Beýik bir uçutyň gyrasynda men
Bu başyň sowulmaz görgüsinde men
Ölüm bilen ömrüň arasynda men
Nalaýandyr öýtme arzymy diýsem
Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň
Bu gara maňlaýym tapmady bagty
Gidýän ýollarymam bolmady ýagty
Kemis galdy göwräm men diýen wagty
Diňleýip şükr eder derdime köýsem
Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň
Kynçylykda geçdi ýaşlyk ýyllarym
Bir gözel ýürekde çakdy ýyldyrym
Özge ýara süýnni gitdi ýyldyzym
Ony kän ýatlaýan şerapdan doýsam
Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň
Pulyň ýokmy kime bolsun geregiň
Ajy derde tapdym iýjek çöregim
Gussaň ammaryna döndi ýüregim
Terk etdi men kime göwnümi goýsam
Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň
Öz ölmüňe garaşdyňmy men ýaly
Sebäp iki dünýe maňa deň ýaly
Özgertjekdimle men zalym dünýäni
Meniň ýaly ýanan kändirle eýsem
Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň
Iň ýakyn adamlam pyçak urdular
Dostjan dogan diýe işim gördüler
Garaşmadyklarym kömek berdiler
Bary geçer diýe gowluga uýsam
Ýaşap ýörüs şuňa ýaşamak diýseň
Bir synag gutarsa başlandy biri
Bilmen ne günäm bar ýakdylar diri
Bu çarhy pelegiň boldum ýesiri
Bir pursatam bolsa rahatlyk duýsam
Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň.
Bijede aşygym alçy gopmady
Ýüregim gaýgydyr hasrat toplady
Ykbal polat deýin otda taplady
Näme bordy söýüp mähriňe çoýsaň
Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň
Nä şükürlik däl bu ýüregmi sesi
Öňümde durmuşyň belendi pesi
Köp adam soraýa halyň neneňsi
Jogabym olara şu sözi diýsem
Ýaşap ýörün şuňa ýaşamak diýseň
Goşgy biriniň durmuşyndan. Haýyşt boýunça ýazyldy!
Süleýman Tekäýew
Menem ýaşap ýörün
Edebiýat,
Sabyrly
tarapyndan
8-09-2023, 11:09