Ýalñyzlyk. Dört tarapy ýalñyzlyk bilen gurşalan ada men.
Pulsuz, görksüz adamyñ içki dünýäsi, zeýrençleri size o diýenem gyzykly däldir welin onda-da az-da kän-de çak edýänsiñiz meniñem duýgularym bar. Şonuñ ýaly adamlarda duýgy bolmasa bolanokmyka diýseñizläñ. Wah, şol bolmaly däldi-dä. Ony geçdim doly maşgala-da berilmändir şol duýgy diýlen zadam bermän goýber-dä hä. (Munym birhili bolaýdy öýdýän.)
Soñky bir ýyl bäri men men däl. Sen kim diýseñiz ony özümem bilemok. Ýüzleý, ýöntem, ýeñilkelle ynsanlardan kän parhymam bolmady öýdýän. Ýalñyzlykdan halas boljak bolup ruhyma düýpgöter ters kişiler bilen dostlaşdym. Boş lakgyldaşmalarda wagtymy öldürdim. Hakykata göz ýetirmän gezen bolsam boljakdy welin oña-da göz ýetirdim.
Indem ýene şol gözüñe söweýin ýalñyzlyk. Ruhy boşluk.
Depressiýa. Mundan artyk näme aýdaýyn.
Size diñe ýekeje soragym bar:
Adam ýalñyzlykdan nädip halas bolmaly?

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Belki tarapyndan 18-08-2023, 06:12

  • FanB FanB off № 31 18 августа 2023 13:35
    Googlede gyzyklyja kartinka görüpdim :)
    Gyz 26 ýaşynda:
    26 ýaşym doldy entägem durmuşa çykamok deň duşlarymdan galyp barýan.

    Oglan 26 ýaşynda:
    Eje agşama näme nahar etdiňay?
    Jogap
  • yalniz prenses yalniz prenses off № 32 18 августа 2023 13:43
    nam un adam biri bn gurlesse soyusse yalnyz dal yaly ya toyy toy tutsa yalnyz bolmajak yalyy soyyan isini edibem yalnyzlykdan halas bolp bolyara okap yalnyzlykdan halas bolup bolia meselem tikin et yalnyz bolmaga yetsmeyanem
    Jogap
  • Belki Belki off № 33 18 августа 2023 14:14
    Fan B, sag bol meni ýylgyrdanyña
    Jogap
  • Belki Belki off № 34 18 августа 2023 14:17
    Jelal, adatylyk adamy ýadadýar...
    Jogap
  • Belki Belki off № 35 18 августа 2023 14:18
    Yalnyz prensess, tikine pikine motiw ýok mende.
    Jogap
  • FanB FanB off № 37 18 августа 2023 14:41
    Sen mendenem 1 yas kiçi bolmaly ýalñyşmasam. Menem entak lotoreyam utanok :)
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 38 18 августа 2023 15:23
    205161,
    Durmuşa çykmak äre barmak ýalňyzlyga çykalga däl meniň pikrimçe. Haçanda adamda fiziçeski taýdan ýalňyzlyk bolsa gaýtam adamy ýenede göreşmäge ösmäge ündäp biler. Ruhy taýdan ýalňyzlyk bolsa bu başgaça ýagdaý. Käte adamlaryň içinde bolup hem özüňi ýalňyz duýup bilersiň. Hatda ýan ýoldaşy bar adamlaram özüni ýaňyz duýup biler.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 39 18 августа 2023 15:25
    yalniz prenses,
    Siziň aýdan zatlarňyz motivativni wariýantlar göreşmäge öz üstiňde işlemäge ündeýärsiňiz bu gowy azajyk daşky gurşawyňam kömegi bolsa.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 40 18 августа 2023 15:26
    yalniz prenses,
    Siziň aýdan zatlarňyz motivativni wariýantlar göreşmäge öz üstiňde işlemäge ündeýärsiňiz bu gowy azajyk daşky gurşawyňam kömegi bolsa.
    Jogap
  • 205161 205161 off № 41 18 августа 2023 16:27
    mrokas,
    Yanyoldasyny soyman mahr berman we mahr soygi almanmy? Elbetde sondada yalnyz duyar. Ilki men aydysym yaly ar tapsyn onsan tazeden pikirini diňle
    Jogap
  • yalniz prenses yalniz prenses off № 42 18 августа 2023 16:28
    mrokas
    yalniz prenses,
    Siziň aýdan zatlarňyz motivativni wariýantlar göreşmäge öz üstiňde işlemäge ündeýärsiňiz bu gowy azajyk daşky gurşawyňam kömegi bolsa.

    hacana cenli dasyndakylan komegine garasjak hacan ozin ayak ussune galjak
    Jogap
  • Rigel Rigel off № 43 18 августа 2023 16:34
    Edil ynsanlaryň meňzeş bolşy yaly duýgularam hem meňzeş. Şol bir suýgy gõr näçe ynsanyň kalbyna myhman bolup biler. Belki birbada kölsünde.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 44 18 августа 2023 16:55
    205161,
    Ýan ýoldaş tapmak bilen ruhy ýoldaş tapmak ikisi bir zat däl ahyryn.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 45 18 августа 2023 16:57
    yalniz prenses,
    Özüň aýak üstine galmak pikrini menem hemişe goldaýan emma ony başarmak aýtmak ýaly aňsat däldir...
    Jogap
  • yalniz prenses yalniz prenses off № 46 18 августа 2023 17:12
    gaty ansat dal bilian men sana durmusumda bolan vakany aydayyn men su vagt 18 yasmda yone soygilimden ayrylamda 16 yasmdadm ayrylan gunim ozume diydima boldy indi yasayys gutardy yasamak yoik indi diydim her gun ayralyk aydym her gun aglap zad iyman icman adam bn gurlesman biri bir zad diyse gygyryp sonda gaty erbet yalnyz duydum ozumi karoci 1yyl seyle boldum vn bir molimim yanda cagrdy dine oka oka oka diydi okuwa tayyarlady synansdym yykyldym yene synansjak indi vara sho gunler yadyma dusse gulkim gelia seydayipdrnda dp son un maslahat beryan yalnyzlykdan kurtul
    Jogap
  • Jelal Jelal off № 47 18 августа 2023 18:17
    Dogrydyram belki aydanlarynyz yone yalnyzlykdan dynjak unsumi sowjak bolup her hilli isede guymenip gordum birbada durmushyn uytgan yaly son yene yadadyar bar zat bilmedim nametmeli
    Jogap
  • nergyz nergyz off № 48 18 августа 2023 19:36
    oylenmek ya are barmak bn yalnyzlyk geçer oydyan bolsañyz, yalñyzlygñyz wagtlayn yalñyzlyk... menem ozimi yalnyz duyyan. onda da nahili... yone bu bir adamkan iki bolanda geçjek yalnyzlyk dal menki... yone kawagt in gowy goryan shahyrymy okasamam gineyan mena
    Jogap
  • nergyz nergyz off № 49 18 августа 2023 19:38
    soyguli poyguli olar a bos isler. mana da her tuysli yerden guda gelip gorupdi. depsen deprenmez baylar, durli institutyn talyplary... tazelikde biri geldi, dine okayan institutyny halamamson barmadym. ejem dagy berk direndi berjek bolup.. (kan saylantgy okuwcylar cykmaya hasap edyan okuwumda)
    Jogap
  • nergyz nergyz off № 50 18 августа 2023 19:39
    Belki
    Şu saýta ilkinji giremdäki niýetim özümi hiç kime tanatman diñe duýgularymy pikirlerimi arkaýyn paýlaşmakdy. Häzir meni köpüñiz tanaýar ýöne bulam meniñ içki duýgymy arkaýyn paýlaşmagyma päsgel berip bilenok.

    menem ozumi tanatman yazasym gelip agza boldym shuwagt:)
    Jogap
  • nergyz nergyz off № 51 18 августа 2023 19:41
    Belki
    Diñe iş bilen ýaşaýyn şu ýalñyzlygy duýmaýyn diýip metbugat toplumyndan online iş soradym. Olam başa barmady. Indiki ýyl gelmelimişim. Oña çenlem kän çykyş etmelimişim gazet-žurnallarda. Wah, näsini aýdýañ, o zatlara motiw galdymy mende.

