Seniň penjiräňden dünýä seretdim
Ýüregiňden bolsa seretdi bir gyz
Ýeri, şu ýagyşlar nämä gerekdi?
Ol öňem söýgimi goýupdy ýalňyz.
Seniň gözleriňe dünýä sygýardy,
Diňe men olardan daşda ýalydym.
Ýagyşlaryň gaýtalanýan halaty,
Senli günleň känligine agladym.
Unudylan çaga düýşleri ýaly,
Günler geçdi, ýyldyzlaryn gujaklap,
Dowam etdi ýalňyzlykda ykbaly,
Döwülen hem döwülmedik gurjaklaň.
Menem dowam etdim bireýýäm ölüp,
Seniň durmuşyňdan giden bolsamam,
Şeýle boljak eken başarman söýüp,
Köpçülikden ýalňyzlyga kowsalar.
Bägül Ataýewa
Ýalňyzlyk
Edebiýat,
MILALIKA
tarapyndan
27-09-2023, 14:00