Amerikanyň OpenAI kompaniýasy döredilen ChatGPT emeli aň ulgamynda uly täzelenmäniň goýberilendigini habar berdi. Resmi blogda habar berlişine görä, kompaniýa ChatGPT-ä täze ses we grafiki mümkinçilikleri girizip başlady, bu size ses bilen ýönekeý söhbetdeşlik geçirmäge ýa-da gürleşýän zatlaryňyzy ChatGPT-ä görkezmäge mümkinçilik berer.
Ýönekeýleşdirip aýdylanda, ChatGPT ulanyjylaryň sesli beýan edýän isleglerine “düşünmegi”, olara “daşyndan” jogap bermegi we ulanyjynyň görkezýän suratlaryny tanamagy öwrendi. Çat-bot sesli gepleşik geçirip, ýatmazdan owal hekaýa gürrüň berip biler ýa-da maşgala dawasynda subutnama teklip edip biler, griliň näme üçin işläp başlamaýandygyny ýa-da sowadyjydaky azyklardan näme taýýarlap boljagyna surat boýunça düşünip we düşündirip biler. Ses berişiň 5 görnüşini - 2 sany erkek sesini, 2 sany aýal sesini we bir sany bitarap sesi saýlap bolar.
Täzeligi ornaşdyrmak eýýäm başlandy. Ses aragatnaşygy we şekili tanamak üçin goldaw Plus we Enterprise abunasyny ulanyjylar üçin iki hepdäniň dowamynda kem-kemden elýeterli bolar. “Ses” iOS we Android üçin programmalarda peýda bolar (sazlamalarda işjeňleşdirmegi talap edýär) we şekil tanamak bolsa ähli platformalarda peýda bolar.
ChatGPT indi "Gürläp hem görüp hem eşidip bilýär
Tehnologiýa,
Agashka✓
tarapyndan
28-09-2023, 16:34