Ýalñyzlyk. Dört tarapy ýalñyzlyk bilen gurşalan ada men.
Pulsuz, görksüz adamyñ içki dünýäsi, zeýrençleri size o diýenem gyzykly däldir welin onda-da az-da kän-de çak edýänsiñiz meniñem duýgularym bar. Şonuñ ýaly adamlarda duýgy bolmasa bolanokmyka diýseñizläñ. Wah, şol bolmaly däldi-dä. Ony geçdim doly maşgala-da berilmändir şol duýgy diýlen zadam bermän goýber-dä hä. (Munym birhili bolaýdy öýdýän.)
Soñky bir ýyl bäri men men däl. Sen kim diýseñiz ony özümem bilemok. Ýüzleý, ýöntem, ýeñilkelle ynsanlardan kän parhymam bolmady öýdýän. Ýalñyzlykdan halas boljak bolup ruhyma düýpgöter ters kişiler bilen dostlaşdym. Boş lakgyldaşmalarda wagtymy öldürdim. Hakykata göz ýetirmän gezen bolsam boljakdy welin oña-da göz ýetirdim.
Indem ýene şol gözüñe söweýin ýalñyzlyk. Ruhy boşluk.
Depressiýa. Mundan artyk näme aýdaýyn.
Size diñe ýekeje soragym bar:
Adam ýalñyzlykdan nädip halas bolmaly?

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Belki tarapyndan 18-08-2023, 06:12

  • Belki Belki off № 1 18 августа 2023 06:14
    Işde şeýle bir başagaý gyzykly durmuşym bar welin öýe gelenimden soñky ýekelik ýokuş degýär
    Jogap
  • Belki Belki off № 2 18 августа 2023 06:16
    Diñe iş bilen ýaşaýyn şu ýalñyzlygy duýmaýyn diýip metbugat toplumyndan online iş soradym. Olam başa barmady. Indiki ýyl gelmelimişim. Oña çenlem kän çykyş etmelimişim gazet-žurnallarda. Wah, näsini aýdýañ, o zatlara motiw galdymy mende.
    Jogap
  • Belki Belki off № 3 18 августа 2023 06:20
    Käbir adamlar neneñsi bagtly, käbir adamlar neneñsi betbagt...
    Jogap
  • Belki Belki off № 4 18 августа 2023 06:22
    Gök astynda ýalñyz men
    Ýer üstünde ýalñyz men
    Özüm aglap köşeşsem
    Hiç kimse bilmez eje!
    Jogap
  • Belki Belki off № 5 18 августа 2023 06:23
    Hamala ýeterlik derejede betbagt däl ýaly ylhamam meni terk etdi.
    Jogap
  • Belki Belki off № 6 18 августа 2023 06:26
    Arada bir galamdaşyma jañ etdim. Añyrsynda çagalary gyk-da bak bolşup zordan gepleşdi. Oña "Sen neneñsi bagtlydygyñy bilýäñmi?" Diýesim geldi. Diýip bilmedim. Çagalary gepleşmäge maý bermäni üçin soñ jañ etjekdigini aýdyp öçürmeli boldy.
    Jogap
  • Belki Belki off № 7 18 августа 2023 06:27
    Şeýdip mowzuk açyp zeýrenibersem ýadyma Gültäç düşýär...
    Jogap
  • Belki Belki off № 8 18 августа 2023 06:29
    Şu saýta ilkinji giremdäki niýetim özümi hiç kime tanatman diñe duýgularymy pikirlerimi arkaýyn paýlaşmakdy. Häzir meni köpüñiz tanaýar ýöne bulam meniñ içki duýgymy arkaýyn paýlaşmagyma päsgel berip bilenok.
    Jogap
  • Pakize Pakize off № 9 18 августа 2023 07:00
    Ilki Massimus agzan mowzugyny okapdym şoña irdenden bäri ýylgyryp otydym. Son sizin mowzugynyzy okap bar ýylgyrşym zym zyyat boldy. Näme diyjegmem bilmedim dogrusy sabyr edin diyaymesem.
    Jogap
  • MILALIKA MILALIKA off № 10 18 августа 2023 08:12
    Wagty gelende seninem maňlayyň açylyp gider. Munun ucin sende hemme mumkincilikler bar. Bir amaty geler ozi. Gamgyn bolup yorme.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 11 18 августа 2023 08:29
    Menem ýaňyja beýleki mowzuklary okaşdyryp iň ahyry şul mowzuga geldim, indi başardygymdan ýürek agyrdyjy temalardan gaça durýan sebäbi indi ýürek ejizläpdir çydam edip bilemok. Bu oýlanmany okap bolsa edil öz içimden geçýän zatlary biriniň galamynda okadym. Beýle duýgulary başdan geçirýän ýeke özüm däldigini bilmek maňa göwünlik berdi biraz. Mende nähili bolýar aýdaýyn her gün irden gözümi açan badyma entek ýene bir daňy diri garşy alandygymy oýlap ýetişmäkäm gussalarym basýar üssümi. Ýüregim dykylýar we ýene men daň bilen hiç ýaşasym gelmeýän ýene bir güni garşy alýaryn. Bu sözleri okaýan adam üçin bu ýönekeý sözler ýaly emmma men şu zatlary her gün ýaşaýan, bu şeýlebir agyr...
    Jogap
  • yalniz prenses yalniz prenses off № 12 18 августа 2023 08:51
    ozunizi söýüp yasamak islan zadyny etmek bn halas bolp bolia yalnyzlykdan
    Jogap
  • Belki Belki off № 13 18 августа 2023 09:15
    Yalñyz prenses, käte adam pahyr özüni söýmek üçin özge biriniñ söýmegine mätäç bolýar.
    Jogap
  • MILALIKA MILALIKA off № 14 18 августа 2023 09:16
    mrokas,
    Menem uns beryan saňa. Hakykatdanam sende bir depressiya bar. Ahli yazyan kommentlerin sheyle. Yone mana biri hem yeterlik boldy bilmage. Sheyle zatlary gorsem alada galyan. Durmushda gecmeyan zat yokdur.
    Jogap
  • 205161 205161 off № 15 18 августа 2023 09:20
    Waheý
    Jogap
  • Belki Belki off № 16 18 августа 2023 09:21
    Pakize, sabyr edilip-edilip iñ soñky nokatda açylan mowzuk şu. Ýöne sabyr etmän nätjek diýsene.
    Jogap
  • 205161 205161 off № 17 18 августа 2023 09:23
    Göniläp aýdaýyn, seni durmuşa (äre) çykarmaly (bermeli). Göniläp aýdanym gödegrägem bolsa %98 derejede dogry.
    Geçen durmuş ýoluň belli bir böleginden tä ölinçäň ruhuň rahatlanjagyna kepil geçýän, eger seni söýüp saňa mähr berjek we senem söýüp mähr berjek oglana duşsaň.
    Jogap
  • 205161 205161 off № 18 18 августа 2023 09:27
    Ýalñyzlykdan halas boljak bolup ruhyma düýpgöter ters kişiler bilen dostlaşdym. Boş lakgyldaşmalarda wagtymy öldürdim
    .
    Şu setiriňi has giňişleýin we manylaşdyryp aýdyp biljek welin ýaltanýan we wagtym çäkli, başagaýrak. Aslynda dogry, mende-de az wagtlyk(örän az wagtlyk, sebäbi özüňe erk edijilik we beýle adamlary çalt tanap uzaklaşdyrýar) bolupdy.
    Jogap
  • 205161 205161 off № 19 18 августа 2023 09:29
    doly maşgala-da berilmändir şol duýgy diýlen zadam bermän goýber-dä hä. (Munym birhili bolaýdy öýdýän.)

    Her zat görnüş-görnüş bolýar. Buňa jogabym ýukarak bolaýmasa.
    Şu ýagdaýda saňa meňzeş senden başga-da şu ýerde 3 sany agzaň bardygyny bilýän.
    Jogap
  • Belki Belki off № 20 18 августа 2023 09:32
    Milalika, sag bol göwünligiñ üçin diýäýmesem
    Jogap
  • Belki Belki off № 21 18 августа 2023 09:33
    Mrokas, meniñ ýaly ýene biri bar diýsene
    Jogap
  • Belki Belki off № 22 18 августа 2023 09:37
    205161 - pikirleriñi has aýdyñ edip aýtmasañ, menä düşünibilemok saña. (Soñky ýazan iki teswiriñe)
    Jogap
  • yalniz prenses yalniz prenses off № 23 18 августа 2023 09:58
    Belki
    Yalñyz prenses, käte adam pahyr özüni söýmek üçin özge biriniñ söýmegine mätäç bolýar.

    ozini soymek un hiç kimin soygisine mataç dal sen arkayyn bol islan zadyny ed birini soysen elmydama gorkup yasayaň suny etsem gidayse diyen gorky bn yasaya
    Jogap
  • Belki Belki off № 24 18 августа 2023 10:04
    Yalñyz prenses, şony başarmakda iş bar-da
    Jogap
  • 205161 205161 off № 25 18 августа 2023 10:21
    Ufff??‍♂️
    Täzeden ünslije oka onsaň düşünmeseň düşündiräýmesem
    Jogap
  • yalniz prenses yalniz prenses off № 26 18 августа 2023 10:23
    Belki
    Yalñyz prenses, şony başarmakda iş bar-da

    ozuni soysen basaryp bolia
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 27 18 августа 2023 11:26
    Aslynda menem shu sayta yany agza boldum yalnyzlykdanmy ya durmushumda kop yalancylar dushanyndanmy dine peydan bar bolan wagty dost diyip kop aldananymamy aslynda hakyky dost diylen zat gecmisde galdymyka diyyan mena yene bilmedim yone hazirem sen aydyan zatlaryny menem her gun bashymdan gecyar sen acan mowzugyny okap menem agza boldum belki az kem bolsada gownum acylar diyen maksat bilen
    Jogap
  • Belki Belki off № 28 18 августа 2023 12:40
    Jelal, oñarypsyñ. Şu ýerde içiñi dökmek, pikir alyşmak azajygam bolsa ýeñledýär ynsany.
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 29 18 августа 2023 13:17
    Sag bol bilmedim ishe alada gomulyan yone bar zat manysyz biderek yaly yene shol onkulik gunde shol birzat gaytalanyar
    Jogap
  • FanB FanB off № 30 18 августа 2023 13:31
    Belkijan giiň bol. Hiç darykma. Nika gyssanda eýlañe beýlañe seretmankañ gelin bolup oturansyň :) ol ýalñyzlyk depressiýa diñe sende dal mende-de onda-da islendik kişide bolup bilýä.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler