas off № 1 12 августа 2023 11:18
    "Bu gün özgäň gujagyna dolsaňda
    Ýene saňa bagt diläp ýaşaýan"

    Ine şu iki setirdäki mertligi etmek her gün ölip direlmek bolar.

    "Aýt sensiz bu derde nädip çydaryn"

    Hiçkim bilenok bu soragyň jogabyny ýeke bilýän adamam ol emma olam jogap bermez...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler