Pul bilen ähli zada eýe bolunjagy aýdylar elmydama ýöne käbir zatlar bar olar pul bilen ölçenilmeýär! Iýmäge zat satyn alsa bolar emma işdä satyn alyp bilmersiň! Derman satyn alarsyň emma saglyk satyn alyp bilmersiň! Okamana kitap alarsyň emma akyl alyp bilmersiň! Özüňi owadan görkezmäge egin eşik alarsyň emma gözellik alyp bilmersiň! Pula güýmenje alarsyň emma şatlygy alyp bilmersiň! Owadan öý alyp bilersiň, agzybirlik alyp bilmersiň!Puluňa tanyş biliş alarsyň emma ýürekdeş dost alyp bilmersiň! Hyzmatçy alarsyň emma sadyklyk alyp bilmersiň! Boş wagt alarsyň, rahatlyk alyp bilmersiň! Ýar alyp bilersiň, söýgi alyp bilmersiň! Namazlyk alarsyň, iman alyp bilmersiň! Gabrysatnadan gowja ýer alyp bilersiň emma Jenneti alyp bilmersiň! Pul bilen hemme zadyň daşyny, miwesini alarsyň emma köküni alyp bilmersiň!

Hemaýun gorganyn saldyran Harun,
Dünýäni dört bölen kany Feridun,
Kyrk şähri gyzyldan dolduran Karun,
Gözi gumdan doldy puldan dolmady

Magtymguly Pyragy ( Ykbal bolmady)

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Sabyrly tarapyndan 28-08-2023, 09:46

  • Гость Гость off № 1 28 августа 2023 10:08
    Pul seni bagtly etmez. Emma ol seni bagtsyz edýän 99% problemaňy çözer- diýýä
    Jogap
  • Гость Гость off № 2 28 августа 2023 10:10
    Ýa 95 dimikä. Garaz, ýüze golaý özä)
    Jogap
  • Genial Genial off № 3 28 августа 2023 10:12
    Gaty manyly sozlerr dogrudanam pula satyn alyp bolmaz zatlar känn hemme zady dine pul çozmek menin pikirimçe
    Jogap
  • Genial Genial off № 4 28 августа 2023 10:13
    yalnys yazypdyryn çozmezzz diyjekdim
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 5 28 августа 2023 10:19
    Pula saglygy alyp bolmaz,ýone normalnyja bejergi alyp bolar.
    Jogap
  • Sabyrly Sabyrly off № 6 28 августа 2023 10:22
    Гость on № 1Şu gün, 10:08
    Pul seni bagtly etmez. Emma ol seni bagtsyz edýän 99% problemaňy çözer- diýýä

    Bilmedim ony aýtýan adamlar hakyky synaga duşup gören däl bolaýmasa bu meniň öz pikrim pul hemme zady çözende özi ölmän ýerine başgany göýberjeklerem bar gabyrdan geljeklerem bar. Allanyň ýaradan bendeleri onuň özünden güýçli bolup bilmeýär we şol manyda bendäň ýaradan pulyda ondan güýçli bolmazmyka diýýän.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 7 28 августа 2023 10:38
    80% zatlary pul bilen còzup bolar,20% zatlary pul bilen cozup bolmaz diysenem boljak yaly.
    Jogap
  • Dowsypat. Dowsypat. off № 8 28 августа 2023 10:41
    Pul maksatlaryna yetmek ucin serisde bolup hyzmat etmeli aslynda,yone indi bizin makasadymyzyn ozi kop pul tamak bolup galdy.
    Jogap
  • Soho Soho off № 9 28 августа 2023 12:08
    Şadyýan garyp bolup ýaşamagam aňsat däl...
    Jogap
  • 205161 205161 off № 10 28 августа 2023 12:11
    Money is the only thing that matter in life and everything else is just a distraction
    No family
    No frieds
    Nothing
    Undertand that money is important than love and kindness and it can buy you anything you want happines, food, and a hot girlfriend, you name it in the harhest reality of the world understanding that money is the only key to a happy life is a necessity
    Jogap
  • 205161 205161 off № 11 28 августа 2023 12:12
    Hahahahaha??
    Jogap
  • 205161 205161 off № 12 28 августа 2023 12:28
    O nähili işdä alyp bolanok, ajygaňokmy sen? Şawurma, gamburg, gowurdak iýesiň gelse näme diýip atpandyrýaň, bizä şoňa işdä diyýäs. Iymage zat satyn alýaňmy diýmek işdäde bar.

    Sen keselläp ýat onsan hic hili derman kol alma. Saglygyny dikeltmek un gerek zatlary satyn alynyar.

    Akyl terbiyani ene ata mugallym beryar. Galybersede dogulanda an dusunje berlen adam kitap okap peydaly zatlar owrenip bilyar. Peydaly zatlary owrenip bilen ynsan akyl aldygy bolarda. Okap bilyan peydaly zat owrenip bilyan eyyam akyllylygyn gornisi dalmi eysem. Bu yerdede pul zerur.

    Sen turmede saklanyanlan egin esigini gey, yene birem owadan markasy belli bolan egin esik geysin. Onsam dusunersin. Sen owadan bolsan men sana atamdan galan telpegi geydireyin, copancylykda geyen kastyumyny geydireyin.

    Pulyn bolmasa ekelenc gazanc esip bilmesen, nalajedeyin bolsan nireden satlyk gelsin sana. Guymenmane tv, playstation, cagalan bn oynara top alyp bilmesen nireden satlyk gelsin.

    Owadan kaşaň oy satyn alyp biljek derejä ýet ilki, onsaň gürle....

    Ýürekdeş dosduňam senden bizar bolar nalajedeyin iyjek corek puluny gazanyp bilmesen.

    Hyzmatkari bolsa pulun bolsa saylap secip alyp bilersin

    Owadan akylly gyzlaram ozuni onaryan akylly oglana ýar bolasy gelyar. Ozuni eklap bilmejek nalajedeyin corek puly bolmadygy ozun gyz bolsan bararmyn(gaty sams.yk.lyk)

    Imany namazy pula baglaýaňmy? Hehehehe akylyňa doneyin.

    Senin pulun bolsa ejiz guycsiz saglygy pes eklenc edip bilmeyan mayyplara komek etsen, ene atasyny garrylar oyune zynan nalajedeyinlen ene atasyny iydirsen geydirsen Beyik Allada seni sylar jennetden yer berer, olenden son adamlaram uzak wagt yatda saklarlar. Sulaey etmek un hem pul gerek pul gazanmak un akyl gerek saglyk gerek

    Hemme zadyn kokuni yetisdir sen. Men senden dasyny miwesini satyn alayyn. Ozumi we yene birnace ynsany bagtly duyar yaly edeyin. Haysymyz utýas goreli onsaň :)
    Jogap
  • 205161 205161 off № 13 28 августа 2023 12:29
    Nireden tapyaň bular yaly çuň paýhasly pelsepeleri. Ozune gowja bejergi al sen.

    Bir akyldar śeÿ diÿipdir:
    - Men baÿlygy ÿigrenÿàrin diÿÿàn adamyny tà śol ÿigrenjini subut edÿànçà ÿalançy saÿaryn. Onuñ hakykatdan hem çynyny aÿdÿandygyna gôzûmi ÿetirenimde bolsa, men onuñ akmakdygyny arkaÿyn ÿûzûne aÿdyp bilerin.
    Jogap
  • 205161 205161 off № 14 28 августа 2023 12:30
    Hemme zasy pula satyn alyp bolmayan bolsa sen ilki pula satyn alynýan zatlary satyn almagy başardyňmy, başar ilki. Pula satyn alynmaýan zatlaryň hemmesi mugt saňa geler. :)
    Jogap
  • Гость Гость off № 15 28 августа 2023 12:32
    Soho
    Şadyýan garyp bolup ýaşamagam aňsat däl...

    ?
    Jogap
  • 205161 205161 off № 16 28 августа 2023 12:46
    Nalajedeyin adamlaryň gürruňi bu,basga hic zat dal
    Jogap
  • Гость Гость off № 17 28 августа 2023 12:50
    205161,
    Poçtaňy okadyňmy?
    Jogap
  • 205161 205161 off № 18 28 августа 2023 13:38
    Гость,
    Ýazdym yzyna
    Jogap
  • kwadrat kelle kwadrat kelle off № 19 28 августа 2023 14:51
    205161,
    Точно, Сен дине онлукдан урян! ??robingud
    Jogap
  • Sabyrly Sabyrly off № 20 28 августа 2023 15:49
    205161 off № 16Şu gün, 12:46
    Nalajedeyin adamlaryň gürruňi bu,basga hic zat dal

    ýalňyşmasam bu meniň öz pikirim diýip ýazypdym ýokarda. kimiň durmuşa nirden bakýanlygynada bagly bu zatlar seniň sebäpleriň bar bolmagy üçin dogry diýip aýdara meniňem sebäplerim bar her kimiň öz pikiri bar mende garaýşymy aýtdym onuň üçin birini kemsitjek bolmaň gerekdälmyka diýýän ýenede özüň bilýäň men öz pikrimde galaýyn sen öz pikriňde
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 21 28 августа 2023 17:24
    Awtoryň pikiri bilen ylalaşýan, eger bu awtoryň şahsy pikiri bolsa. Öňem şu zatlary okan ýaly bolup durun göwnüme, öňdengörüjiligimmi ýa.
    20155465 agzaň pikirem dogrymyka diýýän, pulam gerek ýaşamak üçin. Ýöne ilki bilen biriniň düşünjesini sylamak gerekmikä diýýän.
    Jogap
  • 205161 205161 off № 22 28 августа 2023 20:39
    kwadrat kelle,
    thanks so much ))
    Jogap
  • 205161 205161 off № 23 28 августа 2023 20:45
    Sabyrly
    205161 off № 16Şu gün, 12:46
    Nalajedeyin adamlaryň gürruňi bu,basga hic zat dal

    ýalňyşmasam bu meniň öz pikirim diýip ýazypdym ýokarda. kimiň durmuşa nirden bakýanlygynada bagly bu zatlar seniň sebäpleriň bar bolmagy üçin dogry diýip aýdara meniňem sebäplerim bar her kimiň öz pikiri bar mende garaýşymy aýtdym onuň üçin birini kemsitjek bolmaň gerekdälmyka diýýän ýenede özüň bilýäň men öz pikrimde galaýyn sen öz pikriňde

    Elbetde pikir seňki bolsa başga biriniňki diýemoga men. Seň pikirleriň ýalňyş we ters tarapdan bakýaň. Seni kemsitsitmek islämok. Emma dogry zat ajy bolsada diyýän men. Hökman öz pikiriňde gal, BIZE HEMMELERIŇ BAÝ BOLMAGY DÜÝBÜNDEN GEREK DÄL. KIM GUL BOLMALY ONSAŇ? TEBIGATYN KANUNY, HER KIM FIZIKI WE AKYL GÜÝJÜNE GÖRÄ ÝAŞAMALY!
    Jogap
  • 205161 205161 off № 24 28 августа 2023 20:48
    Sahsyyetine sylagsyzlyk edemok, pilirleeine teswir berdimä :)Massimus,
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler