Ýetim oglanjygyň içindäki oýlary...!!!
"Täze ejem" öýden
Haçan giderkä?
"Köne ejem" öýe
Haçan gelerkä?!
Kakamyñ ýok wagty
"Ýetimçe" diýýär.
Muny täze ejem
Nämüçin diýýär?!
Muny "köne ejem"
Gelen mahaly,
Aýtsam "täze ejeme"
Geler gahary.
"Köne ejem" gelenok,
Eýýäm ýaz düşdi.
"Köne ejem" gelenok,
Bugdaýlar bişdi.
"Köne ejem" gelenok,
Döwek döwülýär,
...Ýa öýmüzden
Ýagşymyka öwlüýä?!
Awtory: Gurbanýaz Daşgynow
Haçan giderkä?
"Köne ejem" öýe
Haçan gelerkä?!
Kakamyñ ýok wagty
"Ýetimçe" diýýär.
Muny täze ejem
Nämüçin diýýär?!
Muny "köne ejem"
Gelen mahaly,
Aýtsam "täze ejeme"
Geler gahary.
"Köne ejem" gelenok,
Eýýäm ýaz düşdi.
"Köne ejem" gelenok,
Bugdaýlar bişdi.
"Köne ejem" gelenok,
Döwek döwülýär,
...Ýa öýmüzden
Ýagşymyka öwlüýä?!
Awtory: Gurbanýaz Daşgynow
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
5 комментариев