Hemmämiziń bilşimiz ýaly, Berdi Kerbabaýewiń "Aýgytly ädim" romanyny,
režissyor Alty Garlyýew kino geçiripdi.1965-nji ýylda düşürilen ol kinofilmi entegem tomaşa edilýär.
"Aýgytly ädim" romanyny kino geçiriljek wagtlary uly we çözülmesi kyn bolan meseleler orta çykýar.İń esasy mesele baş rollarda oýnajak adamlary saylamakdy.Artygyň rolunda oynamana Baba Annanow saýlanýar , emma Aýnanyň rolunda oýnajak türkmen gyzyny tapmakda kynçylyk çekýärler. Hiç bir türkmen gyzy ol kinofilma düşmäne razyçylyk bildirmeýär.Ol romanda iki gezek Aýnanyň Artyga bakyp "Ölsem ýeriňki,ölmesem seniňki" diyen sözlerni diymekden,еjesiniň yüzüne seredip"Eje maňa el degirildi" diymegi namys bilyän türkmen gyzlary,bu rolda oýnamak ,ahlak taydan bozuklugyň alamaty diyen pikir bilen Aýnanyň rolunda oýnamakdan yüz öwürýärler.İne şol sebäpden we käbir kiçiräk sebäplerden Aýnanyň rolunda oýnajak türkmen gyzyny tapyp bilmeýärler.Şol sebäplerden,Aýnanyň ş roluny Žanna Smelýanskaýa , ýagny rus asylly gyz ýerine ýetirýär.
Meniň diýjek bolýan zadym,şol döwürdäki türkmen gyzlary bilen şu döwürdäki türkmen gyzlarynyń arasyndaky tapawut nämekä!? türkmen gyzlary üýtgedimikä ,ýa döwür üýtgedimikä!? ýa döwür üýtgetdimikä biz ýaşlary!?
Aýgytly ädim.
Bilim,
PROLIGA
tarapyndan
24-09-2023, 07:10