I. Başlangyç.
Janyña ýaraýan, mylaýym, mymyk shemal henize deñiç adamzadyñ ys alysh duýgusy tarapyndan "açylmadyk", hiç bir ysa meñzemeýän, ýakymly bir ysy duýgularyñy heýjana salaýjak shekilde burnuña getirip urýardy. Bu ysy jigeriñe soranyñdan soñra beýniñe neshäñ berýän täsiri ýaly bir geñsi rahatlyk berip, çalaja seriñi sämedip durdy. Ýalkap deñziñ tolkunlarynyñ sesine hemem ýakymly ysa meýmiräp, iki eliniñ aýalaryny ýere basyp, olardan direg alyp, göýä ýumshajyk kürsä arkasyny berýän ýaly arkanlygyna ýaslanyp otyrdy. Ol oturan ýerinden gözlerini asmana tarap dikdi-de, soñra ýumup ýakymly ysly howadan ulydan demini aldy. Ol bütin bedenini shu howa bilen doldurmak isleýän ýaly, öýkenlerini zorlap, gursagyny çishirip ikinji gezek bar güýji bilen howany ýene içine sordy. Ozalam ýanyndaky shepeleri bilen keýpini kökläp oturansoñ, bu ýakymly ysly howa janyna hasda aram berdi. Birdenem oturan ýerinden atygsap galdy-da: "Entägem içýäñizm-aý? Hany indi boldy edeliñ oglanlar! Beýle arassa howada deñize diýip gaýdyp, deñize girmän otursak nähili bolar-aý? Hany üýshüp obadaky ýaba suwa düshýän çagalygymyzy ýatlamarysmy? — diýdi. Bir eline bulgury göterip, beýleki elini howada galgadyp, bir zatlary ýanyndaka howalandyryp gürrüñ berip oturan Atajanam, ony uly höwäs bilen diñläp, arasynda-da, kä uly sesi bilen ha-haýlap, käte iki eliniñ aýalaryny biri-birine urup, pyñkyryp, her pyñkyrshynda-da gözlerini tegeläp "Onsañ?!" diýip, gysgajyk sowaly bilen söhbetiñ dowamyny getirdip oturan Shanazaram Ýalkaba barmyñam diýmän, özleri bilen özleri bolup oturdy. Ýalkap sözüniñ diñlenilmeýänine gatyrganyp: "Eý, size diýýän näme ker açdyñyzmy? Özüñüz-ä ne gözel ukymdan oýaryp, gitdikde-gitdik bolshup, zor aýakdan meni bäre äkelýäñiz, indem iki ädimlik deñize çümmäne ýaltanyp otursyñyzmy? Aý, shü, asylam, size içgi diýilse dünýäni unudýañyzdaýt" — diýip, biraz sesine bat berip gepledi, soñam öz ýanyndan hüñürdäp paýysh sözlerden birki sanysyny aýdyp goýberdi. Entägem sözünüñ diñlenilmeýänine belli beter jyny atlandy-da, ýerdäki ýatan ownuk dashlardan birini alyp, Atajana tarap çenäp goýberdi. Atylan dash Atajanyñ elindäki bulgury nyshanalap baryp degenem bolsa, bulgura hiç zat bolmady, bulgur ne döwüldi ne-de ondan ses çykdy. Ýalkap muña ilki haýran galanam bolsa, soñra dash bulgurdan sowa geçendir diýip, gözleriniñ gören ahwalatyna üns bermedik boldy, ol, bu ýagdaýy özüniñ çalaja serhoshlygynyñ edýän oýnudyr öýtdi. Ol ýene bir sapar ýere egilip owalky zyñan dashyndan iriräk, erigiñ dowça mahalyndakysy bilen deñeçerräk dashy eline alyp: "Degse-hä edil alnyñ ortasyna, degmese-de, ýene biri. Dashyñ gyt ýerinde duramok" diýdi-de, bu gezek nyshanyny Shanazara gönikdirdi. Dash baryp çaklaýshy ýaly Shanazaryñ iki gashynyñ ortasyna degdi, has dogrusy dash onuñ mañlaýyndan girip ýeñse tarapyndan çykyp, ýumshak çägäñ üstüne düshdi.Ýalkap köp içmändi, bary-ýogy shepelerine iki tapgyr goshulup "saglygyñyza" diýipdi. Onuñ seri çalaja shemallaýady ýöne lül-gammar serhosh bolanokdy. Ol shu wagt gözlerim meni aldaýarmyka diýip görejini elleri bilen owkalady, ýumup açdy, gaýtadan ýene shepelerine dash oklady hiç zat üýtgänok. Shol bir ýagdaý gaýtalanyp dur. Atajan bilen Shanazar bu zyñylýan dashlardan rahatsyzlyk, agyry duýanokdylar olar hat-da oturushlarynyñ durkyny hem üýtgedenokdylar. Ýöne iñ esasy zat olar Ýalkaby görenokdylar! Oturanlar Ýalkabyñ hut hakyt shepeleriniñ özleri däl-de, olaryñ gologrammalary ýalydy. Çünki bu ýagdaýy bashgaça düshündirmek mümkin däl. Birdenem Ýalkabyñ deñize girmek islegi hasda gyssady, onuñ göwnüne deñize bir sapar çümüp çykaýsa, deñiziñ sergin suwy bir sapar inini tisgindirse, shepeleriniñ bolshy üýtgäýjek ýalydy, olar bu bolup oturyshlaryndan "direläýjek" ýalydy, Ýalkap häzir deñize girer weli, shepeleri hem onuñ yzy bilen giräýjek ýalydy. Hut shu pikirler Ýalkaby deñize tarap has hem gyssady. Ol soñkyja umydyny barlap gördi, sesine bat berip gygyrdy: "Oglanlar, men-ä deñize çümmäne barýan, sizem hökman baryñ! Men ýene bärde ýekeje minut sizi synlap dursam däliräýmegimem ahmal".
Ýok, ýene-de hiç zat üýtgemedi. Shol bir durkynda oturdylar Atajanyñ entägem bir elindäki doly bulgury bilen beýleki elinem galgadyp gürrüñi gyzykdyryp oturshy. Shanazaryñam shol bir hereketleridi...
Ýalkap deñize tarap ilkinji ädimlerini ätdi, deñiz ony boýlaýança ýöredi, soñra sergin suwa özüni goýberdi. Ol kenaryñ çäginde ýüzmek bilen oñmady, kenardan dashlashdygyça has dashlashmak isleýärdi, näbelli bir güýç ony özüne çekýärdi. Ýalkap kenardan gowy arany açansoñ shepelerine tarap göz gezdirdi. Olar entägem oturlar. Ýalkabyñ yzy bilen deñize girmändirler. Ara dash bolsa-da hälem Atajanyñ elindäki bulgury saýgarmak mümkindi. Gahar bilen Ýalkap suwy palçyldadyp urdy-da, zarbly sögündi.
Birdenem Ýalkabyñ ýüregine ýakymsyz duýgy ornashdy, ýüregini biri gysymyna alyp gysýan ýaly duýuldy, suwuñ teýinden sowuk bir zat aýaklarynyñ dabanlaryny we bilini sypap geçdi. Ýalkap tisgindi, ýüregine biri iññe sünjen ýaly bolup ynjap gitdi, gysylýan ýüregi has gaty gysyldy. Ol kenara ýüzmek isledi ýöne indi onuñ aýaklary aýdanyny edenokdy, asylam, bilinden ashagyny duýup bilenokdy. Elleri bilen ýüzmek isledi ýöne ony hem basharmady, bilinden ashakdaky ysgynsyzlyk kem-kem bedenini, tutush göwresini eýeledi. Iñ soñky güýjüni jemläp çyrpynmaga bashlady, dili hem dolanyp düshnüksiz sesler çykaryp, çirkin owaz edip gygyrdy. Ol entägem shepeleriniñ sesini duýup ýardama gelerine garashýardy. Deñiziñ çuñlugy ony özüne dartyp bashlady, ahyram Ýalkap dem alynýan howa bilen islegsiz hoshlashdy. Suwuñ astynda dem isläp alaçsyz açylan agzyna deñiziñ shor suwlary doldy. Öýkenleri hem bir eýýäm shor suwdan dolupdy onuñ içindäki iñ soñkyja demi shar görnüshe gelip, agzyndan çykdy-da, suwuñ ýüzüne çykyp ýaryldy...
*** *** ***
Demi-demine ýetmän demigip, suw-sil derläp: "Ahg-hk-hk" diýip, gark bolup barýanyñ eläçsiz demsiz çyrpynyşyna meňzäp, düýshünden oýanan Ýalkap, gözini açyp ýerinden galyp bilmän, ysgynsyz bolup ýatyshyna ýatýan otagynyñ bir burçyna gözini dikip bir minuda golaý ýatdy. Ýuwash-ýuwash özüne gelensoñ, ýerinden galyp, aýaklary bilen ýere urup duýýanyny duýmaýanyny barlap gördi. Özüni oñat dürsänsoñ el telefonyna jañ gelip duranyny gördi. Jañ edýäniñ kimligini anyklap durman, jañy aldy:
– Alýo?..
–Turduñmaý han ogul?! Bäh, senem bir uklasañ Reýhan arap ýaly-laý...
– Kim ýaly... aý, sen kim-aý?
– Muña seret, e-e-ý, Shanny meni tananoga bi han ogul...
– Eý, nämä gülüshýäñiz-aý Atajan, aý, señ bara men ... ... ... o ýanyñdaky kikirdäp duran Shanazaryñam bara tap bir ... ...rin garabasypdyr, özüm häzir oýanyp, äm-säm bolup otyryn siz bolsa ... ...leri oýun edýäñiz...
– Basan gara bolsa, biziñ näme günämiz bar-aý shepe? Bize näme sögünýäñ? Näme edýän bolsañ baryp garany et, biziñ bir ýedi arkamyzy gününe goý han ogul!
– Howwa näme jañ etdiñ onsañ?
– Bu gün dynç güni. Hepdäñ bashynda gürrüñini edipdig-ä, dynç güni nemä, o, köle gideliñ diýip.
– Aý, men-ä gitjek däl-eý sho köle obshim shu gün öýden çykjak däl, ýatjak keýp edip.
– Ukydan bashgada keýpler bar-how, birki sany nemejigem aldyk "jan-saglyga" diýip, götereris welin, ana, saña keýp. Sen gitjek däliñ goý, häzir özümiz baryp öýüñden alyp gaýdýas.
– Atajan men-ä gitjek däl-how, ýañy düýshümde men bir deňize...
– Bolýa-bolýa düýshüñem sho ýere baransoñ gürrüñ beräýersiñ, taýynlanyp otyr ynha barýas biz.
– Dur diñläý-how men gitjek däl.
- Gidersiñ, häzir barýas, öýñüze ýakynlashdyk, sen shu gün hökmän köle gidersiñ.
– ...
Şyhnazar Durdyýew.
Meni kim öldürdi? (Powest)
Edebiýat,
_Bayat
tarapyndan
31-08-2023, 06:29