Köp kişi ýaly oturşyñy, eliñi, goluñy ýörite laýyklaman bolşuna görä düşüpsiñ ýaly. Muña garamazdan şeýle ajaýyp! Ýüzüñ Gadymy Gresiýadaky heýkeller mysaly birkemsiz. Päkize gözleriñ üstünde gara gaşlaryñ Garagum mysaly ýaýylyp ýatyr. Gaşlaryñ bilen reñkdeş saçlaryñam gözümden sypmady. Myssa ýylgyrypsyñ. Dendan dişleriñ birkemsiz döredilen eseriñ bir bölegi ýaly. Egniñde ýüregiñ kibi ak eşigiñ bar. Suratyñy eýýäm gör, näçenji gezek synlaýaryn. Her gezegem maña ýaraýar. Her gezegem şo-ol ajaýyp ýylgyryş özüme gönükdirilen ýaly tolgunýaryn. Eý-ho! Beýle-de görmegeýlik bolar oguşýa! Bolup ýörşüme ýakynda jadylaýjy keşbiñ bilen assa-ýuwaş gepleşip başlasam geñleme! Oña aýtjaklaryñy özüme aýtsañ bolmaýamy diýýärmiñ?! Aý, ýok. Özüñe heniz-henizler aýtmaga ejap edýän hakykatlarymy suratyña boýun alyp bilýänligim üçin şol ýoly saýlaýaryn. Has dogrusy, suratyñ meni biygtyýar geplediberýär.
Suratyñy içgin-içgin synlap oturşyma, päkize gözleriñden päk göwnüñe barýan inçe ýoly agtarýaryn. Sözlerimi degişmäge bir mümkinçilik hökmünde kabul edip, aýdýan pikirlerimden ters many çykarýan ýaly görünýän kişiniñ ýüreginiñ çuñluklaryndaky hakykatlaryna aralaşasym gelýär. Göwnüme bolmasa, ol ýerde düýpgöter başga birine duşaýjak ýaly. Mahal-mahal päk göwnüñ berk gulplanan gapyly öýleriniñ penjiresinden çala jyklamaga rugsat berseñem, mundan öte geçmeýärsiñ. Nämeden howatyrlanýarsyñ? Ine, hut şol soragy berýän suratyña. Hakyky seni kimdir biriniñ tapmagyndanmy? Munuñ nämesi ýaman bolup biler diýsene?
Wah, suratyñ şeýle dymma. Janygmalaryma şo-ol zyýat ýylgyrşy bilen garap otyryberýär. Ýöne ynanýaryn. Ol bir gün sowallarymy ýüreginiñ çuñluklaryndan gelýän syrly jogaplary bilen serpaýlar. Şol güne sabyrsyz garaşýaryn.
29.07.2023
Suratyña seredip
Edebiýat,
Belki
tarapyndan
7-10-2023, 12:09