    online is ucin nira yuz tutmaly?!
    Jogap
  • 205161 205161 off № 52 18 августа 2023 19:43
    nergyz
    soyguli poyguli olar a bos isler. mana da her tuysli yerden guda gelip gorupdi. depsen deprenmez baylar, durli institutyn talyplary... tazelikde biri geldi, dine okayan institutyny halamamson barmadym. ejem dagy berk direndi berjek bolup.. (kan saylantgy okuwcylar cykmaya hasap edyan okuwumda)

    Beýik Alla maňlaýyňa ýazmasa nätjek.
    Gülkim tutdaý şuny okap.
    Jogap
  • 205161 205161 off № 53 18 августа 2023 19:44
    nergyz
    Belki
    Şu saýta ilkinji giremdäki niýetim özümi hiç kime tanatman diñe duýgularymy pikirlerimi arkaýyn paýlaşmakdy. Häzir meni köpüñiz tanaýar ýöne bulam meniñ içki duýgymy arkaýyn paýlaşmagyma päsgel berip bilenok.

    menem ozumi tanatman yazasym gelip agza boldym shuwagt:)

    "Pişigiň ýyndamlygy saman kepbä çenli" diýýärdi öňem bir ?
    Jogap
  • 205161 205161 off № 54 18 августа 2023 19:45
    *öňem bir s.am.syk?
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 55 18 августа 2023 19:49
    yalniz prenses,
    Pikirlerňizi beýan edişiňiz, özüňize bolan ynamyňyz azajyk ýylgyrtdy meni. Dogry siz başarypsyňyz. Emma ýene degişmeräk ýöne hakykat gürrüňi aýdyp geçeýin men 16 ýaşymda ilkini çyzgyjyň nädip oýlap tapylany barada gyzyklanýardym. Sebäbi bir zadyň dogrulygyny ölçemek üçin çyzgyç gerek "Al ilkinji çyzgyjy nädip dogurladylarka" diýip))
    Jogap
  • Pakize Pakize off № 56 18 августа 2023 19:58
    nergyz
    soyguli poyguli olar a bos isler. mana da her tuysli yerden guda gelip gorupdi. depsen deprenmez baylar, durli institutyn talyplary... tazelikde biri geldi, dine okayan institutyny halamamson barmadym. ejem dagy berk direndi berjek bolup.. (kan saylantgy okuwcylar cykmaya hasap edyan okuwumda)



    Şeydip magtanaýsañ)) ustin gyzyl el ekenä
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 57 18 августа 2023 19:58
    nergyz,
    Her bir adam aýratyn dünýä diýleni çyn, şu wagt pikirlerňizi okamak gyzykly boldy. Ýalňyzlyk bu nähilidir ondan öňki bolup geçen hadysa hem baglymyka diýýän. Ýagny düşnüşip bilýän adamyň ýoklugy ýa-da ýakyn öwrenşen adamyňdan aýrylmak diňe söýgüliňden däl dostyňdan, garyndaşyňdan we şoň netijesindäki ýalňyzlyk. Adamyň iň aňsat we iň kyn edýän zady öwrenişmek. Gowy we ýeňil zada çalt öwrenişýär, kyn we agyr zada bolsa haýal öwrenişýär. Ýöne baribir öwrenişýär...
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 58 18 августа 2023 19:58
    mrokas
    yalniz prenses,
    Pikirlerňizi beýan edişiňiz, özüňize bolan ynamyňyz azajyk ýylgyrtdy meni. Dogry siz başarypsyňyz. Emma ýene degişmeräk ýöne hakykat gürrüňi aýdyp geçeýin men 16 ýaşymda ilkini çyzgyjyň nädip oýlap tapylany barada gyzyklanýardym. Sebäbi bir zadyň dogrulygyny ölçemek üçin çyzgyç gerek "Al ilkinji çyzgyjy nädip dogurladylarka" diýip))

    Men Maýan Sapby pahyrdan galan wagt maşyny we lineýka (seň diliňde çyzgyç) alyp Pifagoryň zamanasyna düşdim...
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 59 18 августа 2023 20:12
    Khanture,
    4G internet bilen zordan giren saýdymyza Pifagoryň zamanasynda hem girmegi başarypsyňyz welin aňyrda-da set gowy bolmalyda diýmek, ýa pifagoromofon-dan girip otyňyzmy)))
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 60 18 августа 2023 20:15
    mrokas,
    Yzyma dolonyp gelenimi ýazmandyryna...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler