MEN DOLANARYN
Bu durmuşda, gör, nämeler bolmaýar?!
Orta ýolda bolýar eken azaşyp.
…Ýola garap, sen näumyt bolma, ýar —
Men bir gün köp aşyp, bir gün az aşyp,
Dolanaryn!
Gara gyşa galmaryn,
Gelip, doga-dilegleňden güllärin.
…Ynanýaryn seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärin…
Ýolda hoşniýetli, öz oslamadyk,
Gowy adamlarma duşurdy Ykbal.
Goý, bu garyndaşlar hem dostsumaklar
Ötseler-ötsünler bir bäri bakman.
Ýok, göwün edemok!
Eder ýalymy?!
Namys edýän! Ýürek-bagrym dilýärin!
…Ynanýaryn seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärin…
Eşidýän, ezizim, çagyrýanyňy,
Aňýan mensiz aglaýanyň oturyp.
Bagyşla, wagtynda çagalarymy
Bilmedim men bal gününe batyryp…
Belki, hiçden giç ýagşydyr… Ýanyňa —
Umytly ojagma ýetip gelýärin!
...Ynanýaryn seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärin...
Bu durmuşda bolmaýar, gör, nämeler?!
Gelmez öýdüp güman alma göwnüňe.
…Uzak-uzak ýüzüşlerden gämileň
Mährem kenaryna ýene öwrülip
Gelişi dek…
Gaý-tupanda ýan bermän,
Geldim, ýollar söküp ädimme-ädim.
…Ynanýardym seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärdim…
✏Annamuhammet KIRŞEN
Orta ýolda bolýar eken azaşyp.
…Ýola garap, sen näumyt bolma, ýar —
Men bir gün köp aşyp, bir gün az aşyp,
Dolanaryn!
Gara gyşa galmaryn,
Gelip, doga-dilegleňden güllärin.
…Ynanýaryn seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärin…
Ýolda hoşniýetli, öz oslamadyk,
Gowy adamlarma duşurdy Ykbal.
Goý, bu garyndaşlar hem dostsumaklar
Ötseler-ötsünler bir bäri bakman.
Ýok, göwün edemok!
Eder ýalymy?!
Namys edýän! Ýürek-bagrym dilýärin!
…Ynanýaryn seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärin…
Eşidýän, ezizim, çagyrýanyňy,
Aňýan mensiz aglaýanyň oturyp.
Bagyşla, wagtynda çagalarymy
Bilmedim men bal gününe batyryp…
Belki, hiçden giç ýagşydyr… Ýanyňa —
Umytly ojagma ýetip gelýärin!
...Ynanýaryn seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärin...
Bu durmuşda bolmaýar, gör, nämeler?!
Gelmez öýdüp güman alma göwnüňe.
…Uzak-uzak ýüzüşlerden gämileň
Mährem kenaryna ýene öwrülip
Gelişi dek…
Gaý-tupanda ýan bermän,
Geldim, ýollar söküp ädimme-ädim.
…Ynanýardym seniň garaşýanyňa,
Seniň maňa ynanýanyň bilýärdim…
✏Annamuhammet KIRŞEN
[related-news]
[/related-news]
Menem bar Ýetip gelýän 2025-nji ýyl hemmä düşümli, rysgally, saglykly ýyl bolsun!!!
Похожие статьи
{related-news}

Новые статьи
Обсуждают

kone natanysh
в посте
5 комментариев