"MENI BAGYŞLAMA!"

"Sen maña ýalandanam bolsa "Söýýän" diýen bolsadyñ, ol ýalany dünýäniñ hiç bir hakykatyna çalyşmazdym"
(Meşhur söýgi sözlerinden)

(Bolan wakalaryñ esasynda ýazylyp, kişileriñ atlary üýtgedildi.)

Garýagdy keselhananyñ giñ meýdançasynda gezmeläp ýörşüne birnäçe sagat bäri jalbarynyñ jübüsini mesgen tutunan iki eplengi kagyzlary çykardy. Kagyzlaryñ iñ ýokarsynyñ daş ýüzünde uly harplar bilen ýazylan sözi gör, näçenji gezek gaýtadan okady:
"ADAMYMA!"
Kimdir biriniñ haty görmeginden ätiýaç edip, töweregine garanjaklady-da, meýdançadaky oturgyçlaryñ birine çökdi. Gorka-gorka kagyzyñ gatyny açdy. Haty aýaly Lälezaryñ hut öz eli bilen ýazandygyny garynja dek ownuk harplaryndan añşyrdy. Okamaga başlady. Bu hat eýýäm ilkinji sözlemlerinden iniñi düýrükdirýärdi:
"Garýagdy! Saña bolan zatlary iñ başyndan ähli jikme-jikligi bilen gürrüñ beresim gelýär. Muny maña - bu alykakmyş zenana düşünmegiñ üçin däl-de, men hakynda kelläñde hiç bir sorag alamaty galmazlygy üçin şeýdýärin.
Şol gün howa diýseñ ajaýypdy. Töwerekde guşlaryñ saýraşýan sesini eşitmek, mylaýym şemaly duýmak mümkindi. Daşarda oturşyma günortanlyk nahar üçin sogandyr, kartoşka dograýardym. Hä diýmän gyzlar okuwdan gelmelidi. Nahary wagtynda taýýar etmek üçin howlukýardym. Ussamyz seniñ tabşyryk beren ýatakhanañy gurmak bilen meşguldy. Tä hiñlenýän aýdymy gulagyma degýänçä onuñ barlygy-da ýadyma düşmändi. Aýdymy eşdenimde onuñ aýdyp-aýtmaýandygyny bilmek üçin şol tarapa gözümiñ gyýtagyny aýlapdym. Asyl, ol häliden bäri maña garap oturan bolsa nätjek? Şonda ilkinji gezek gözlerimiz sataşdy. Şobada ýüzümi başga ýana sowsam sowdumam welin onuñ garaýşy göz öñümden gitmedi. Derrew gök önüm dograp oturan gaplarymy alyp içeri girdim. Ussamyzyñ bolşuna geñ galdym. "Bul oglanyñ bolşuny. Ärli aýal diýmän seredip otyr" diýip, içimi gepletdim. Öz gepime öz gülküm tutdy. "Oglan bormy gyz, kyrk-a ýaşandyr". Heziller edinip, jak-jaklap güldüm.
Agşam işden geleniñde ussamyzy ýanyña çagyryp bermegi tabşyrdyñ. Daşary çykyp, onuñ ýüzüne-de oñly garaman "Neme, adamym sizi çagyrýar" diýip goýberdim. Ýüzüme ýañsyly garady-da "Adym Merdan" diýip, içeri girip gitdi.
Merdan. Şonda bildim adyny. Ilkinji gezek şonda aýdyp gördüm adyny içimden. Soñra ol at gör näçe gezek, nähilli ahwallarda gaýtalanandyr meniñ tarapymdan.
Ýanyña geçip oturanynda gapynyñ bir gyrasynda durup, ikiñiziñ gürrüñizi diñledim. Ýatakhananyñ işiniñ haýal gidýändigini agzadyñ. Ussanyñ işinden göwnüñ suw içmändigini ýañzytdyñ. Merdan az-kem oýlanýan ýaly edip, "Meniñ üçin çaltlyk däl, hil möhüm" diýdi. Şondan soñ hiç zat geplemedi. Senem temany üýtgetmek bilen bolduñ.
Dogrudanam, ussamyzyñ işläp ýörenine üç gün bolandygyna garamazdan iş önübermeýän ekeni. Munuñ sebäbini özümden gözledim. Meni has köp görmek üçin şeýden bolmaly. Başgaça pikir kelläme gelmedi. Ýogsam, ony öñ gurluşyk işlerinde işleden goñşularymyz tarypyny ýetirýärdiler.
Merdanyñ deñinden geçenimde mydama ýere bakyp geçerdim. Başarsam daşary çykmajak bolardym. Mahal-mahal penjireden ogrynlyk bilen garanymda onuñ öýümiziñ daşky gapysyna tarap umydygär nazarlaryny gezändigini görýärdim. "Meniñ çykaryma garaşýan bolmaly" diýip içimi gepledýärdim.
Zenanlar kimiñ özüne nähili garaýyşdadygyny juda basym añlamaga ukyply. Merdanyñ nebsewür garaýyşlarynyñ niýetinem ilkinji garan pursadynda añlapdym. Oña asla ýüz bermek niýetim ýokdy. Men ýanýoldaşly, dört gyzyñ enesi zenan. Ýoldaşyma - ýagny saña ikilik etmegi oýumdan geçirmegem nädogry hasap edýärdim.
Merdanyñ garaýyşlary bolsa goýnuna düýrüp alyp barýardy. "Ähli zady kelläñden çykar. Maña tabyn bol" diýýärdi. Boýun syndyrjak däldim. Meniñ erkim bardy, erkliligim bardy. Sen günüñ güni çagalarymyzy aç-hor etmejek bolup zähmet çekýärdiñ. Men munuñ garşylygyny saña ojagymyza wepalylygym, yhlasym bilen ödemelidim. Zenan diýmek bu diýmek dälmidi? Tersine bolmagy mümkinmidir?
Ah, Garýagdy! Durmuş naçar beýnimdäki pikirlerden has rüstem gelse nätjek? Ýa bolmasa hyjuwmydyr, söýgimidir, ýa-da garşydaş jynsyñ özüme bolan gyzyklanmasynyñ tolgunmasymydyr, garaz, haýsydyr bir duýgym serimde göterip ýören "dogrularymdan" güýçli çykan bolsa men nädip bilerin?


Dowamy bar.

Mahym Nurgeldiýewa.

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Belki tarapyndan 10-09-2023, 19:57

  • Khanture Khanture off № 1 10 сентября 2023 21:17
    Proza geçip gidipsiňmi?
    Jogap
  • Belki Belki off № 2 10 сентября 2023 21:33
    Khanture, aýtmasana. Goşgy ýazybilemog-a haçandan bäri. Prozada welin dilime gelip dur. Nähili gördüñ? Oñaramokmy ýa?
    Jogap
  • Balary Balary off № 3 10 сентября 2023 22:43
    çeynelip çeynelip berlen. okadya. akgynly. yone meshur ondan mundan kopiyalap yorenleñki yaly bolek goyulmasy darygdyrya. gaty azajyk.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 4 10 сентября 2023 23:20
    Belki
    Khanture, aýtmasana. Goşgy ýazybilemog-a haçandan bäri. Prozada welin dilime gelip dur. Nähili gördüñ? Oñaramokmy ýa?

    Gowy. Beýle temalarda okamamson kan birzatlar diyip bilemak
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 5 11 сентября 2023 00:55
    Hekaýaň ýazlyşy we okalşy hiç neneň däl, awtora üstünlik garaşyp biler.

    Wakalar barada hem gysgajyk pikrimi beýan etsem. Näçe ýyldyr stroýkada işleýän bu iş edil kärim bolmasada pul üçin okuwyň gapdalyndan güýmenje. Näçe ussalar bilen işläp gördüm, 70% ussalaryň eli işli bolsada gözleri iliň gelin gyzynda, diňe ussalaram däl häzirki adamlaryň köpüsem şeýle. Biriniň aýalyna seredýän mahalyň özüňi şoň äriniň ýerine goýup görmeli. Biriniň gyzyna seredýän bolsaň şoň atasynyň ýerine özüni goýup görmeli. Dogrusy şeýle adamlara bolan tükeniksiz ýigrenjim barda Allaň özi bagyşlasyn.

    Indi hekaýadaky ýeňil kelle gelin baradaky pikirlerimde şeýleräk:

    "Mahal-mahal penjireden ogrynlyk bilen garanymda onuñ öýümiziñ daşky gapysyna tarap umydygär nazarlaryny gezändigini görýärdim."

    Wah güniňe ýanaýyn jaňsar haýwan ol seň nämäňe umydgär bolýanyny bilýäň dälsiň. Hide bir söz bilen aklap bolýan zatmy iliň gelnine umydgär seretmek. Bolýa ola seredýän eken seňki näme. Zenanlyk duýgusy ýene bir gör. Hat-da çykmadyk gyz bolsaňam aý bolýa diýip geçäýjek dilimi dişläp. Sen biriniň aýala...

    Bir zady ýatdan çykarmaly däl. Kyýamat güninde zenan maşgaladan ilkinji "Adamyňy yrza etdiňmi?" -diýlip soraljakdyr. Şony unutmaň.

    Umuman biraz duýgulandym şonuň üçin eleşdirmäň...
    Jogap
  • Belki Belki off № 6 11 сентября 2023 02:48
    Balary, hat ýazýan "zametkamda" harp araçägi bar. Şu ýerdäki goýşumdan artyk ýazyp bolanok.
    Wordda işlemeli bolýan kän ýazjak bolsam. Onam işlendigiçe mgbty artýabdygy üçin telefonym göterenok. Diñe iñ soñunda ýazyp gutaranymdan soñ hemme bölekleri birikdirip, worda kopýalap bilýän.
    Ýogsa seniñ aýdýanyñy menem pikir edýän.
    Jogap
  • Belki Belki off № 7 11 сентября 2023 02:50
    Mrokas, ýazan böleklerimem pozdurýañ häzir sen maña :))
    Jogap
  • Belki Belki off № 8 11 сентября 2023 02:51
    Balary, artýandygy bolmaly.
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 9 11 сентября 2023 03:09
    фильм основанный на реальных событиях . Гарягдын ягты ядыгарлигине ))
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 10 11 сентября 2023 07:54
    Belki,
    Ýok gaýta şeýle hekaýalar arkaly adamlarda nädogry zatlara ýigrenç döredip bilmegem ýazyjynyň üstünligi hasaplaýan. Nämeň dogry nämäň ýalňyşdygyny ýaşap öwrenere wagt ýok okap öwrenmek gerek. Şonuň üçin ýazmakda dowam ediň. Osanam ýene nir zat siz internetden özüňize amatly bolan zametka ýükläp almaly ekeniňiz. Islendikçe ýazar ýaly..
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 12 11 сентября 2023 08:11
    https://m.apkpure.com/ru/google-keep-notes-and-lists/com.google.android.keep/download

    20 mb zametka

    https://www.apkmirror.com/apk/bundled-notes/bundled-notes-notes-lists-to-do-reminders/bundled-notes-notes-lists-to-do-reminders-2-1-5-001-release/bundled-notes-lists-to-do-2-1-5-001-android-apk-download/download/?key=a07fe16204ee1c7bc2af8caf96332c0cbb0cb900&forcebaseapk=true

    7mb zametka
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 13 11 сентября 2023 08:48
    Saýda ýazmaga amatlyrak bolan zametka ýüklejek boldum welin teý alajyny tapmadym..
    Jogap
  • Belki Belki off № 14 11 сентября 2023 09:37
    Donmaks, nämä gülýäniñi maña-da aýtsañ. Bileje gülsek.
    Jogap
  • Khanture Khanture off № 15 11 сентября 2023 10:33
    Belki,
    Real wakalara esaslanan film, Garýagdy pahyrjanyň ýagty ýadygärligne bagyşlanan diýýä
    Jogap
  • Belki Belki off № 16 11 сентября 2023 11:24
    Khanture, oña özi ýazanda-da düşündim. Ýöne şoñ nämesiniñ gülkünçdigine çynym bilen düşünmedim.
    Jogap
  • Balary Balary off № 17 11 сентября 2023 11:26
    yzyny haçan goyjak?!(menem shinda geljek barik) :)
    Jogap
  • backsp backsp off № 18 11 сентября 2023 11:35
    mrakos, barde apkpure-de apkmirror-am acylmayar, yone apkcombo ishleyar
    Jogap
  • Belki Belki off № 19 11 сентября 2023 12:43
    Balary, şu gün agşam ýa-da ertir.
    Jogap
  • Senem Senem off № 20 11 сентября 2023 16:55
    "Sen maña ýalandanam bolsa "Söýýän" diýen bolsadyñ, ol ýalany dünýäniñ hiç bir hakykatyna çalyşmazdym" galanyny okamadym diňe şuny okadym gaty gowy söz eken
    Jogap
  • Yonekey Yonekey off № 21 11 сентября 2023 20:58
    Gowy hekaýa. Ýöne sölemleriň käbir ýerlerinde gurluş taýdan kemçilikler büdredýär. Meselem

    "Merdan. Şonda bildim adyny. Ilkinji gezek şonda aýdyp gördüm adyny içimden."

    "Merdan. Men onuň adyny şonda bildim. Şonda onuň adyny ilkinji gezek içimden aýtdym."
    Şeýleräk bolsa gowy ýaly.
    Aýplaşmaň öz pikirimi aýtdym diňe?
    Jogap
  • Belki Belki off № 22 11 сентября 2023 21:32
    Yonekey, şahyranalyk goşmak üçin edyan kiçijek oýunlarymdan biri bu :)). Edil goşgularda habaryñ eýeden öñ gelşi kimin.
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler