Alymlar adam organizmini öwrenmekligiň dowamynda ruhyň nämelere ukyplydygy hakynda köp zatlar anyklapdyrlar. Olaryň pikiriçe ruh bedeni başsyz hem belli bir wagta çenli dolandyrmak mümkinçiligine eýe eken. Şu mesele boýunça bir taryhy maglumata seredip geçeliň.
1336 ýylda karol Людвиг Баварский дворянин Диц фон Шаунбург we onuň dört sany dostuny döwlete garşy gozgalaň gurnamakda günäläp ölüm jezasyna höküm edýär. Ählisiniň kellesi kesilmeli edildi. Ähli taýýarlyklar ahyrlansoň däbe görä karol Disdan soňky isleginiň nämedigini soraýar. Dis eger kellesi kesilensoň dört dostunyň ýanyndan ýuwurip geçip bilse olary bagyşlamagyny soraýar. Munuň üçin dört dosty biri-birinden 8 metr aradaşlykda ýerleşdirilmelidi. Dis kellesi kesilensoňolaryň deňesinden ýuwurip geçmegi zerurdy. Karol razy boldy.
Диц dört dostuny biri- birinden 8 metr aradaşlykda ýerleşdirip çykdy. Şert boýunça başsyz bedeni haýsysynyň deňesine çenli ýuwurip gelip bilse, şol we yzdakylar azat edilmelidi. Ahyry şol pursat geldi. Dis kellesini çapgy ýassygynyň üstünde goýdy. Jellat onuň kellesini hem aldy. Ana şol wagt taryhy waka bolup geçdi. kellesi ýere togalanyp düşenden göwre ýerinden turdy we hiç hili ýalňyşman dört tussagyň ýanyndan ylgap geçdi. Dördüsiniň ýanyndan ylgap geçmek üçin göwre 32 metr aralyga ýuwurmelidi. Hakykatdanam dworýanyň ruhy bedenine kömek etdi. Ol soňky tussagyň ýanyndan ýuwurip geçdi-de ýere ýykyldy.
Karol beýle boljagyna garaşmandy. Haýran galmakdan ýaňa tasdan aklyndan azaşypdy. Ýöne sözünde durdy. Dört tussagam azat etdi.
*****
Täzelikler,
Гость
tarapyndan
5-10-2023, 01:19