(dowamy bar)
Adamuny we Tiamaty Eriduwa, ýagny Enkiniň Edindäki şäherine äkidildi. Olar üçin mekan gurulypdy mesgen hökmünde (ýagny Jennet), ol ýerde gezip aýlanyp bilýärdiler. Edindäki Anunnakiler gonuş ýerdäkiler olary görmäge geldiler.
Enlil hem olary görmäge geldi; olary görüp bir az bolsa-da ýüzi açyldy. Ninurta bilen Ninlil hem olary görmäge gelipdiler. Lahmudaky Enkiniň ogly Marduk hem olary görmäge gelipdi. Haýran galaýmaly. Haýran galanyňa degýärdi, ajaýypdy.
(Töwratda Ýahudylaryň bu günde ýaşan ýeriň gündogar tarapyndaky Edin şol bir şekilde suratlandyrylýar. Ol ýerdäki miwelik bag-bakjalygy-da şol ýeri görkezýär. Elbetde Din kitaby bolan Töwrady ýazanlar jynsy gatnaşyklary gizlin tutmak üçin iýeniňde hemme zady bildiýrän bagyna, ölümsizligi Ýaşaýyş bagyna, hromosoma çyrmaşygyny ýylana we soňra şeýtana ýanapdyrlar. Z.S)
1. Ýaradylyş -2;8- Reb Taňry gündogarda (Açykdan-açyk jenneti Ýerde gurýar. Ýagny Ysraýylyň gündogarynda, ýagny Mesopotamiýada!!), Adende (Ediň) bir bakjalyk dikdi. Ýaradan Adamsyny ol ýerde goýdy.
9. Bakjada Adamy şol ýere ýerleşdirdi. Bakjada ýagşy miwe beren her dürli owadan baglar ösüp durdy. Bakjanyň ortasynda ýaşaýyş bagy bilen ýagşyny erbedi saýgarýan miweli bag bardy.
10. Adenden bir derýa bardy, bag-bakjany suwlap ol ýerde dört gola aýrylýardy.
11. -Birinji derýanyň ady Pişondyr. Altyn damarlary bolan Hawilanyň çäklerinden akyp geçýär.
12. Ol ýerde altyn, reçine we oniks bar.
13. -Ikinji derýanyň ady Gihondyr, Kuşuň töwereginden akyp geçýär.
14. Üçünji derýanyň ady Tigrdyr. Assiriýanyň gündogaryndan akyp geçýär. Dördünji derýa bolsa Ýewfratdyr (Görnüşi ýaly bu günki gün ikisi guran 4 derýadan Tigr we Ýewfratyň ady agzalýar. Bu hem bize şol geografiki giňişligi yşaratlandyrýar.)
15. Reb Taňry, Aden bakjasyna seredip, ol ýerde işlemek üçin Adamy şol ýere goýdy.
16. Oňa, ''Bakjada islän bagyň miwesinden iýiber'' diýip aýtdy.
17. ''Ýöne, ýagşyny erbedi seljeriş agajyndan iýmek. Çünki ondan iýen günüň ölersiň''.
(Görnüşi ýaly Töwratda Taňry Adamy jennete dälde, içinde işlemek üçin bakjada ýerleşdirýär. Jennetiýet ylahy mekan hökmünde adamlar tarapyndan dine syr goşmak maksady bilen gelip ýetipdir. Aýratynam Töwratda Taňry sözünde durmadyk sözleriniň birini agzalýar. Eger ol agaçdan miwe iýseň ölersiň, diýmegine garamazdan Adam we How ene dagylary öldürmeýär.)
''Muny eliňiz bilen etdiňiz'' diýýärdi Anunnakiler. Ýer we Lahmu arasynda uçup edýän Igigiler hem begendiler. ''Ilkinji işçiler peýda edildi; muşakgatly günler tamamlandy'' - diýýärdiler. Abzuda ulalyp-ýetişýärdi täze dogulanlar. Anunnaki olaryň ulalyp ýetişmegine garaşýardylar. Enki barlaýardy; Ninmah we Ningişzidda hem onuň ýanyna bardylar.
ABZUDAKY ÝEDI ZENAN GYSYR BOLUP ÇYKÝAR
Anunnakiler gazuw geçirilýän ýerlerinde igenişýärdiler, sabryň ýerini sabyrsyzlyk doldurdy.
Enki ýygy-ýygydan ussalaryň başlygy Enubiden hasabat soraýardy; ol bolsa işçiler üçin atylýan halas etmek ýaly kömege mätäçleri gözleýärdi. Ýeriň aýlawynyň tizligi ulaldy, Ýerliler ulaldy. Zenanlaryň arasynda göwreli ýokdy, hiç hili çaga dogurýan ýokdy. Agaçlaryň arasyndaky kpaasalaryň ýany başyna çemenlerden bir goltuk edip ýygnapdyr Ningişzidda. Gije-gündiz Ýerlileri synlap durýardy, näme edýändiklerini bilýärdi. Agaçlaryň arasyndaky kapasalaryň ýanynda olary jübütleşýän wagtlary görüpdi, erkekler zenanlary döllendirýärdi.
Göwreli galany ýokdy, çaga dogurýan hem ýok.Enki çuňňur oýa batdy, bir döwürler garyşdyryp-birleşdiren janlylaryny ýatlap oturdy. Hiç birisi hem önmändi. Iki dürlini birleşdirenim, bir nälet ýaradypdyr'' diýdi Enki beýlekilere...
GYSYRLYGYŇ SEBÄBI GÖZLENÝÄR
''Adamunyň we Ti-Amatyň öz suwuklyklaryny täzeden garyşdyralyň'' diýdi Ningişzidda. Olaryň MElerini ownuk-ownuk edip derňewden geçirdi, nämäniň ýalňyşdygy şonda bilinmelidi. Şurubakda şypa öýünde Adamunyň we Tiamadyň suwuklyklarynyň üstünde düýpli pikir alyşyldy.
Anunnaki erkekleriniň we aýallarynyň janly suwuklyklary bilen deňeldi. Ningişzidda janly suwuklyklary biri-birine çyrmaşan iki ýylan ýaly aýyrýar!!!( Biri-birine dolanan hromosomalar zynjyryny, biri-birine çyrmaşan ýylanlar şeklinde düşündirip bolar.)
Janly suwuklyklary Janly agajynyň üstünde ýigrimi-iki şaha ýaly düzülipdi. (Adamyň genleriniň her birinde 22 hromosoma bar. Ol genlerdäki x we y hromosomalary goşsaň jemi 46 hromosoma bolýar. Erkekleriň xy, aýallaryň xx jynsy hromosomalarynyň bolmandygy aýdyljak bolunýar.)
ZENANLARDAN WE ERKEKLERDE KÖPELIŞ GENINIŇ ÝOKDUGY BELLI BOLÝAR
Bu parçalary garyşdyryp bolýar; keşbi we meňzeşligi biri-birine gabat gelýärdi. Ýigrimi iki bölekdi; köpelme ukyby ýokdy. Ningişzidda, Anunnakileriň suwuklygyndaky iki bölegi beýlekilere görkezdi (x we y geni) Bir erkek, bir urkaçy, bular ýeterlik däl bolandygy üçin köpelenoklar. Bu ýagdaýy şeýle düşündirdi. Adamu we Tiamadyň suwuklygynda bu ýokdy.
Ninmah muny eşidip gynandy. Enki ör-gökden geldi. ''Abzuda topalaň turaýmasa, gozgalaň ýene turar'' diýýärdi Enki olara. Altyn çykarma işi durmaz ýaly ilkinji işçileri köpeltmelidiris. Ylymly Ningişzidda bir çözgüt tapmaga synanyşýardy.
Şypa öýünde, ulularyň Enki we Ninmahyň gulaklaryna pyşyrdady. Ninmaha kömek edýän zenan gahrymanlar daşaryk çykdylar.
ANUNNAKI ENKINIŇ WE NINMAHYŇ GAPYRGASYNDAN ÇYKARYLAN JYNSY GENLER ADAMU WE TIAMADYŇ GAPYRGASYNA GEÇIRILÝÄR
Olar çykyp gidensoňlar gapyny gurdular. Üçüsi birlikde iki sany Ýerli galdy. Ningişzidda bu dördüsini uklatdy (Belkäm narhoz kol urup ýatyrýar) Enkiniň gapyrgasyndan janly suwuklygy çykaryp Adamunyň gapyrgasyna ýerleşdirdi!!! Ninmahyň gapyrgasyndan janly suwuklygyny çykaryp Tiamadyň gapyrgasyna ýerleşdirdi.
(Din kitaplarynda; ýaradylyş hekaýasynda Taňry Adamyň gapyrgasyndan How enäni ýaradandygy hakdaky aýatlaryň çeşmesi şondan gelip çykýar.
Şundan soňky Sümer Plita ýazgylaryndaky wakalar din kitaplaryndaky wakalar bilen deň derejede gidýändigine düşünip başlan bolsak gerek. Sümer plita ýazgylary Töwratdan 4000 ýyl öň ýazylypdyr.
ÝARADYLYŞ
2;18- Soň ''Adamyň ýalňyzlygy gowy däl'' diýdi. ''Oňa kömekçi ýaratjak''
19-Reb Taňry ýerdäki haýwanlaryň, gökdäki guşlaryň hemmesini toprakdan ýaradypdy. Olara nähili at berjekdigini Adamda peýda etdi. Adam her birine bir at dakdy, olar şol at bilen atlandyryldy. (Sümer Plita ýazgylary bolsa bularyň tersini aýdýar. Her zadyň adyny Taňry Adama öwredýär. Bu hem ynsany aýratynlaşdyrmak üçin üýtgedilipdir. Sebäbi köne çeşme asylky çeşmedir).
20. Adam bütin öý haýwanlaryna we ýabany haýwanlara, howada uçýan guşlara at dakdy. Ýöne özi üçin, özi ýaly taýyny tapmady.
21-Reb Taňry, Adama uky berdi. Adam ýatyrka, Reb Taňry onuň gapyrga süňklerinden birini alyp ýerini ET BILEN GAPLADY.
22. Adamdan alan gapyrga süňkünden bir zenan ýaradyp ony Adamyň ýanyna eltdi.
23. Adam: ''Ine bu meniň süňklerimden alynan süňk, etimden alynan etdir'' diýdi'', ''Oňa aýal diýilen, çünki ol adamdan alyndy.
24. Bu sebäpden adam ejesinden-kakasyndan aýrylyp aýalyna baglanar, IKISI BIR BEDEN bolar.
25. Adam we ýaly-da ýalaňaçdyr, heniz utanç diýilýän zady bilmeýärdiler.
(dowamy bar)
Zakariýa SEJIN
Terjime: Jeksparrodan
Sümer Plita ýazgylary (dowamy)
Täzelikler,
Jekwarabey
tarapyndan
23-09-2023, 23:41