Durmuş bir derýady. Men bolsa şol derýanyň goýnundaky balykdym. Bir gün derýanyň kenaryna eli «çeňňekli» biri geldi. Ol sendiň. Seniň gözleriň meni şol kenara sallan söýgi çeňňegiň ujundaky lukma bolup öz garysyna düşürdi. Ine indem, şondan bäri şol çeňňegiň lukmasynyň oýnaklaýan garaýyşlaryna maýyl bolup gezip ýörün. Men bu haty saňa ýollamanam bilerdim.Ýöne indi näçe wagtlar bäri men şol kenaryna çykan derýamyň boýunda umytlarymyň tüssesini al-asmana gaýdyryp otyryn. Derýanyň balyklary bolsa bir wagtky meniň düşen halymy görüp, suwa sallanan çeňňege ýanaşmaga gorkýarlar.Ýöne köpleriň tersine gidip, bir ýaş balyk çeňňege tarap ýöneldi. Men onuň bu herekedini geň görüp, onuň ilişen çeňňegine seretdim. Men oňa seretmesemem seretmezdim, emma ol görgüli balyjagyň towlanyp ah çekişi meniň birnäçe ýyl mundan öň çeken a:hymdy. Onuň halyna dözmän ýanyna bardym. Bu şeýlede bolaýmaly-da. Ol intejik ah çeker. Soňam ýaşaýşyny kenarda dowam etdirer. Sebäbi onuň aldanan şol lukmasy seniň gyzyň gözleri boldy. Ol häzir özüniň ähli hereketlerinden göwnühoş ýagdaýda derýa bakyp, balyklary synlaýardy. Ah, oglum, meniň söýenim ýeterlik dälmi diýsene…
File engine/modules/thanks.php not found.Durmuş bir derýady…
Edebiýat,
Sabirovva_S
tarapyndan
19-08-2023, 13:28