Söýülse-de ömri uzak gitmejek,
Duşuşykda, şol ilkinji gül ýaly -
Bagtly güldiň,
bagtym güli bolmadyň!
Meňzetsem-de ykbalmyzy bir ýaly.

Kalby deýin, çagajykdy özi-de,
Aram tapdym özboluşly gülşinden...
...Sowuldy meýlisler, gutardy bary,
Kalby goýdum ýene öňki gulpynda.

Günler meni günbe-günden iýýän deý,
Göwräm barýar öz-özünden çekilip.
Yşkym içden, iýun daşdan ýandyrdy
Iýul gussa bilen.
Awgust ýekelik.

Gujak açyp, ýer bersem-de törümden,
Bagtly günler neçün gitdi howlugyp?
Goş haltamy umytlardan dolduryp,
Sentýabry garşy aljak gowluga...


Ylham GURBANALYÝEW

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Venus23 tarapyndan 2-09-2023, 12:03

  • mrokas mrokas off № 1 5 сентября 2023 12:45
    Soňky iki setir göwni çygjardyp bäh diýdirtdi...
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler