"MEN DÜNÝÄ BARABAR"
(Serhoşyň dilinden)

Ynha bu günem serhoş men,
Däli dünýäden bihabar.
Ol meniň nämämemiş,
Meň özüm dünýä barabar.

Başymam aýlanyp dur,
Pelegiň çarhy mysaly.
Kellämde müň harasat bar,
Hem şatlykly, hem gussaly.

Bu gün meniň topugma däl,
Deňizler, okeanlar, gomlar.
Meň ýanymda ýeke köpük,
Manatmy, ýewromy, dollar.

Bu gün meniň bar aladam,
Öz lezzetim, öz peýanym.
Kär etmez al-dogalaram,
Jyn arwah bermez zyýanam.

Gidip barýan bir ugura,
Ýörän ýolum saýgaramok.
Çöwjäsi gelýär güjükleň,
Men olara maý beremok.

Aýaklarym hereketde
Bilmän ýollaň kötelini.
Eltip barýar ýada salyp,
Şol ýollardan ötenimi.

Serhoş men, juda serhoş men,
Tutuş dünýäden bihabar,
Hiç zat meniň topugma däl,
Meň özüm dünýä barabar.

13.09.2023ý
ÝUSUP MEREDOW

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Yonekey tarapyndan 16-09-2023, 09:56

  • Sabyrly Sabyrly off № 1 16 сентября 2023 10:03
    gowy goşgy başda okap "ol meniň nämämemiş" diýen ýeine düşünmändim 1-2 gezek okap soň düşündim üstünlik
    Jogap
  • Yonekey Yonekey off № 2 16 сентября 2023 10:05
    Sabyrly
    gowy goşgy başda okap "ol meniň nämämemiş" diýen ýeine düşünmändim 1-2 gezek okap soň düşündim üstünlik

    Bolýa minnetdar
    Jogap
  • Genial Genial off № 3 16 сентября 2023 11:49
    Goşgy orän gowy
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler