(Kuranda sünnet emriniň ýoklugyna garamazdan rowaýatlar we hadyslar Hz. Ybraýymyň keser bilen özüni sünnetländigi hakynda aýdylanlar musulmanlar tarapyndan kabul edilendir)
Hristiýanlarda bolsa Isanyň sünneti hakynda Injilde aýdylmadygam bolsa uzyn teswirlemelerden soň sünnetiň gereksizdigini düşündirýär. Esasy zadyň içiňdäki imandygy aýdylýar:
1. Luka; 2.bölüm 21- Sekizinji gün çagasyny sünnet etdiriljek bolanda oňa Isa ady berildi. Bu onuň ene ýatgysyna düşmezden öň melegiň dakmaly diýip tabşyran adydy.
‌Rimliler 2;25-Keramatly kanuny ýerine ýetirseň, üwty gbgbbynybnnbrrt bardyr. Ýöne Kanuna garşy gelseň, sünnetli bolmagyň hiç hili manysy bolmaz.
3.26-Bu sebäpden, sünnetsizler Kanunyň buýruklaryna uýsalar sünnetli bolmazlarmy.
4.27.Sen Keramatly ýazgylara eýe bolup hem sünnetli bolup, Kanuny çeýnäp geçseň, bedeni bilen sünnetli bolmadyk emma Kanuna uýan kişi seni höküme çekmezmi?
5. 28-Çünki ne daşky ýahudy bolan hakyky Ýahudydyr, ne-de görnüşine, beden taýdan bolan sünnet hakyky sünnetdir.
6. 29-Diňe içden ýahudy bolan Ýahudydyr. Sünnete ýürekden berilendir; ýazylgy kanunyň däl-de, Ruhuň işdir. Işden ýahudy bolan kişi, ynsnalaryň däl-de Taňrynyň öwgüsine mynasyp bolar.
Rimliler 3;3-Şeýle bolsa Ýahudynyň ne üstünligi bar? Sünnetiň muňa peýdasy näme?
8.4-Çünki sünnetlileri olaryň imany sebäpli, sünnetsizleri hem şol iman bilen aklajak Taňry ýeketäkdir.
Rimliler 4;9-Bu bagtlylyk diňe sünnetliler üçinmi ýa-da şol bir wagtyň özünde sünnetsizler üçinmidir? Men aýdýan-a Ybraýym imany bilen aklanyldy.
10. 10-Nähili ýagdaýda aklandy? Sünnet bolanyndan soňmy ýa sünnetsiz wagtymy? Sünnetli wagty däl-de sünnetsizkä.
11- Ybraýym heniz sünnetsizkä iman bilen aklanandygynyň nyşany hökmünde sünnet yşaratyny aldy. Sünnetsiz bolsalaram iman edenleriň hemmesiniň atasy bolsun, şeýdip olaram aklanan hasap ediler.
12-Şeýdip atamyz Ybraýym imanly hem sünnetlileriň hem atasy boldy.
Korintliler; 7 bölüm 19-Sünnetli bolmak esasy zat däl. Esasy zat Taňrynyň buýruklaryny berjaý etmekdir.
Galatiýalylar 5; 2 - Serediň men Pawlus, size şulary aýdýaryn: sünnet etdirseňiz Mesihiň size hiç peýdasy bolmaz.
Mesih Isa 6-da ne sünnetliligiň ne-de sünnetsizligiň peýdasy bar; peýdaly bolan söýgi bilen täsirini görkezen imandyr.
15- Sünnetli bolup-bolmazlygyň gerek ýeri ýokdur, esasy zat täze dünýä gelmekdir. Filippinler3; 2 - Erbetlik eden ol adamlardan ol itlerden seresap boluň; ol sünnetbazlardan seresap boluň!''
(Z.S.-Meniň pikirimçe şunça delil ýeterlik bolsa gerek. Injiliň, asly bize öwredilen urp-adatlara garşy çykyşy diňe Ýahudylaryň dini bolmagynyň öňüni aldy we beýleki ulus-iller hem bu dine geçdiler.
Ýöne bu dini döreden Anunnakilermidi? Enkiniň başda döreden bu sünnet aýratynlygy has soňra Anunnakiler tarapyndan ujypsyz zada öwrüldimi? Ýa-da ýönekeý strategik sebäpler bilen Hristiýanlykda Isadan soň şeýle ýagdaýa geldimi?)

ÝARYM ÝERLI BÄBEJIGI NINMAN EMDIRÝÄR, ADYNA ADAMU DIÝILÝÄR

Täze dogulan çaga aglamaga başlady; Ninmah oňa mämmesini berdi, emdirmäge başlady. Begenip ''Ýalňyşsyz zatsyz çagany ýaratdyk'' diýýärdi Ningişzidda. Enki gyz jigsine: ''Ninmah bu barlyk däldir, siz edil eneli-ogul ýaly. Oňa bir at berermiň?'' diýip sorady. Ninmah täze dogulan çaganyň goýy-gyrmyzy reňkli teninden ogşady-da :''ADAMU'' diýjek oňa'' diýdi. Ýeriň topragyndan diýen ýaly manyda, ady şeýle tutular.
Täze dogan Adamu üçin bir ýer taýyn etdiler. Ýaşaýyş öýüniň bir ugrunda goýdular ony. Ilkinji işçi üçin bir keşpi ýaradyp başardyk'' diýdi Enki.
Ningişzidda ululara ''Indi işçiler topary gerek'' diýdi.
''Ol hakykatdanam owadan keşpli. Ony güýçli işlerden gorarys. Diňe onuň özi bolar biziň galybymyz'' diýdi Enki. Onuň bu aýdanlaryna Ninmah begendi.

File engine/modules/thanks.php not found.

Bilim, Jekwarabey tarapyndan 16-09-2023, 11:45

  • Yonekey Yonekey off № 1 16 сентября 2023 23:53
    Dowamyny haçan goýýaňyz?
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 2 17 сентября 2023 22:40
    Yonekey
    Dowamyny haçan goýýaňyz?


    Nesip bolsa goýjak, işlerim köp bolany üçin ýetişip bilemok....
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler