Ynha, ýenede ses-sedasyz gije. Dolan aý hem ýyldyzlardan doly asmana garap ýalňyz otyryn. Göýä ýyldyzlar ýalbyrap meniň ýalňyz oturanmy geň görüp seredýan ýalydy. Hawa, elbetde olar şeýle gijelerde ikimizi bile görerdiler.
Olar biziň pynhan duşuşyklarmyzyň şaýadydy. Wahhh... Ol gijeleri diysene...
Biz asla sözleşmezdik, edil goşgulardaky ýaly gözlermiz däl-de ýüreklermiz sözleşerdi. Biz şeýle bagtlydyk.
Ýöne bagtly günlermiz şeýle tiz soňlandy.
Sen menden gitdiň. Özem ömürlik gitdiň.
Ezizim bu bolan ýagdaýda ikimiziňem günämiz ýok. Täleýimiz biziň aramyzda şeýle bir gapma garşylyk goýdy: senä gara ýeriň astynda, menem gara ýeriň üstünde. Hawa ezizim bu wagt men seniň bir tümmege dönen mazaryň başujynda otyrn. Aňymda bolsa şu setirler ýaňlanýardy:

Bile bolmak ýok ekeni ýazgytda,
Gara ýer bagryna basdy seň teniň.
Ýöne o dünýäde bile bolmagmyz,
Her säherler hakdan dileýän gülüm.

ÝUSUP MEREDOW

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Yonekey tarapyndan 28-08-2023, 16:52

  • Genial Genial off № 1 28 августа 2023 19:04
    Kop sag bolun men orän haladymm
    Jogap
  • Yonekey Yonekey off № 2 28 августа 2023 19:41
    Bolýa minnetdar?
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 3 28 августа 2023 19:47
    Genial,
    Biri ýogalypdyr diýýär bu bende, nämesini haladyň?
    Jogap
  • Yonekey Yonekey off № 4 28 августа 2023 20:04
    Massimus,aýdylýan zatlar ýüregne batandyrda.
    Jogap
  • Yonekey Yonekey off № 5 28 августа 2023 20:04
    Massimus,aýdylýan zatlar ýüregne batandyrda.
    Jogap
  • Massimus Massimus off № 6 28 августа 2023 20:09
    Yonekey,
    Mümkin. Gynandym. Alla sabyr bersin.
    Jogap
  • Genial Genial off № 7 28 августа 2023 21:23
    Massimus, Men goşgyny haladymm
    Jogap
  • Genial Genial off № 8 28 августа 2023 21:33
    Massimus,syr bolmasa siz nireli?
    Jogap
  • Sabyrly Sabyrly off № 9 29 августа 2023 11:55
    Eläçsizlik belkiler biziň iň uly armanymyz bolup galýar ne aýryp zyňyň bolýar nede şolarsyz oňup bolýar!
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler