"Sena baryp ýatan " diýdiler,
Beýge uzadanda ol depesini.
"Bolşuňdan utanda hamsyk" diýdiler,
Ýöne ýigit çykarmady sesini.

"Seniň barýan ýoluň tersem" diýdiler,
"Saklanda birazrak dürsen" diýdiler,
"Seniňki tur, getir kersen... " diýdiler,
Ýöne ýigit çykarmady sesini.

Garaz oňa hemme zady diýdiler,
"Pişigiňki ýaly bady" diýdiler,
"Onuň ýitişipdir ýady" diýdiler,
Ýöne ýigit çykarmady sesini.

Bir gün bolsa üstünlüge ýetipdi,
Göripleriň oňa gözi gidipdi,
Olar oňa ýaranjaňlk edipdi,
Ýene ýigit çykarmady sesini...

Dilewar bolmagy söýýärin juda,
Bir sözde öçürseň köpleň sesini.
Ýöne hasam gowy ýaly bolup dur,
Köp ýerlerde çykarmasaň sesiňi.

ÝUSUP MEREDOW

File engine/modules/thanks.php not found.

Edebiýat, Yonekey tarapyndan 12-09-2023, 11:05

  • Sabyrly Sabyrly off № 1 12 сентября 2023 11:26
    berekella haladym üstünlik
    Jogap
  • mrokas mrokas off № 2 12 сентября 2023 19:51
    Goşgynyň pikir ýöretmesi täsin..
    Jogap
  • Sahedowa Sahedowa off № 3 11 октября 2023 20:55
    sps gou bolupdyr oziniz yazdynizmy
    Jogap
  • Yonekey Yonekey off № 4 18 октября 2023 12:15
    Sahedowa,hawa
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler