Tak tak eziz Allam men geldim ýene,
Kötel ýollaryňda ýykyldym ýere,
Sabr edip ýadadym ýüregim ýara,
Sygynara özge hossar tapmadym.

Agyr günde galsaň daşlaşýar hemme,
Adamyň gadryny ölçeýär teňňe,
Ýürekler bolupdyr bir gury töňňe,
Derdim paýlaşara dostýar tapmadym.

Zandy ýaman özi tapar ýagsyny,
Kadyr Allam özüň bilýäň gowsuny,
Her ynsanyň ýeňip gara nebsini,
Ýagşy işler üçin gyssan tapmadym.

Öz gapyňdan boş gaýtarma ellerim,
Açylmanka soldurma sen güllerim,
Adyň sena edip saýrar dillerim,
Huzuryňdeý bagy bossan tapmadym.

Süleýman Tekäýew

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Sabyrly tarapyndan 1-09-2023, 11:36

  • Ishan Ishan off № 1 1 сентября 2023 16:49
    Gowy goshgy tasirli. Galamynyz yiti bolsun
    Jogap
  • Sabyrly Sabyrly off № 2 1 сентября 2023 20:32
    sag boluň
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler