Salam hormatly okyjylar. Bilişimiz ýaly her sürüji-de ýolda ýeňil bolsun, agyr bolsun düzgün bozup görendir. Düzgün bozanyň üçin jerime ýazylýar. Bu zatlary bilýäris. Ýöne, doldurylan protokola üns berýän kişiler azdyr. Bu temada men size başymdan geçen wakany gürrüň bermek isleýärin.
   Sentýabr aýynyň 17si adaty dynç günüdi. Menem maşyny münüp köçä aýlanmana hem-de maşyna benzin guýmak bahanasy bilen çykypdym. Bardym, ýanymdaky barja soňkuja puluma benzin guýdum-da şäherde aýlanyp ýördüm. Birden bir gai saklady, Menem gaidan geçip sakladym. Resminamalary barlady. Hemme zat ýerinde. ,,Sag tarap stop çyraň ýananok, belläýeli" diýdi. Menem ynanmadym. Olam telefonunyň kamerasyny goşup: ,,Bas tormoza wideo düşürýärin" diýdi. Wideo düşürdi, maňa wideony görkezdi. Çyndanam sag tarap stop çyra ýananok. Ýanymda-da pul galmandy. Ýogsa şo ýerde dükandan bir lampa daksamam goýberjek welin, şolam ýok. Bolýa belletdim, gol çekmeli ýerlere gol çekdim we golumy çekip bolandan soň ,,,STOP ÇYRAM ÝANANOK" diýibem ýazdym. Goýberdi. Aradan 1 aýa ýakyn wagt geçdi. Oktýabr aýynyň 10na şäher gaýa jerimäni tölemek üçin  bardym. Barsam, maňa ,,BAŞLYGYŇ ÝANYNA GIR" diýdiler. Sebäbini sorasam: ,,Özüň bilýänsiň" diýdi. Bolýa başlygynyň ýanyna gidrim welin komissiýa toparyna saljak boldular. Menem ýaňky başlygyna: ,,Bir stol çyra üçin komissiýa barmy?" diýdim. Olam protokoly öňümde goýdy. Seretsem, ýaňky protokol men gaýdandan soň ýene doldurylypdyr. Stop çyranyň yzyna ikinji zolakdan aýlanandygym ýazylypdyr. Meniň ýazan ýerime-de yzyna: ,, We ýol belgä boýun bolmadym" diýip ýazylan. Menem dawalaşdym. Etmedik zadym üçin meni ekzamena saljak bolup durlar. Soň başlygy maňa öýlänlik wagty gelmegimi aýtdy. Öýlänligede ýarym sagat galypdy. Bardym ýarym sagatdan soň. Ýaňky maňa: ,,Bolýa etmedik bolsaň ekzamena däl-de, başgarak jerime bilen goýberäýin" diýdi. Aý, eýle-beýle boldy, başgarak ,,Durmak gadagan ýerde durdy" diýip jerimäni öwürdi, töledim, gaýtdym. Bolýa, pul hökümede gitdi onuň zyýany ýok welin, maňa şony ýazan gaişnigi indi görsem, aýtjak-goýjak birki agyz geplerim bar. Tapaýsam boldy.
   Şonda ýaňky başlygy maňa bir zat öwretdi: ,,Düzgün bozmany ýazyp gol çekmeli ýerinde birinji düzgün bozmany ýazyp, soň gol çekseň yzyny dolduryp bilmeýärler" diýdi.
   Indi bilip goýdum şony. Size-de maslahatym, gol çeken zadyňyza doly üns berip, soň gol çekiň! Sizi näçe gyssasalar hem, howlukman okap, doly düşünip soň ylalaşyp gol çekiň.

File engine/modules/thanks.php not found.

Täzelikler, Ereshev tarapyndan 10-10-2023, 13:13

  • danger danger off № 1 10 октября 2023 13:40
    Wreminnide gaiñ familiasy bardyr barmaly ekeniñ yanyna
    Jogap
  • backsp backsp off № 2 10 октября 2023 14:39
    gai-nam bazara owrupdirlerow) isgari wezipesinden peydalanyp galplyk edyar, baslygam "etmedik bolsan goybereyin" diyyar :D indiki sowdada ozuni aldatmazlygam owredip goyberyar:D
    Jogap
  • Ereshev Ereshev off № 3 10 октября 2023 17:46
    danger,
    dawalaşyp, prokurora jan etjek bolanymda Dur, abetde gel diýdi.
    Jogap
  • Ereshev Ereshev off № 4 10 октября 2023 17:48
    backsp,
    Sebäbi men eger işi ulaltsam ikisem işinden bosýarlar. şonuň üçin diňe strafy toledip goýberdi. A tak, ekzamenden başga hem ştraf so baha ekeni
    Jogap
  • Ereshev Ereshev off № 5 10 октября 2023 17:51
    Aý, borla... olaryň jübisine gideninden hökümede gideni gowy boldy. Onsaňam, galmagal göterip, bir adamy çoreginden aýyrmagam birhili boldy.
    Ýöne maňa gyzykly ýeri, şol mana ştrafy köpeldip,eline bir zatlar geçdimikä?!
    Jogap
  • Jekwarabey Jekwarabey off № 6 11 октября 2023 00:04
    Köçäniň itleriniň edäýjek zady şol...
    Jogap
  • DonMaxx DonMaxx off № 7 11 октября 2023 00:54
    4 nji sapar reshatda prawam Hudaya shukur?
    Jogap
Teswir ýazmak üçin Içeri gir

© Islenen.ru - Düzgünler