Saýrasa taý guşlara,
Ynjany-da aýandyr.
Enä meňzeş gussada.
Gamlananda uýaňdyr.

Iliň-günüň toýunda,
Çyzgalandyr bilegi.
Ak gündizler küýünde,
Mähribanlyk dilegi.

Ýazlara telwas etse,
Edepsizdir çaklama.
Güldür ol, şemal össe,
Enesine ýaplanar.

Gyz bolsa öz ýoluna,
Enä ýakyn diýiler.
Ýöne ataň halyna
Oguldan öň gyýylar.

Daşarda gaý gopsa-da,
Närahatdyr deňiz deý.
Bijaý sözüň oklama,
Yzy galar meňizde.

Gar güllere öwrülip,
Ak guşlar geler, gider.
Degmäň gyzyň göwnüne,
Ýüregne salar gider.

Mämmetnazar Babanazarow.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Karkara tarapyndan 5-09-2023, 11:38

  • Pegas Pegas off № 2 5 сентября 2023 21:16
    Ajaýyp goşgy.
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 3 7 сентября 2023 13:05
    Degmäň gyzyň göwnüne, şu sözüň özü hem ajaýym..
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler