Nikadan kanagatlanmagyň derejesini görkezýän test sowalnama
(W.W.Stomin, T.L.Romanowa, G.T.Butenko)
1. Maşgala durmuşynda siziň ýanýoldaşyňyza bolan duýgyňyz nähili derejede
özgerdi?
a) güýçlendi;
b) üýtgemedi;
ç) peseldi;
d) ýitdi.
2. Eger-de geçeni gaýtaryp bilseňiz, şonda siz:
a) öýlenmezdim, asyl durmuşa çykmazdym;
b) düýbünden başga adamy saýlardym;
ç) öz ýanýoldaşyňyza meňzeş adamlary saýlardyňyzmy;
d) ýene ýanýoldaşyňyzyň özüni saýlardyňyzmy?
3. Siziň dostlukly maşgalaňyz bar diýip bolarmy?
a) ýok;
b) hawa diýenden, ýok diýmegim ýakyn;
ç) ýok diýenden, hawa diýmegim ýakyn;
d) hawa.
4. Dostlaryňyzyň baha berşi ýaly, siz mydama ýanýoldaşyňyz bilen
ylalaşýarsyňyzmy?
a) hawa;
b) ýok diýenden hawa diýmegim ýakyn;
ç) hawa diýenden, ýok diýmegim ýakyn;
d) ýok.
5. Siz ýanýoldaşyňyz bilen öz hossarlaryňyz ýa-da onuň ýakynlary bilen nähili
gatnaşyk saklamalydygy barada käte ylalaşýarsyňyzmy?
a) hiç wagt ylalaşmaýarys;
b) örän seýrek ylalaşýarys;
ç) käte-käte ylalaşýarys;
d) hemişe.
6. Siziň araňyzda maşgala çökder we uzak wagtlaýyn täsirini ýetiren dawa-
jenjel boldumy (ýanýoldaşyňyzyň sizi goýup gitmegi ýa-da ş.m.):
a) hiç wagt;
b) 1 gezek;
ç) 2 gezek;
d) 3 gezek we ondan-da köp.
7. Siziň ýanýoldaşyňyzyň maşgaladaky borçlaryny ýerine ýetirmeginden
närazy bolýan wagtlaryňyz bolýarmy?
a) hiç wagt;
b) seýrek;
c) wagtal-wagtal;
d) mydama razy.
8. Siziň maşgala girdejisini, ýagny puly haçan we nämä sarp etmelidigi
barada ylalaşmaýan wagtlaryňyz bolýarmy?
a) hemişe;
b) wagtal-wagtal;
c) seýrek;
d) hiç wagt ylalaşmaýarys.
9. Öýde siz wagtal-wagtal bir-biriňiziň nerwiňize degýärsiňizmi?
a) hiç wagt;
b) seýrek;
ç) wagtal-wagtal;
d) mydama.
10. Siziň işden soň öýňüze dolanasyňyzyň gelmeýän wagty köp bolýarmy?
a) her gün diýen ýaly;
b) wagtal-wagtal;
ç) seýrek;
d) asyl beýle ýagdaý bolmaýar.
11. Siz ýanýoldaşyňyz bilen bilelikde geçirýän wagtyňyzyň möçberini nähili
hasaplaýarsyňyz?
a) örän köp;
b) gereginden köp;
ç) göwnümdäkiden az;
d) örän az.
12. Haçandyr bir wagt aýrylyşmak baradaky pikir oýuňyza gelýärmi?
a) hiç wagt;
b) seýrek;
ç) wagtal-wagtal;
d) mydama.
13. Size özüňizi öýňüzde rahat we ynjalykly duýýarsyňyz diýip bolarmy?
a) ýok;
b) hawa diýenden ýok diýmegim ýakyn;
ç) ýok diýenden hawa diýmegim ýakyn;
d) hawa.
14. Siz ýanýoldaşyňyza wagtal-wagtal mähir-mylakatlylyk görkezýärsiňizmi?
a) hemişe;
b) käte-käte;
ç) seýrek;
d) hiç wagt.
15. Ýanýoldaşyňyz size diňe käte-käte mähir-mylakatlylyk bildirýärmi?
a) hiç wagt;
b) seýrek;
c) käte;
d) hemişe.
16. Siziň ýeke özüňiziň biraz wagtlyk nirädir bir ýerlere gidesiňiz gelýärmi?
a) ýok;
b) seýrek;
ç) käte;
d) hemişe.
17. Siz öz nikaňyza nähili baha berýärsiňiz?
a) şowsuz;
b) şowly diýenden şowsuz diýeniň ýakyn;
c) şowsuz diýenden şowly diýeniň ýakyn;
d) şowly.
Jogap berlende a-0, b-1, ç-2, d-3 bala deňdir. 1, 4, 6, 8, 9, 12, 14-nji
sowallaryň jogaplaryna ball munuň tersine berilýär. Nikadan kanagatlanmagyň
görkezijisi 0-dan 51 bala çenli hasaplanýar.
Nikadan kanagatlanmagyň derejesini görkezýän test sowalnama
Täzelikler,
setdars
tarapyndan
28-09-2023, 23:31